Metal ýüplük bilen keşde çekmek

Metal ýüplük bilen keşde çekmek

Metal ýüplük bilen keşde çekmek

Metal ýüplük bilen keşde çekmek  2500-3000 ýyl ozal dörän  keşde bezegleriň  bir görnüşidir. Ilkibaşda bu ajaýyp we gadymy sungatda ulanylýan ähli gurallar altyn we kümüş materiallardan  elde ýasalypdyr, emma häzirki wagtda altyn-kümüş  materiallaryň gymmatlygy sebäpli olar emeli materiallardan ýasalýar. Geçmişde keşdelemegiň bu görnüşi  gymmat bahaly eşikleri, myhman otaglaryň perdelerini  we düşekleri bezemek üçin ulanylýardy. Biziň döwrümizde hem bu sungat giňden ýaýran.

Metal ýüplük bilen keşde çekilende  dürli nagyşlar ulanylýar.  Iň meşhur we halanýan nagyşlaryň biri  “jegge”[1] diýilýän nagyşdyr. Kaşemir dokmasyndan tikilen önümler köplenç bu nagyş bilen keştelenýär. Eýranda kaşemir dokmasyndaky metal ýüplük nagyşly önümler  halanýar we örän gymmatly hasaplanýar.  “Şah Abbasiniň gülleri”  diýilýän nagyş we başga nagyşlar hem  örän meşhur. Metal ýüplük bilen keşde çekmek  usullarynda hiç hili çäklendirmeler ýok, ýöne muňa garamazdan, keşde çekilende  ulanylýan enjamlara görä  nagyşlaryň gyralaryny we burçlaryny düzeltmelidir.

Eýranda metal ýüplük bilen keşde çekmek sungatyň  merkezleri - Yspyhan,  Ýäzd, Kerman, Kaşan we Tähran şäherleri.

 



[1] Jegge - başyny egen serwi agajyň nagşy (kiçigöwünliligiň alamaty), mundan başga-da durna, hokgar ýaly owadan guşlaň  ýelegi görnüşindäki nagyş.

 

Ady Metal ýüplük bilen keşde çekmek
Ýurt Eýran

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: