Page Number :9

Habarlar

Eýranly mugallymlaryň gatnaşmagynda miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungaty boýunça ussatlyk sapaklarynyň ýapylyş çäresi

Eýranly mugallymlaryň gatnaşmagynda miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungaty boýunça ussatlyk sapaklarynyň ýapylyş çäresi

2025-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlary boýunça ussatlyk sapaklarynyň ýapalyş dabarasy geçirildi. Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň rektory Ahatmyrat Nowwaýew, Eýran Yslam Respublikasyndan gelen sungat ussatlary Näjmeh Hosseinian we Seýedehsähär Haşemi, ýokary okuw jaýynyň mugallymlary we talyplary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Behmän Nuri pars dili öwrenijileri bilen duşuşdy

Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Behmän Nuri pars dili öwrenijileri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Behmän Nuri Türkmenistana bolan saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň şol ýurtdaky Medeniýet merkezinde pars dilini öwretmekdäki alynylyp barylýan işler bilen tanyş boldy.  

Medeniýet merkezinde ussatlyk sapaklary

Medeniýet merkezinde ussatlyk sapaklary

2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 4-ne Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde pars dili öwrenijileriniň we sungat söýüjileriň gatnaşmagynda miniatýura we altyn çaýyp bezemek boýunça ussatlyk sapaklary başlady.

Bütindünýä çaresi - MENIŇ PARS DILI KITABYM

Bütindünýä çaresi - MENIŇ PARS DILI KITABYM

Bütindünýä çaresi MENIŇ PARS DILI KITABYM Eýranda geçirilýän “Kitap we kitap okamak hepdeligi” mynasybetli “Saady”gaznasy bütin dünýädäki pars dili öwrenijlerini “Meniň pars dili kitabym” çäresine gatnaşmaga çagyrýar. Gatnaşmagyň şerti:

Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlarynyň ussatlyk sapaklarynyň açylyş dabarasy

Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlarynyň ussatlyk sapaklarynyň açylyş dabarasy

2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlarynyň ussatlyk sapaklarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory Annamuhammedow Rüstem Dolyýewiç, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, miniatýura sungaty boýunça hünärmen hanym Haşemi Seýedehsähär we altyn çaýyp bezemek sungaty boýunça hünärmen hanym Näjmeh Hosseýniýan çykyş etdiler.

Eýran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky ilçisi Türkmenistanyñ Medeniýet ministri bilen duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky täze Medeniýet meseleleri boýunça geñeşçisi Abdolreza Abbasini tanyşdyrdy

Eýran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky ilçisi Türkmenistanyñ Medeniýet ministri bilen duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky täze Medeniýet meseleleri boýunça geñeşçisi Abdolreza Abbasini tanyşdyrdy

2025-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehani we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasi Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen duşuşdylar.

Aşgabat şäherinde Abaý Kunanbaýewyň 180 ýyllygy hem-de Gazagystan Respublikasynyň güni mynasybetli Gazagystanyň Dina Nurpeýisowa atly orkestriniň konserti geçirildi

Aşgabat şäherinde Abaý Kunanbaýewyň 180 ýyllygy hem-de Gazagystan Respublikasynyň güni mynasybetli Gazagystanyň Dina Nurpeýisowa atly orkestriniň konserti geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň güni we gazak filosofy, akyldary we şahyry Abaý Kunanbaýewiň 180 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Dina Nurpeýisowa adyndaky Akademiki gazak halk saz gurallary orkestriniň konserti geçirildi. Konserte Gazagystan Respublikasynyň ilçisi, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň meşhur suratkeşleri, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik edaralarynyň işgärleri, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi we medeniýet we sungat muşdaklarynyň uly topary gatnaşdylar. Bu konsertde Abaýyň mirasy bilen baglanyşykly dürli we owadan eserler, şeýle hem nusgawy we häzirki zaman gazak kompozitorlarynyň meşhur eserleri 70 sazanda tarapyndan sazlaşykly ýerine ýetirildi we belli sazandalaryň ýekelikde çykyşlary boldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasyna baryp gördi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasyna baryp gördi

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkmenistanyň «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasyna baryp gördi. Bu jemgyýetiň müdiri Gulýa Çorçkliýewa Berdýýewa, Eýranyň medeniýet geňeşçisine hoşallyk bildirip, hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Bu gurama 2012-nji ýylda hasaba alynyp döredilen we ýarym-döwlet häsiýetli jemgyýet bolup, maýyplara kömek etmek, bejergi çärelerini we Türkmenistanda ýa-da daşary ýurtlarda operasiýalary geçirmeklik üçin hemaýat etmek işleri bilen meşgullanýar. Ýeňme jemgyýetiniň taslamalarynyň hatarynda bolsa garrylar öýlerine zyýarat, ýeke ýaşaýan ýaşulylaryň öýlerine baryp, olara ýardam bermek ýaly işlere gatnaşmak bar. Bu saparlary esasan meýletinçiler amala aşyrýar. Meýletinçileriň aglaba bölegi mugallym we okuwçy ýaşlar bolup durýar.

Eli süýji gyz - Eýran filminiñ mugt görkezilişi

Eli süýji gyz - Eýran filminiñ mugt görkezilişi

18-njy oktýabrda sagat 11:00-da Eýran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky ilçihanasynyñ Medeniýet Merkezinde "Eli süýji gyz" atly filminiñ türkmen dilinde görkezilişi bolar. Bu film komediýa bolup, iki ýaş juwanyň toý etmek islegi ýöne, olaryň ene - atalarynyň garşy çykyp we iň soňunda gyzyň ejesi bilen oglanyň kakasynyň hem biri – birine söz aýdyşy barada.