Zikgeleme sungaty

Zikgeleme sungaty

Zikgeleme sungaty

Zikgeleme sungaty metaldan, esasanam misden, altyndan we bürünçden ýasalan zatlary   zikge kakyp  nagyşlamakdan ybaratdyr. Başga sözler bilen aýdylanda, metaldan ýasalan zatlara çekiç bilen  urup galam bilen çekilen nagyşlary zikgelemek. Beýleki metallara garanyňda has ýumşaklygy sebäpli zikgeleme sungatynda mis  has köp ulanylýar. Köpden bäri dowam edip gelýän bu pudakda nagyşlar metaldan ýasalan zatlaryň ýüzüne kakylýar. Zikge kakýan ussadyň esasy gurallary:  birnäçe ýörite  galamlar  we çekiçlerdir.

Zikgeleme sungatynyň stilleri:

  1. Güberçek nagyşlar
  2. Ýarym güberçek nagyşlar
  3. Nepis, inçe we  uşak nagyşlar
  4. Metala haşam salmak (metalyň ýüzüni oýup nagyş salmak)
  5. Gözenekli nagyşlary zikgelemek

Eýranyň zikgeleme sungatynyň uzak taryhy bar. Yspyhan – Eýranyň zikgeleme sungatynyň  iň möhüm merkezleriniň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Häzirki wagtda Yspyhanyň zikgeleme ussahanalarynda  işleýänleriň sany beýleki senetlere garanyňda  has köp. Dürli döwürlerden galan zikge kakyp ýasalan gadymy eserler hususy muzeýleri we kolleksiýalary bezeýär.

Kümüşden ýasalan zatlary zikge kakyp  bezemek  gadymy döwürlerden bäri Eýranda giňden ýaýran. Häzirki wagtda hem  Şyraz, Yspyhan, Töwriz we Tähran şäherlerinde sungat ussatlaryň  toparlary  bu ugurda işleýärler  we  öz eserleri  bilen  biziň  häzirki  döwrümiziň  gözellige teşne kalplary heýjana getirýärler.

 

 

Ady Zikgeleme sungaty
Ýurt Eýran

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: