Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, ilçihananyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi we medeniýet boýunça hünärmen Morteza Bageri Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow bilen şol uniwersitetde bilelikdäki medeni çäreler barada pikir alyşmak üçin duşuşyk geçirdi.
2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, ilçihananyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi we medeniýet boýunça hünärmen Morteza Bageri Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow bilen şol uniwersitetde bilelikdäki medeni çäreler barada pikir alyşmak üçin duşuşyk geçirdi.
Ýokary okuw jaýynyň girişinde pars dili hünärinde okaýan talyplar owadan goşgylar bilen duşuşyga gatnaşýanlary dabaraly garşy aldylar.
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow myhmanlaryň ýokary okuw jaýyna gelendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylandygyny belledi. Hormatly ilçi Sizi "Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna" atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Soňra türkmen tarapyndan duşuşyga gatnaşýan wekiliýet tanyşdyryldy:
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Öwezsähedow Orazgeldi Kakabaýewiç, ylmy işler bölüminiň başlygy Hojagulyýew Myrat Gurbannazarowiç, okuw bölüminiň başlygy Annagylyjow Baýramgeldi Bekmyradowiç gündogar dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Hudaýnazarow Welidat Muhammetnurowiç, aspirantura bölüminiň baş hünärmeni Jemilow Muhammet Ahmedowiç we kätip (ýygnagyň beýanyny ýazmak üçin).
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti Eýran ýaly beýleki daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. 2025-nji ýylda:
- Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň Eýran ýaly beýleki ýurtlaryň uniwersitetleri bilen ýakyn gatnaşyklary we 2025-nji ýyldaky himiýa olimpiadasynda we Uniwersitetiň beýleki bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda Ferdowsi, Bojnurd we Azad uniwersitetlerinden eýranly talyplaryň gatnaşmagy barada gürrüň edildi;
- Uniwersitetiň taryhy, 14 sany fakultetiň we dürli ugurlaryň barlygy, şeýle hem Uniwersitetiň kitaphanasy barada düşündirişler berildi;
- Türkmenistanyň ýaşlarynyň bu okuwa uly gyzyklanmasy we Uniwersitetde pars dili boýunça 6 sany mugallymyň we professoryň barlygy we uniwersitetde pars dili kafedrasynyň 1987-nji ýylda işläp başlandygy bellenildi.
- Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezine Turkmenistanda pars dili mugallymlary we talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň çäginde pars dili mugallymlarynyň gatnaşmagyna hemaýat berendikleri üçin minnetdarlyk bildirildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani şeýle duşuşygyň guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly başlangyjy bilen täze ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylmagy mynasybetli gutlady. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar doganlyk we dostluk häsiýetine eýe bolup, yzygiderli ösdürilýär. Umumy taryhy, dini we medeni gymmatlyklaryň iki halky biri-birine berk baglaýandygy we bu meseläniň iki ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan aýratyn üns merkezinde saklanýandygy bellenildi. Medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, şeýle hem medeniýet, ylym-bilim we ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny we bu ugurda ähli tekliplere açykdygyny beýan etdi. 1992-nji ýyldan bäri Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitet bilen Ferdöwsi uniwersitetiniň arasynda baglaşylan “Özara düşünişmek hakyndaky” ähtnamanyň işjeňleşdirilmeginiň, zerur bolan ýagdaýynda gaýtadan seredilip kämilleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy hem bellenildi. Şeýle hem uniwersitet ýolbaşçylarynyň Eýrana saparynyň we Ferdöwsi hem-de beýleki uniwersitetlere baryp görmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi duşuşygyň guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa eýran we türkmen halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän uly goldawlary üçin hoşallyk bildirdi. Iki ýurduň arasynda bar bolan medeniýet, ylym-bilim we ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklara salgylanyp, şolaryň esasynda gatnaşyklary giňeltmäge doly taýýarlyk bildirilýär.
Ylalaşyklara laýyklykda teklip edilýän bilelikdäki çäreler:
– Uniwersitetde eýranşynaslyk otagyny ýa-da Eýran burçuny döretmek mümkinçiligi;
– Mugallymlar we pars dili hünärinde okaýan talyplar üçin Eýranda ýa-da Türkmenistanda eýranly mugallymlaryň gatnaşmagynda hünär we bilim kämilleşdiriş okuwlaryny we usulyýet maslahatlaryny geçirmek;
– Pars dili bölümleri bilen bilelikde edebi-medeni çäreleri, şygryýet agşamlaryny we edebi duşuşyklary guramak;
– 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki medeni maksatnamalaryň meýilnamasyny taýýarlap, degişli ministrliklere hödürlemek;
– Pars dili we beýleki ugurlar boýunça talyplar hem-de mugallymlar üçin talyp haklary we ylmy mümkinçilikleri gazanmaga ýardam bermek;
– Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiň tejribesini nazara alyp, “Saady” gaznasynyň gatnaşmagynda pars dili boýunça olimpiada guramak;
– Dürli hünärler boýunça mugallym we talyp alyş-çalşygyny ýola goýmak;
– Eýran uniwersitetleri bilen Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň arasynda göni hyzmatdaşlygy guramak;
– Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi bilen Gündogarşynaslyk fakultetiniň arasynda bilelikdäki iş duşuşyklaryny geçirmek;
– Eýran we türkmen uniwersitetleriniň arasynda ylmy maslahatlary we ýöriteleşdirilen duşuşyklary guramak;
– Okuw materiallaryny we okatmagyň häzirki zaman usullaryny kämilleşdirmek üçin bilelikdäki iş toparlaryny döretmek;
Bu ýokary okuw jaýynyň rektory Orazgeldi Öwezsähedow Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçisine we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisine minnetdarlyk bildirip, Eýran bilen bilelikdäki çäreleri amala aşyrmagyň uniwersitet üçin uly hormatdygyny beýan etdi. Pars dili hünäriniň mugallymlary we talyplary üçin ilkinji gezek hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň guralýandygy we bu sebäpden Eýrandan iki sany mugallymyň iberilmegi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirildi. Soňra jenap Ruzbehani we Abbasi uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen bilelikde pars dili mugallymlary we talyplary bilen duşuşyp, olar bilen pikir alyşdylar. Şeýle hem Medeniýet merkezi tarapyndan uniwersitete pars dilindäki dürli temalara degişli kitaplar sowgat berildi.
Filmler.