Senetçilik

“Minakari” (metal önümlere çüýşe görnüşli ýukajyk syrça çaýmak ) sungaty

“Minakari” - takmynan bäş müň ýyllyk taryhy bolan we Eýranyň senetçiligine mahsus bolan sungatdyr. Häzirki wagtda bu sungat esasan mis önümlerinde ulanylýar, ýöne altyn we kümüş önümlerde-de ulanylyp bilner.

“Minakari” -  takmynan bäş müň ýyllyk taryhy bolan we Eýranyň senetçiligine mahsus bolan sungatdyr. Häzirki wagtda bu sungat esasan mis önümlerinde ulanylýar, ýöne altyn we kümüş önümlerde-de ulanylyp bilner. Syrça (emal) eredilende altyn ýeke-täk okislenmeýän metaldyr, şonuň üçin şeýle syrçada iň ýokary jikme-jiklik we meňzeşlik bilen surat çekip bolýar,  mis we kümüş önümlere çaýylan  syrçanyň bolsa  munuň ýaly hili ýok. Syrça ýokary temperaturanyň (750 - 850 ° C) barlygynda metal oksidleriniň we duzlaryň birnäçe görnüşiniň birleşmesinden,  reňkler bolsa ýokary temperaturanyň netijesinde  wagtyň  dowamynda emele gelýär. Häzirki wagtda Eýranyň metal önümlere syrça çaýmak  sungatyň merkezi Yspahan şäheridir we bu sungatyň tejribeli ussatlary beýleki halkalaryňka meňzemeýän ajaýyp önümleri  ýasaýarlar.