Gyzyllama - ýagny dini we taryhy kitaplary, goşgylar diwanlaryny bezemek üçin ulanylýan nepis we ajaýyp sungatdyr. Gyzyllama sungaty - eýran we yslam şekillendiriş sungatynyň bir şahasydyr. Bu gadymy sungat ýüzlerçe ýyl bäri dowam edip gelýär. Gyzyllamany - kitabyň sahypalaryny dürli reňkli, esasanam altyn reňkli, arap we hytaý nagyşlary bilen bezemek sungaty diýip atlandyryp bolar. Aslynda, gyzyllama sungaty diýmek dürli-dürli reňkleri altyn reňk bilen utgaşdyryp güller we geometrik şekillerdäki nagyşlar bilen golýazma kitaplaryň bezegidir.
Gyzyllama ussady öz şekillendirmesinde maddy we ruhy dünýäni, barlygyň içki we daşarky häsiýetlerini görkezmek üçin dürli aňlaýyş nyşanlary ulanýar. Bu mukaddes sungatda dik çyzyklar maddy ýaşaýşyň we älemiň tebigy tarapyny, öwrümli çyzyklar bolsa ruhy ýaşaýşyň we älemiň metafiziki taraplaryny aňladýar. Maddy düşünjeler gönüburçly nagyşlar bilen, ruhy düşünjeler bolsa aýlawly nagyşlar bilen suratlandyrylýar. Aýlawyň ýapyk çyzygy monoteizm ýörelgesini, aýlawyň merkezi bolsa Hudaýyň ýeke-täkligini aňladýar.
Gyzyllama sungatyň iň ýokary derejesini Timuriler we Sefewiler döwrüniň kitaplarynda görüp bolýar. Gyzyllama sungatynyň, şekillendiriş sungaty ýaly ýörite mekdepleri bar. Olaryň arasynda Seljuk, Timur, Sefewi we Gajar mekdepleri has meşhur bolan mekdeplerdir. Umuman aýdylanda, sungatyň bu görnüşini özbaşdak ýa-da miniatýuralar, gülleriň we guşlaryň şekillendirmesi we kalligrafiýa sungaty bilen bilelikde ulanyp bolýar. Mundan başga-da, bu sungat özbaşdak görnüşinde zikge kakma, haşam ýaly sungatlarda ulanylýar.