Kilimiň dokalyşy – Eýranyň medeniýeti we geografiýasy ýaly giň we dürli sungat
Kilimiň dokalyş usuly Eýranyň ähli ýerlerinde diýen ýaly meňzeş bolsa-da, onuň nagyşlary we ulanylyş maksady dürli sebitlerde tapawutlanýar
Kilimiň dokalyş usuly Eýranyň ähli ýerlerinde diýen ýaly meňzeş bolsa-da, onuň nagyşlary we ulanylyş maksady dürli sebitlerde tapawutlanýar
Zergärçilik sungatynyň ussatlary metal göwrümleriniň ýüzüni dürli görnüşli simler (miftullar) arkaly bezeýärler
قفلهایی Eýranda däp bolan usullar bilen taýýarlanylýan gulplar daşyndan seredilende ýönekeý ýaly görünýär, emma olaryň ýasalyşynda örän takyk we syrly tehnikalar ulanylýarبا شیوههای سنتی در ایران تولید میشوند، ظاهرا ساده به نظر میرسند، ولی فنونی دقیق و رمزآلود در ساخت آنها به کار میرود.
Keçe - ýüňden ýasalyp ýere ýazylýan düşegiň bir görnüşidir. Keçe basmakda ýüňüň tebigy häsiýeti ulanylýar, ýagny çyglylygyň we basyşyň täsiri astynda ýüň süýümleri gysylýar we düşek emele gelýär.
Miniatýura - şekillendiriş sungatynda ownuk görnüşdäki eserler. Miniatýura sözüniň köki “minium” sözünden gelip çykýar. Minium - gurşun oksidi, doýgun gyzyl reňki berýän tebigy boýag. Gadymy taryh hakda gürrüň berýän orta asyr golýazma eserlerindäki şekillere “miniatýura” diýilýärdi, şol döwürlerde kitaplar ýyly reňkli ýönekeý şekiller bilen bezelýärdi.
“Minakari” - takmynan bäş müň ýyllyk taryhy bolan we Eýranyň senetçiligine mahsus bolan sungatdyr. Häzirki wagtda bu sungat esasan mis önümlerinde ulanylýar, ýöne altyn we kümüş önümlerde-de ulanylyp bilner.
“Monabbatkari”, ýagny agajyň ýüzüni oýup nagyş salmak sungaty - agaç bilen baglanyşykly iň möhüm sungat görnüşleriniň biridir. Agaç oýulanda, käwagt diňe nagyşlaryň çyzgysy we gyralary oýulýar, käwagt bolsa “mogar” diýilýän ýörite gural bilen güberçekli, ýarym güberçekli we doly güberçekli nagyşlar
Marketri - mozaika sungatydyr. Ýagny, ussat dürli reňkli agaç böleklerini hem-de olar bilen sazlaşýan başga materialdan taýýarlanan bölekleri birleşdirip, gymmatly sungat eserini döredýär. Marketri eseri - agaç we daş ýaly dürli materiallardan ýasalýar, ýöne bu sungatyň iň meşhur görnüşi agaç mozaikasydyr. Bu sungat Yspyhan, Ýazd, Kaşan we Töwriz ýaly şäherlerde has giňden ýaýran.
Zikgeleme sungaty metaldan, esasanam misden, altyndan we bürünçden ýasalan zatlary zikge kakyp nagyşlamakdan ybaratdyr. Başga sözler bilen aýdylanda, metaldan ýasalan zatlara çekiç bilen urup galam bilen çekilen nagyşlary zikgelemek. Beýleki metallara garanyňda has ýumşaklygy sebäpli zikgeleme sungatynda mis has köp ulanylýar. Köpden bäri dowam edip gelýän bu pudakda nagyşlar metaldan ýasalan zatlaryň ýüzüne kakylýar.