Haly dokamak sungaty
Eýranyň iň gadymy halysy “Pazyryk” halysy hökmünde bellidir. Bu halynyň ýaşyny alymlar 2400 ýyl diýip kesgitlediler. Bu haly Sibiriň günorta sebitlerinde tapyldy. Bu halyda ulanylan nagyşlaryň görnüşine görä, sungaty öwrenijiler bu dokmanyň Ahemeniler döwrüne degişlidigini kesgitlediler. Bu haly Skif taýpalaryň şazadalary tarapyndan Pazyrykyň hökümdaryna hödürlendi. Şu güne çenli Pazyryk halysy dünýäde iň gadymy haly diýip hasaplanýar. Ahemenilerden soňky döwürde hem halylar Eýran medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun tutup naýbaşy gymmatlyga öwrüldi. Meşhur eýran halylarynyň arasynda “Baharestan” - bahar bagy diýlip atlandyrylýan haly aýratyn şöhrat gazandy. Halynyň ady, onuň ajaýyp bagy şekillendirýändigi bilen baglanyşykly. Haly ýüpek sapaklardan dokalyp, altyn sim we gymmat bahaly daşlar bilen bezelipdir. Bu haly Sasanylar imperiýasynyň Patyşasy Hosrow Parwiziň döwründe dokalypdyr. Yslam dini döränden soň şol döwürdäki kitaplarda we syýahatnamalarda öýlerde ýazylan halylar barada köp agzalýar. Taryhy tekstlerde, şol sanda hijri ýyl hasaby boýunça V-nji asyra degişli “Beýhakiniň taryhy” atly kitapda halylar hakda gürrüň edilýär. Sefewiler döwründe, hijri ýyl hasaby boýunça X we XI asyrlarda Eýranyň halyçylyk sungaty iň ýokary derejesine ýetdi. Şol döwürden şu güne çenli halylaryň köp sanly ajaýyp nusgalary galdy. Bu döwrüň iň meşhur halylary “Aredebil halysy” we aw sahnasyny şekillendirýän “Şekargah” halysy. VII we VIII asyrlara degişli halylar nagyşlarynyň kaşaňlygy we reňkleriň doýgunlygy bilen tapawutlanýar. Eýran halylaryň nagyşlarynyň köpdürliligi sebäpli olary islendik nukdaýnazardan köp topara bölmek mümkin. Käwagt eýran halylary nagyşlaryň umumy gurluşyna görä, käte nagyşlaryň aýratynlyklaryna görä (döwülen we aýlanýan) dürli görnüşlere bölünýär. Iň meşhur nagyşlar: “ýaglyk”, “toranj”, “awda”, “balyk” (“çolaşan balyk”), geometrik şekiller, panno görnüşli halylar we ş.m.
Eýranyň Kaşan ýaly käbir şäherleriniň haly dokamak sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizildi .
Ady | Haly dokamak sungaty |
Ýurt | Eýran |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: