Senetçilik

Pöwrize daşyndan nagyş salmak

Pöwrize daşyndan nagyş salmak - amaly-haşam sungat bolup, misden, bürünçden ýa-da kümüşden ýasalan gap-gaçlaryň, şaý-sepleriň we bezegleriň üstünde pöwrize daşyň böleklerinden mozaika görnüşinde nagyş salmakdyr.

Pöwrize daşyndan nagyş salmak - amaly-haşam  sungat  bolup, misden, bürünçden ýa-da kümüşden ýasalan gap-gaçlaryň, şaý-sepleriň we bezegleriň  üstünde pöwrize  daşyň  böleklerinden  mozaika görnüşinde nagyş salmakdyr. Pöwrize daşynyň bölekleriniň arasynda gara lak çalynýar. Nagyş her näçe çylşyrymly we pöwrize bölekleriň arasyndaky aralyk her näçe gysga bolsa, şol önümiň çeperçilik gymmaty şonça-da ýokarydyr. Häzirki wagtda bu sungatyň merkezi Yspyhan.

Pöwrize daşy gant, süýji nygmatlar, miwe, gül  salynýan wazalar, gülab we suw  küýzeler ýaly örän nepis we kaşaň gaplary  bezemek üçin ulanylýar. Şonuň üçin sungatyň bu görnüşi diňe bir bezeg däl, eýsem amaly-haşam  häsiýete eýedir.

Pöwrize daşyndan nagyş salmak sungaty esasan Yspyhanda we çäkli derejede Tähranda ýaýran. Emma bu sungat ilkinji gezek mukaddes Maşad şäherinde monjuklaryň, gulakhalkalaryň, bilezikleriň we ş.m. şaý-sepleriň bezegi hökmünde  emele geldi.