El işleri
Miniatýura - şekillendiriş sungatynda ownuk görnüşdäki eserler. Miniatýura sözüniň köki “minium” sözünden gelip çykýar. Minium - gurşun oksidi, doýgun gyzyl reňki berýän tebigy boýag. Gadymy taryh hakda gürrüň berýän orta asyr golýazma eserlerindäki şekillere “miniatýura” diýilýärdi, şol döwürlerde kitaplar ýyly reňkli ýönekeý şekiller bilen bezelýärdi.
Marketri - mozaika sungatydyr. Ýagny, ussat dürli reňkli agaç böleklerini hem-de olar bilen sazlaşýan başga materialdan taýýarlanan bölekleri birleşdirip, gymmatly sungat eserini döredýär. Marketri eseri - agaç we daş ýaly dürli materiallardan ýasalýar, ýöne bu sungatyň iň meşhur görnüşi agaç mozaikasydyr. Bu sungat Yspyhan, Ýazd, Kaşan we Töwriz ýaly şäherlerde has giňden ýaýran.
Zikgeleme sungaty metaldan, esasanam misden, altyndan we bürünçden ýasalan zatlary zikge kakyp nagyşlamakdan ybaratdyr. Başga sözler bilen aýdylanda, metaldan ýasalan zatlara çekiç bilen urup galam bilen çekilen nagyşlary zikgelemek. Beýleki metallara garanyňda has ýumşaklygy sebäpli zikgeleme sungatynda mis has köp ulanylýar. Köpden bäri dowam edip gelýän bu pudakda nagyşlar metaldan ýasalan zatlaryň ýüzüne kakylýar.
Metal ýüplük bilen keşde çekmek 2500-3000 ýyl ozal dörän keşde bezegleriň bir görnüşidir. Ilkibaşda bu ajaýyp we gadymy sungatda ulanylýan ähli gurallar altyn we kümüş materiallardan elde ýasalypdyr, emma häzirki wagtda altyn-kümüş materiallaryň gymmatlygy sebäpli olar emeli materiallardan ýasalýar.
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: