Page Number :7

Habarlar

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Çaryýew bilen duşuşyk geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Çaryýew bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Ilçihananyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi we Ilçihananyň medeniýet bölüminiň hünärmeni Morteza Bageri bilen bilelikde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Çaryýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we onuň Medeniýet merkezi tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen geçirildi.

Yspyhanyň Pupak atly çagalaryň we ýetginjekleriň V Halkara suratkeşlik bäsleşigi

Yspyhanyň Pupak atly çagalaryň we ýetginjekleriň V Halkara suratkeşlik bäsleşigi

Yspyhanyň "Pupak" atly çagalaryň we ýetginjekleriň suratkeşlik bäsleşigi – 2026 Bäsleşigiň taryhy Yspyhanyň "Pupak" atly çagalaryň we ýetginjekleriň suratkeşlik bäsleşigi 2019-njy we 2020-nji ýyllarda Eyranda milli derejede geçirildi. Bäsleşik 2021-nji ýylda halkara derejesinde geçirildi. 2022-2024 ýý. aralygynda bäsleşik "Şäher hünärleri", "Şäherimiň gözel künjekleri", "Şäherimiň hekaýalary" atly temalar bilen geçirildi. "Öý" temasy bilen geçiriljek bäşinji bäsleşige 4-18 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Bäsleşigiň temasy

Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Kakalar güni bellenildi

Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Kakalar güni bellenildi

2026-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Hezret Aly (a) doglan güni we Kakalar güni mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dili öwrenijileri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de Türkmen Portal, Orient, Milli info, Ashgabat Times, Золотой Век Туркменистан, Türkmenistan gazeti, TASS, RIA Nowosti, Zaman Türkmenistan ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.  Hezret Aly (a) doglan güni we Kakalar güni mynasybetli guralan dabarada şu aşaky çykyşlar ýerine ýetirildi:

   Täze ýyl gutlagy

Täze ýyl gutlagy

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi Sizi Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýar. Siziň her biriňize berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we ojaklaryňyzyň bereketli bolmagyny arzuw edýär.

Türkmenistandaky diplomatik  wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna sylag gowşurylyş dabarasy

Türkmenistandaky diplomatik  wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna sylag gowşurylyş dabarasy

2025-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Aşgabat şäherindäki “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary” atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň geçirilýän ýerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

 Makala ýazmak boýunça ýaryş- Meniň gowy görýän kakam, Kakanyň maşgaladaky orny- we Hezreti Aly (a)

Makala ýazmak boýunça ýaryş- Meniň gowy görýän kakam, Kakanyň maşgaladaky orny- we Hezreti Aly (a)

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi pars dili öwrenijileriniň arasynda “Meniň gowy görýän kakam”, “Kakanyň maşgaladaky orny” we “Hezreti Aly (a)” atly pars dilinde makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär. Makala pars dilinde ýazylan bolmaly we 3 sahypadan köp bolmaly däl. Makalalary Medeniýet merkeziniň okuw bölümine 2026-nji ýylyň 2-njy ýanwaryna çenli ugratmaly.

Diwar gazety ýasamak boýunça ýaryş

Diwar gazety ýasamak boýunça ýaryş

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi pars dili öwrenijileriniň arasynda “Kakanyň maşgaladaky orny”, “Käbe - Hudaýyň öýi” we “Hezreti Aly (a)” atly mowzuklar boýunça diwar gazetyny ýasamak bäsleşigini yglan edýär. Diwar gazety diňe surat çekmek dälde, goşgy ýazmak, suratlar ýelmäp bezemek ýaly işleri hem öz içine alýar. Diwar gazetyny Medeniýet merkeziniň okuw bölümine 2026-nji ýylyň 2-njy ýanwaryna çenli ugratmaly.

Aşgabatda Ýälda gijesi baýramçylygy bellendi

Aşgabatda Ýälda gijesi baýramçylygy bellendi

2025-nji ýylyň 19-njy dekbarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Ýälda gijesi baýramçylygy bellendi. Bu dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, “Saderat” bankynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň müdiri Soruş Hasani, Medeniýet merkeziniň mugallymlary we ökde pars dili öwrenijileri we gatnaşdy. Ýälda gijesi baýramçylygynda şu aşaky çykyşlar ýerine ýetirildi

Türkmenistanda Pars dili öwrenijileriň 2025-nji ýylyň (1404 h.ş. ýyly) güýz möwsüminiň synaglary geçirildi

Türkmenistanda Pars dili öwrenijileriň 2025-nji ýylyň (1404 h.ş. ýyly) güýz möwsüminiň synaglary geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda - 1404-nji ýylyň 24-njy Azär aýynda, penşenbe güni ýurdumyzyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde pars dili öwrenijileriň güýz möwsüminiň synaglary geçirildi. Dilden we ýazuw görnüşinde geçirilen synaglarda, pars dili öwrenijiler 5 dereje ýagny başlangyç, orta, ýokary, iň ýokary derejeler boýunça berlen soraglara ýazuw görnüşinde jogap berdiler. Pars diliniň ýokary derejelerine kabul edilmek üçin synagdan üstünlikli geçmek şertdir. Ähli kurslar üçin oktýabr aýynda ýarym okuw synaglary ýazuw we dilden geçirildi.