Page Number :3

Habarlar

EYR-nyň T-ndaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasiniň «Turkmen Travel 2026» sergisine aýlanmagy

EYR-nyň T-ndaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasiniň «Turkmen Travel 2026» sergisine aýlanmagy

Aşgabat dünýä syýahatçylyk pudagynyň hünärmenleri üçin özüne çekiji merkeze öwrüldi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Turkmen Travel 2026» halkara sergisi we forumy geçirilýär. Bu çäre sebitiň baý medeni mirasyny we häzirki zaman mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilen ýylyň esasy wakasydyr. «Turkmen Travel» döwlet pudagynyň, halkara guramalaryň we hususy işewürligiň arasynda gepleşikler üçin ählumumy meýdança hökmünde çykyş edýär. 2026-njy ýylda geçirilýän foruma dünýäniň onlarça ýurdundan 200-den gowrak kompaniýa, şol sanda syýahatçylyk kompaniýalary, myhmanhana eýeleri, awiakompaniýalaryň wekilleri we syýahatçylyk üçin IT-çözgütleri işläp taýýarlaýjylar gatnaşýarlar.

Ymam Hameneýiniň şehitliginiň, serkerdeleriň we Watan şehitleriniň   hem-de Minap şäheriniň çagalarynyň kyrky mynasybetli ýatlama çäresini geçirilmegi

Ymam Hameneýiniň şehitliginiň, serkerdeleriň we Watan şehitleriniň   hem-de Minap şäheriniň çagalarynyň kyrky mynasybetli ýatlama çäresini geçirilmegi

1405-nji ýylyň Färwärdin aýynyň 21-ine (2026-njy ýylyň 10-njy  aprelinde) EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň Mejlisler zalynda Ymam Hameneýiniň şehitliginiň, serkerdeleriň we Watan şehitleriniň, hem-de Minap şäheriniň çagalarynnyň kyrky mynasybetli ýatlama çäresi geçirildi. Bu çärä EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Färýal Legari, onuň orunbasary we harby attaşesi, Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda, EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisiniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Mehmet Ýasa, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Wadim Ýakowlew, Aşgabadyň ýaşululary, Ýeňme jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Gulýa Çörekliýewa Berdiýewna we guramanyň ýolbaşçylary ýarawsyz çagaar bilen bilelikde, Azady syýahatçylyk kärhanasynyň wekili Silap Ataýew, Türkmenistany

Eýran Yslam Ynkylabynyň şehit Ruhy Lideri Ymam Hameneýi

Eýran Yslam Ynkylabynyň şehit Ruhy Lideri Ymam Hameneýi

"Türkmenistan bilen Eýranyň dostlugy we garyndaşlygy hem-de umumy medeniýet, taryh, sungat we miras" atly surat çekmek bäsleşigi. Bäsleşik 2 görnüşde geçiriler: professional we professional däl. I, II we III orna mynasyp bolanlara pul sowgatlary gowşurylar. Suratlar 1405-nji ýylyň ordibeheşt aýynyň 21-ne (2026-njy ýylyň 11-nji maýy) çenli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezine tabşyrylmalydyr.

Tebigat güni mynasybetli Aýatollah Seýed Mojtaba Hameneýiniň ýüzlenmesi

Tebigat güni mynasybetli Aýatollah Seýed Mojtaba Hameneýiniň ýüzlenmesi

Gahryman Eýran halky bu Nowruz baýramyny belent ruh we çuňňur mertebe duýgusy bilen utgaşdyrdy. Yslam Respublikasynyň güni bolan 12-nji färwärdini dabaraly belläp geçenlerinden soň, olar indi Tebigat gününi garşylamaga taýýarlanýarlar. Wagşy we zalym amerikan we sionist duşmanlarynyň ynsanperwerlige sygmaýan jenaýatlarynyň çägi ýok wagtynda, ähli ahlak we edep kadalaryny äsgermezçilik edip, hatda eziz Watanymyzyň tebigy gurşawyna we ekologiýa giňişliklerine zeper ýetirýän pursadynda, Eýranyň ösüşine we ýagty geljegine gönükdirilen islendik tagalla iňňän ähmiýetli we zerur işdir. Şeýle öwgä mynasyp çäreleriň biri-de, ähli şäherleriň we obalaryň ilatynyň degişli edaralar bilen agzybirlikde we utgaşyklykda, Tebigat gününden başlap, baharyň ahyryna çenli, aýratyn-da şu färwärdin (aprel-maý) aýynda miweli agaçlary ekmekleri hem-de olara yzygiderli ideg etmekleri bolup durýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet Merkezine türkmen suratkeşinden sowgat

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet Merkezine türkmen suratkeşinden sowgat

1405 – nji ýylyň 11 – nji farwardininde (2026 – njy ýylyň 31 – nji martynda) Türkmenistanly suratkeş we dizaýner Aşyr Geldiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezine baryp gördi we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi bilen duşuşdy. Bu duşuşykda türkmen hünärmeni Amerikanyň we Ysraýylyň jenaýatçylykly hüjümleri sebäpli şehit bolan Yslam Ynkylabynyň lideriniň 14 aýlyk şehit agtygynyň suratyny Medeniýet merkezine sowgat berdi. Suraty Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasä gowşuranda, suratkeş bu gynançly habary alanda özüniň we tutuş maşgalasynyň gynanandygyny aýtdy. Şeýle hem, özüniň we maşgalasynyň adyndan Eýranyň ähli halkyna hem-de Minab mekdebinde şehit bolan okuwçylaryň ähli maşgalalaryna gynanç bildirdi we Eýranyň bu uruşda hökman ýeňjekdigine ynanýandygyny belledi.

“Mugallymlar güni” mynasybetli diwar gazeti ýasamak boýunça ýaryş

“Mugallymlar güni” mynasybetli diwar gazeti ýasamak boýunça ýaryş

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi pars dili öwrenijileriniň arasynda “Mugallymlar güni” mynasybetli diwar gazetini ýasamak bäsleşigini yglan edýär. Diwar gazetini Medeniýet merkeziniň okuw bölümine 1405-nji ýylyň Ordibeheşt aýynyň 5-ne (2026-njy ýylyň 25-nji apreline) çenli tabşyrmaly. Diwar gazeti dine surat çekmek däl-de, goşgy ýazmak, suratlary ýelmäp bezemek ýaly işleri hem öz içine alýar.

“Gyzlar güni” mynasybetli diwar gazeti ýasamak boýunça ýaryş

“Gyzlar güni” mynasybetli diwar gazeti ýasamak boýunça ýaryş

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi pars dili öwrenijileriniň arasynda “Gyzlar güni” mynasybetli diwar gazetini ýasamak bäsleşigini yglan edýär. Diwar gazetini Medeniýet merkeziniň okuw bölümine 1405-nji ýylyň Färwardin aýynyň 26-na (2026-njy ýylyň 15-nji apreline) çenli tabşyrmaly. Diwar gazeti dine surat çekmek däl-de, goşgy ýazmak, suratlary ýelmäp bezemek ýaly işleri hem öz içine alýar.

Oraza baýamyňyz gutly bolsun! Yslam Ynkylabynyň Beýik Ruhy Liderini ýatlamak bilen, Oraza baýramyňyz gutly bolsun.

Oraza baýamyňyz gutly bolsun! Yslam Ynkylabynyň Beýik Ruhy Liderini ýatlamak bilen, Oraza baýramyňyz gutly bolsun.

Oraza baýamyňyz gutly bolsun! Yslam Ynkylabynyň Beýik Ruhy Liderini ýatlamak bilen, Oraza baýramyňyz gutly bolsun.

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun