Jajym dokmasy
Jajym - erşiniň içinden iki gat argaç geçirilip dokalýan ýere ýazylýan düşegiň bir görnüşidir. Jajym reňkli inçe ýüň ýa-da pagta ýüplükden ýa-da ikisiniň garyndysyndan elde dokalýan mata. Jajym dokmasynyň tüýjümegi ýok, şonuň üçin onuň iki tarapyny ýüz tarapy hökmünde ulanyp bolýar. Eýranyň çarwa taýpalary jajym dokmasyny ýorgan hökmünde, ýatylanda üstüňe örtmek üçin we sowukdan goranmak üçin giňden ulandylar. Köne döwürlerde jajym kürsiň örtügi hökmünde hem ulanylypdyr. Şäherlerde we obalarda “çiçkele” jajymy jajymlaryň arasynda iň meşhurydy, onuň nagşy dürli-dürli reňkli zolaklaryň içindäki romblardan ybaratdy. Köne adata görä, biziň döwrümizdäki oba adamlary gyşda we tomusda jajym dokamagy dowam etdirýärler. Olar jaýyň töwereginde ýa-da mümkin boldugyça açyk howada ýörite üç aýakly gurallaryny dikip, jajym dokaýarlar.
Jajym dokmasy Eýranyň oba ýerleriniň köpüsinde dokalýar. Bu jajymlar biri-birinden ýüplükleriň inçeligi we reňkleriniň utgaşmasy hem-de üstünde döredilen nagyşlary bilen tapawutlanýar. Jajym dokamak Eýranyň oba we çarwa maşgalalarynyň arasynda nesilden-nesle dowam edip gelýär. Mazandaran, Gündogar Azerbaýjan, Ardabil, Kermanşah, Kürdüstan, Hamadan, Lorestan we Fars ýaly Eýranyň käbir welaýatlarynda jajym dokmasy giňden ýaýran senetleriň biridir. Adatça jajym kilim hökmünde ulanylýar. Şeýle hem çarwa taýpalarynyň bir ýerden beýleki ýere göçüp barýarka öý goşlaryny gaplamak üçin ulanylýar.
Käwagt jajym ýyly üstki geýim hökmünde ulanylýar. Hatda käbir oba maşgalalarynda-da jajym dokmasy ýaşlara sowgat hökmünde ýa-da gelniň bukjasyna salmak üçin berilýär we köp ýyllap maşgalalarda gymmatly ýadygärlik bolup galýar.
Jajym ýüňden dokalýar, onuň dokalyş usuly kilimiň dokalşyna meňzeýär. Kilimden tapawutlylykda, ol dört tagtada dokalýar we onuň bölekleri dokalandan soň biri-birine birleşdirilip tikilýär. Iň üýtgeşik we özboluşly jajymlar Oraman we Salas Babajani etrabynda ýaşaýan gelin-gyzlar tarapyndan dokalýar. Bu jajymlar ýokary hilli ýüňden dokalyp, owadan nagyşlar bilen bezelendir.
Ady | Jajym dokmasy |
Ýurt | Eýran |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: