Hünji düzmek sungaty

Hünji düzmek sungaty

Hünji düzmek sungaty

Hünji düzmek sungaty  Eýranyň  Sistan we Bulujystan welaýatlarynyň gelin-gyzlarynyň  el işleriniň arasynda aýratyn orun tutýar. Bulujystanyň çeper elli zenanlaryň hünjüden düzýän iň owadan nagyşlary  Gaç, Karmuç, Miti we  Buluj diýlip atlandyrylýar.

 Eýranda bu sungatyň  dörän ýeri  Sistan we Bulujystan welaýatynyň Zabol şäheridir, beýleki sebitlerde bu el işi seýrek duş gelýär. Bulujystanyň ýerli şiwesinde  hünji düzmek  el işine  "iran saman" diýilýär, ýerli ilatyň arasynda bu sungatyň  muşdaklary örän köp.  Bu nepis hünär  ýaş çatynjalaryň otagyny, ýaşaýyş  jaýlaryň otaglaryny we eşikleri bezemek üçin  ulanylýar.  Matada nagyş düzmek üçin  diňe hünji  däl-de, eýsem  dürli reňkli, ýalpyldawuk  paýetkalar[1]  hem ulanylýar. Sistanyň  gelin-gyzlary  hünji  bilen birlikde dürli şekilli monjuklary, ilikleri, düwmeleri,  zerli sapaklary  ulanýarlar.

Hünjiden düzülen nagyşlar  milli eşikleri, ýeňsizleri, guşaklary, ýaşaýyş otaglarynyň diwarynyň ýokarky gyrasynda asylýan şemdanlary bezemek  üçin, şeýle hem  çarwa taýpalarda  çadyrlary bezemek, käte bolsa  düýe ýaly haýwanlary bezemek üçin ulanylypdyr.  

Çeper elli zenanlar  ilki bilen matanyň ýüzünde  nagyş çekýärler, soň bolsa nagyşa görä  hünjiler we monjuklary köp sanly ownuk tikin bilen mata tikýärler.

Hünji düzmek  el işiniň esasy merkezleri  Iranşahr, Espeke, Çanf, Ahvaran we   Daştýari  ýaly etraplar, şeýle hem Zahedan we Haş  şäherleriň etraplary.

 



[1] Paýetka – (fr. Paillette – “altyn çägäniň  dänesi, altyn zerresi”) -  mata ýa-da başga materiallara sapak bilen birikdirmek üçin ýalpyldawuk materialdan ýasalan tegelek  ýa-da köpburçly kiçijik  teňňejikler

Ady Hünji düzmek sungaty
Ýurt Eýran

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: