Marketri sungaty
Marketri - mozaika sungatydyr. Ýagny, ussat dürli reňkli agaç böleklerini hem-de olar bilen sazlaşýan başga materialdan taýýarlanan bölekleri birleşdirip, gymmatly sungat eserini döredýär. Marketri eseri - agaç we daş ýaly dürli materiallardan ýasalýar, ýöne bu sungatyň iň meşhur görnüşi agaç mozaikasydyr. Bu sungat Yspyhan, Ýazd, Kaşan we Töwriz ýaly şäherlerde has giňden ýaýran.
Gadymy binalarynda keramiki plitkadan ýasalan mozaika, agaç mozaikasyndan has köp ýaýran. Agaç mozaikanyň hem gadymy taryhy bar, ýöne agaçdan ýasalan sungat eserleriniň saklanyş möhletiniň gysgalygy, gadymy eserleriň ýitip gitmegine sebäp boldy. Bu sungatyň taryhyny käbir binalarda saklanan bezeg elementleri esasynda beýan edip bolar. Mozaika sungaty ulanylan ilkinji binalaryň biri, Ilhaniler döwründe gurlan Maraga şäherindäki Gyzyl gümmezdir. Bu gümmez keramiki plitkadan ýasalan mozaika nagyşlar bilen bezelipdir. Bu nagyşlar gümmeziň ajaýyp görnüşini berýär.
Binalaryň keramiki plitkadan mozaika bezegi Seljuklar döwründe, ýagny hijri ýyl hasaby boýunça 4-nji asyrda, gülläp ösüpdir. Bu sungat Sefewiler döwründe Ardabilde iň ýokary derejesine ýetipdir, soňra bolsa paýtagtyň Yspyhana geçirilmegi bilen Yspyhan şäheri bu sungatyň merkezine öwrülipdir. Şeýh Safiuddin Ardabiliniň Metjidi hem mozaika stilinde bezelipdir. Biziň döwrümizde hem bu sungat gülläp ösýär we ýaş dizaýnerler ony öwrenmek isleýärler. Bu sungat binalaryň içki bezeginde ýa-da diwar bezeginde ulanylýar.
Sungaty öwrenijileriň pikirine görä, agaç mozaikasy keramiki mozaikadan az ýaýran. Ýokarda aýdylyşy ýaly, agaç mozaikasynyň metal we keramika bilen deňeşdirilende saklanyş möhletiniň gysgalygy sebäpli agaç mozaikalaryň gadymy nusgalary şu güne çenli saklanyp galmady. Şähre-Suhte[1] diýip atlandyrylýan gadymy şäherde agaç mozaikanyň iň köne nusgasy - agaç daragy tapyldy. Bu agaç daragyň ýüzünde eýran nagyşlary bar. Alymlar bu daragyň bäş müň ýyl ozal ýasalandygyny çak edýärler. Bu sungat mongol döwründe ýaýrap, Sefewiler döwründe iň ýokary derejesine ýetipdir.
[1] Şähre-Suhte – “ýanan şaher”, bürünç eýýamynyň şäher ilatynyň galyndylary görnüşindäki arheologiki ýadygärlik. Eýranyň günorta-gündogaryndaky Sistan we Bulujystan welaýatlarynda, Zahedan-Zabol ýolunyň golaýyndaky Helmand derýasynyň kenarynda tapyldy.
Ady | Marketri sungaty |
Ýurt | Eýran |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: