Haşamçylyk sungaty (agaja salnan haşam)

Haşamçylyk sungaty (agaja salnan haşam)

Haşamçylyk sungaty (agaja salnan haşam)

Haşamçylyk sungaty – agaja salnan üçburçluklardan ybarat bolan çylşyrymly geometrik nagyşly mozaika görnüşindäki Eýranyň gadymy senetleriniň biridir. Bu sungat öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşünden alyp gaýdaýr we köp sanly taryhy binagärlik ýadygärliklerinde bezeg elementi hökmünde giňden ulanylypdyr.

 Bu sungatyň meşhur taryhy ýadygärliklerde ulanylyşynyň nusgawy mysallary:

  1. Şyrazdaky  “Atig”  atly Baş metjidiniň  minarasy. Bu taryhy ýadygärlik müň ýyl ozal guruldy.
  2. Şyrazdaky “Atig”  metjidiniň esasy eýwanynyň potology (hijri ýyl hasaby boýunça sekizinji asyra degişli,  milady ýyl hasaby boýunça XIV asyr).
  3. Samarkanddaky “Delgoşa” atly Timuryň  hyýaly köşgüniň  haşam salynan gapylary we onuň mawzoleýiniň gapylary (häzirki wagtda Özbegistanda ýerleşýär).
  4. Habibullah atly ussat tarapyndan hijri ýyl hasaby boýunça 999-njy ýylda (milady ýyl hasaby boýunça 1591-nji ýylda)  hoz agajyndan ýasalan gapylar, süňkden edilen nagyşlar we beýleki  haşam salynan sungat eserleri. Häzirki wagtda bu eserler Berlin muzeýinde saklanýar.
  5. Angliýadaky  “Wiktoriýa we  Albert”  muzeýinde  saklanýan  gülleriň we gyrymsy agaçlaryň geometrik şekilleri  görnüşünde haşam salynan gapylar.
  6. Geometrik şekillerdäki haşam salynan nagyşlar we kümüş bölekleri bilen bezelen Yspahanda ýerleşýän “Lenban”  metjidiniň agaç münberi (hijri ýyl hasaby boýunça 1114 ýyla degişli,  milady ýyl hasaby boýunça 1702 ý.).
  7. Haşam salynan meýdany 400 inedördül metr bolan Milli Geňeşiň mejlisler zaly.

 

Bu sungatyň gülläp ösen döwri  Sefewileriň  döwrüne gabat geldi. Bu döwürde Eýranyň dürli künjeklerinden  sungatyň dürli görnüşleriniň ussatlary şol döwrüň paýtagty bolan Yspyhana geldiler.  Eýran sungatynyň ýatdan çykarylan görnüşleri kem-kemden dikeldilip başlandy. Sefewi döwletiniň hökümdarlary sungat ussatlaryny geçmişden galan  binalary we ýadygärlikleri, şeýle hem mukaddes ýerleri abatlamak we dikeltmek üçin höweslendirip başladylar. Metal önümlerine haşam salýan, agajy haşamlaýan, keramiki plitkalardan nagyş düzýän we  ajaýyp farfor önümlerini döredýän ussatlar aýratyn hormata we şöhrata eýe boldular. 

Biziň döwrümizde, ýagny Yslam rewolýusiýasyndan soňky döwürde agajy haşamlamak  sungaty  dowam edýär.  Medeniýet we sungat ministrligine (häzirki wagtda Medeniýet we ýokary bilim ministrligine)  degişli  amaly-haşam sungatynyň ussahanalarynda tejribeli ussatlar işleýärler, kalligrafiýa sungaty hem  bu sungatyň ugurlarynyň birine girdi.

Ady Haşamçylyk sungaty (agaja salnan haşam)
Ýurt Eýran

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: