Tirme (kaşemir) dokmasy
Tirme (kaşemir) - gözbaşyny uzak geçmişden alyp gaýdan Eýranyň milli dokmasynyň bir görnüşidir. Bu dokma “jegge”[1], “arabeska”[2] we şuňa meňzeş nepis nagyşlar bilen bezelen örän ýokary hilli süýümlerden dokalýan dokma. Elde dokalan halylar ýaly tirme dokmasynyň erşi we argajy[3] bar. Argaç matanyň arkasynda erkin ýerleşdirilýär we şonuň üçin onuň dykyzlygy örän ýokarydyr. Hakyky eýran tirme dokmasynyň argajynyň ýüplügi gaty inçe çöpürden (geçi tüýünden) ýa-da tebigy ýüpekden, erşiň ýüplügi bolsa inçe süýümli pagtadan ýasalypdyr. Emma häzirki wagtda kaşemir matasynyň argajy tutuşlygyna emeli süýümden (wiskozadan), erşi bolsa pagta ýa-da poliester ýüplüginden ýasalýar.
Adaty eýran tirme dokmasynyň süýümleriniň reňki tebigy ösümliklerden taýýarlanýardy. Boýaglar ösümlikleriň köklerinden, baldaklaryndan, ýapraklaryndan, güllerinden, miwelerinden ýa-da gabygyndan alynýardy. Häzirki wagtda tirme matasyny halaýanlaryň köpdügi sebäpli ol dürli reňklerde we dizaýnlarda öndürilýär. Geçmişde tirme dokmasy dürli maksatlar üçin ulanylýardy, şol sanda kaşaň we gymmat bahaly egin-eşikleri tikmek üçin.
Tirme dokmasynyň düzümi we nagşy, islendik sungat ýaly, öňünden taýýarlanmalydyr. Uzak geçmişde tirme dokmasynyň ussatlary öz görüşlerine we hyýallaryna bil baglap, bu nepis dokmany dokapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen dokma prosesi birneme üýtgedi, ilki nakgaşlar islenýän nagşy kagyz ýüzüne çyzýardylar, soň bolsa dokaýjylar ony mata geçirýärdiler. Häzirki wagtda bu pudakda tehnologiýalaryň ösmegi bilen has takyk we owadan nagyşlary we şekilleri düzmek üçin kompýuter gurallary ulanylýar. Nakgaşlar we dokmaçylar dokma işine başlamazdan öň işleriniň netijesini görüp bilýärler we zerur bolan ýagdaýda nagyşlary we şekilleri çalt üýtgedip we düzedip bilýärler.
Şu günki gün tirme dokmasy diňe Ýazd welaýatynda amala aşyrylýar.
[1] Jegge - başyny egen serwi agajyň nagşy (kiçigöwünliligiň alamaty), mundan başga-da durna, hokgar ýaly owadan guşlaň ýelegi görnüşindäki nagyş.
[2] Arabeska - geometrik we gül elementlerden we arap dilindäki kalligrafiki elementlerden ybarat bolan arap sungatynyň çylşyrymly nagşy.
[3] Argaç – dokalyp taýýarlanylýan önümlerde erşiň içinden geçirilýan sapak, ýüplük.
Ady | Tirme (kaşemir) dokmasy |
Ýurt | Eýran |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: