Senetçilik

“Monabbatkari” (agajyň ýüzüni oýup nagyş salmak) sungaty

“Monabbatkari”, ýagny agajyň ýüzüni oýup nagyş salmak sungaty - agaç bilen baglanyşykly iň möhüm sungat görnüşleriniň biridir. Agaç oýulanda, käwagt diňe nagyşlaryň çyzgysy we gyralary oýulýar, käwagt bolsa “mogar” diýilýän ýörite gural bilen güberçekli, ýarym güberçekli we doly güberçekli nagyşlar

“Monabbatkari”, ýagny agajyň ýüzüni oýup nagyş salmak sungaty -  agaç bilen baglanyşykly iň möhüm sungat görnüşleriniň  biridir. Agaç oýulanda, käwagt diňe nagyşlaryň çyzgysy we gyralary oýulýar, käwagt bolsa  “mogar” diýilýän ýörite gural bilen güberçekli, ýarym güberçekli we doly güberçekli nagyşlar oýulýar. Taryhy çeşmelere görä, bu sungatyň iň köne nusgasy hijri-kamary ýyl hasaby boýunça III-nji  asyryň birinji ýarymyna degişli bolup,  Şyrazdaky  “Atig”  atly Baş metjidiniň  agaç gapysydyr. Gapynyň özi derek agaçdan ýasalan we hoz agajyndan bäşburçluk nagyşlar bilen bezelendir. Bu sungatyň başga bir nusgasy IV-nji asyra degişli  ajaýyp nepislik bilen nagyşlanan girelge,  onuň ýüzünde “kufi” ýazgylary  üç santimetr çuňlukda  oýulyp ýazylypdyr.  Bu sungat XI asyrda Sefewiler döwründe iň ýokary derejesine we gülläp ösmegine ýetdi we köp metjitleriň gapylaryny bezemek üçin ulanyldy. “Monabbatkari” sungaty  Eýranyň köp şäherlerinde henizem ulanylýar.