Keçe basmak senetçiligi

Keçe basmak senetçiligi

Keçe basmak senetçiligi

Keçe - ýüňden ýasalyp  ýere ýazylýan düşegiň bir görnüşidir. Keçe basmakda  ýüňüň tebigy häsiýeti ulanylýar, ýagny çyglylygyň we basyşyň täsiri astynda ýüň süýümleri gysylýar we düşek emele gelýär.

Eýranyň her sebitinde keçe basmagyň  öz syrlary bar. Tebigatdan alnan abstrakt we simwoliki şekilleriň we reňkleriň kömegi bilen taýýarlanan eýran keçesi halkyň döreden milli gymmatlyklarynyň arasynda kämil nusgalaryň biri bolup, Eýran halkynyň milli baýlygydyr.   

Keçe sungaty gadymy hem müdimi sungatdyr. Dürli keçe önümler gadymy döwürlerden bäri Aziýa ýurtlarynda, esasanam Eýranda,  öndürilýärdi we eşik, telpek, çadyr we düşek hökmünde ulanylýardy. Keçe  taýýarlamak köp zähmeti talap edýän  inçe senetdir. Eýranda keçäni  taýýarlamak we öndürmek adaty usulda amala aşyrylýar. Eýranyň keçe sungatynyň  ussatlary öz başarjaň elleri we ajaýyp nagyşlary  bilen önüme täze ruh berýärler.

Keçe basmak işi keçe basýançynyň eliniň ritmiki we ýakymly hereketleri hem-de  mylaýym we ritmiki goşgularyň okalmagy  bilen utgaşýar. Keçe basmak senetçiligiň usuly gadymy döwürlerden bäri üýtgemedi we dürli ýerlerde birmeňzeş diýen ýaly. Türkmen taýpalary gara öýleri dikip onuň içini, daşyny bezemekde keçeleri  has giňden ulanypdyrlar. Irki döwürlerden bäri türkmen keçesi halkyň gündelik durmuşynda peýdalanan iň möhüm öý goşy bolup hyzmat edipdir. Bu hem öz gezeginde ilatyň arasynda keçe basmak, keçe önümlerini taýýarlamak  sungatynyň giň ýaýramagyna we nesilden-nesle geçip ornaşmagyna sebäp  bolupdyr.

Keçe basmak senetçiligi Yspahan we Borujen-Bagtyýary sebitlerinde-de giňden ýaýran amaly-haşam sungatlaryň biridir. Mundan başga-da, Kasre-Şirin, Sarpol-e-Zahab, Yslamabad-e-Garb we Korand ýaly Kermanşahyň töweregindäki oba ýerlerinde hem  bu senetçilik  duş gelýär.

Häzirki wagtda keçeler, keçeden tikilen üstki eşikler we keçeden  ýasalan  ädikler ýaly  keçe  önümleri oba ýerlerinde ulanylyp öz  ähmiýetini  ýitirmedi.

Keçe basmak senetçiligi Aliabad Katul, Semnan, Gümbed  Kawus, Kalale, Gülistan welaýatyndaky Ak Gala,  Horasan-e Razawi  welaýatyndaky  Sabzewar we Kuçan, Lorestan welaýatynda we Bender-Türkmen  sebitleriň oba ýerlerinde köp duş gelýär. Eýranyň dürli sebitlerinde  taýýarlanýan  keçeleriň  arasynda türkmen keçeleri  iň gowusy hasaplanýar. Türmen keçesiniň nagyşlary gözelligiň  nusgasy bolup, asyrlar aýlansa-da,  öz gymmatyny ýitirman gelýär.

Ady Keçe basmak senetçiligi
Ýurt Eýran

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: