Miniatýura - şekillendiriş sungatynda ownuk görnüşdäki eserler. Miniatýura sözüniň köki “minium” sözünden gelip çykýar. Minium - gurşun oksidi, doýgun gyzyl reňki berýän tebigy boýag. Gadymy taryh hakda gürrüň berýän orta asyr golýazma eserlerindäki şekillere “miniatýura” diýilýärdi, şol döwürlerde kitaplar ýyly reňkli ýönekeý şekiller bilen bezelýärdi.
Eýran miniatýurasy uzak geçmişde, Yslamyň gelmezinden öňki döwürde döräpdir. Emma hijri ýyl hasaby boýunça III asyrda Apbaslylaryň hökümdarlyk eden döwründe eýranyň suratçylyk sungaty durgunlyk döwründen soň gaýtadan dikeldildi. Aslynda, Eýran miniatýurasy - Yslamdan öňki şekillendiriş sungatynyň Yslam mistikasy bilen utgaşmasydyr. Şeýlelik bilen bu sungat ylahy şöhlelenmelere ýol açdy. Apbaslylar döwründe ajaýyp miniatýuralar döredilipdi, ýöne, gynansak-da, bu eserleriň köpüsi ýedinji we sekizinji asyrlarda mongol çozuşlary wagtynda ýok edildi. Ilhanlylar döwründe ýurtdaky ýagdaý birneme asuda bolanda, şol döwürde döwletiň paýtagty bolan Töwrizde ylmyň we sungatyň ösmegi üçin ýörite Reşidi kwartaly döredildi. Bu ýer alymlaryň, sungat ussatlaryň we hatdatlaryň zehininiň ýüze çykmagy üçin örän amatly ýere öwrüldi. Reşidi kwartalynda golýazmalary döretmek we olary ajaýyp suratlar bilen bezemek üçin ussahanalar bardy. Töwriz mekdebi bu döwürde iň ýokary derejesine ýetdi we bu döwürde Ferdöwsiniň “Şanamasy” we Demutyň “Şanamasy” ýaly saýlama eserler döredildi.
Wagtyň geçmegi bilen Eýranyň miniatýurasynda köp üýtgeşmeler bolup geçdi we biri-birinden tapawutlanýan dürli özboluşly mekdepler döredildi: Şyraz mekdebi, Hyrat mekdebi, Töwriz mekdebi, Kazwin we Yspyhan mekdepleri.