Habarlar
Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 34-ýyllygy bilen gutlaýarys Поздравляем с 34 летием Независимости Туркменистана
Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 34-ýyllygy bilen gutlaýarys Поздравляем с 34 летием Независимости Туркменистана
Türkmenistan eziz Watan Garaşsyz atly baýramçylyk sergisi açyldy
2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Suratkeşler Birleleşiginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň galereýasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan – eziz Watan Garaşsyz» atly sergi açyldy.
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň pars diliniň tomusky möwsüminiň soňky synagy geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda, ýurdumyzyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezinde pars diliniň tomusky möwsüminiň soňky synagy geçirildi. Irden agşama çenli dowam eden bu synaglarda pars dili öwrenijiler dürli derejeli, başlangyç, orta, ýokary we ýokary derejeli bäş görnüşli synaglara gatnaşdylar we ýazmaça soraglara jogap berdiler. Synag tabşyrmak, pars dili öwrenijilerň has ýokary derejelere kabul edilmeginiň şertidir. Ähli kurslar üçin orta möhletli ýazmaça we dilden synaglar awgust aýynda geçirildi.
Yslam pygamberiniň -s- doglan gününe we Ymam Sadeg Jafare -a- bagyşlanan çäre
13-nji sentýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi Muhammet (s) we Ymam Sadeg Jafar (a) doglan gününe bagyşlap, ady agzalan merkeziň mejlisler zalynda dabaraly çäre geçirdi. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň ýaşaýjylary, Eýranlylar, pars dili öwrenijiler we olaryň ene – atalary, Türkmenistanda işleýän eýranly täjirler we olaryň maşgalalary gatnaşdy. Baýramçylyk çäresiniň meýilnamasy aşakylardan ybarat: Pars dili öwreniji tarapyndan Gurhan Kerimden aýat okaldy
D Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynda Ferdöwsä bagyşlanan çäre
2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň mejlisler zalynda ady agzalan ýokary okuw jaýynyň şeýle Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň hyzmatdaşlyk etmeginde Abulkasym Ferdöwsä bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Ymam Ryza (a) doglan gününe bagyşlanan çäre Şenbe güni 10/05/2025 Baýramaly şäheri Mary welaýaty Türkmenistan
2025-nji ýylyň 10-nji maýynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde (Mary şäherinden 40 km. uzaklykda) Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Mary welaýatyndaky başkonsullygynyň Türkmenistanyň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmeginde Ymam Ryza (a) doglan gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu dabaraly çärä Sari şäheriniň Juma Ymamy, Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy ýolbaşçysynyň Mazenderan welaýatyndaky wekili Aýatollah Mohammadi we onuň ýanyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Demirgazyk Horasan welaýatynyň matematika olimpiadasyna gatnaşýan okuwçylary Medeniýet merkezine aýlanyp gördüler
Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Demirgazyk Horasan welaýatynyň okuwçylary, 2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Medeniýet merkezine gelip, pars dili sapaklaryna aýlanyp gördüler.
Medeniýet Merkezinde Eýrany tanamaklyk sapaklarynyň ýazky möwsümi başlady
Pars dili öwrenijileriň ýaz möwsüminiň okuwynyň başlamagy bilen “Iranşenasi” eýrany tanamaklyk sapaklary başlandy.
Aşgabatda Remezan baýramy we Gurhan sergisi geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji martynda mukaddes Remezan aýynyň ýigrimi dördünji güni, Remezan baýramy we Sungat aýnasynda Gurhan sergisi, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda geçirildi. Baýramçylyga ýurduň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, Aşgabadyň müftüsi Wepa Hajy, käbir alymlar, ýaşulular, pars dili öwrenijiler, Eýran edaralarynyň işgärleri, Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň we Medeniýet merkeziniň işgärleri gatnaşdylar.