Biz hakda
Biz hakda
Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk baradaky ilkinji resminama iki ýurdyň arasyndaky medeniýet, ylym we bilim pudagynda hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň çarçuwasynda 1993-nji ýylyň mart aýynda iki döwletiň mejlisleri tarapyndan tassyklandy.
Eýran Yslam Respublikasy, Türkmenistan bilen medeni hyzmatdaşlyk ugrundaky işine 1992-nji ýylda gol çekilen Ylalaşygyň esasynda, 1993-nji ýylda, başlady. 1993-nji ýylda medeniýet meseleler boýunça geňeşçi iberildi we medeniýet merkezi döredildi. 1997-98-nji ýyllarda gerek bolan rugsatnamalaryň alynmagy bilen, Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet merkeziniň binasy guruldy. 1998-nji ýyldan başlap, oňaýly şertleri bolan bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet merkezi häzire çenli öz işini dowam etdirýär.
Geçen ýyllaryň dowamynda agzalan Ylalaşygyň çarçuwasynda Medeniýet ulgamyndaky alyşmalaryň maksatnamasy ýa-da iki tarapyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama ýaly dürli resminamalara gol çekildi. Medeniýet pudagyndaky iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ylalaşygyna laýyklykda ýakyn wagtda medeniýet ulgamyna degişli soňky resminama, ýagny 2022-2025-nji ýyllar üçin Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda medeniýet alyşmalaryň maksatnamasy atly resminama gol çekilmeli.
Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet merkeziniň Aşgabatda döredileli bäri iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklar yzygiderli ösüp başlady. Iki ýurtda geçirilýän medeni çärelere iki tarap hem işjeň gatnaşýar. Medeni maksatnamanyň çäginde medeniýet hepdeler, döredijilik agşamlary, köp sanly festiwallar geçirilýär. Festiwallaryň arasynda Ymam Reza bagyşlanan festiwaly ýatlap bolar. Mundan başga-da, iki ýurtda ylmy alyşmalara we uniwersitetara gatnaşyklara degişli çäreler geçirilýär. Pars dilini öwretmek hem medeniýet merkezi tarapyndan amala aşyrylýan işleriň biridir.
Connecting the World
Through Iranian Culture
Join us across more than 72 countries worldwide in fostering cultural exchange and expanding cultural connections.
| Wekilçiligiň ady | Telefon belgisi | Elektron poçta | Web sahypasy | Resminamalar |
|---|---|---|---|---|
| Aşgabat | Web sahypasy | --- |