Page Number :10

Habarlar

Pars şygryýeti we edebiýaty, şeýle hem Şahriýary ýatlama çäresi geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pars dili we edeboýaty hünäriniň mugallymlary we talyplarynyň gatnaşmaklygynda Pars şygryýeti we edebiýaty, şeýle – hem Şahriýary ýatlama çäresi geçirildi.

Türkmen halkynyň milli lideriniň kitabynyň pars diline terjimesiniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň milli lideriniň “Enä tagzym – Mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň pars diline terjimesiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen Eýran bilelikdäki moda lybas sergisi açyldy

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bilelikdäki moda – lybas sergisi Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Gurbanmyrat Myradalyýewyň gatnaşmagynda açyldy.

Eýranly hünärmenleriň el işleri  we dizaýnerçilik boýunça  ussatlyk sapaklary

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Çeperçilik Akademiýasynyň sergiler zalynda geçirilýän Eýran – Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň moda – lybas sergisiniň çäginde, ýurdumyzdan gelen hünärmenler tarapyndan el işleri boýunça hünär ussatlyk sapaklary geçirildi.

Medeniýet boýunça geňeşçiniň “JAN Technology” H.J. barmagy

Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli “JAN Technology” hojalyk jemgyýetiniň şeýlede Belet film platformanyň baş müdiri, esaslandyryjysy Azat Jafarow we baş müdiriň orunbasary we esaslandyryjysy Saparmyrat Nyýazow bilen ady agzalan kärhananyň edara binasynda duşuşdy.

Nawid Rasuli Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna baryp gördi

Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň müdiri Laçyn Nurmuhammedowa Şamyradowna bilen duşuşdy we kitahana aýlanyp, bölümler bilen tanyşdy.

Aşgabatda Medeniýet merkezinde şehitleriñ 40-njy gününi ýatlama geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde şehitleriñ 40-njy gününi ýatlama çäresi geçirildi.

EYR-nyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Gurban baýramy bellendi

Gurban baýramy mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda dabaraly çäre geçirildi.

Aşgabatda söz ussady Hekim Ferdöwsini ýatlama çäresi geçirildi

Aşgabat şäherindäki Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pars dili we edebiýaty hünäriniň mugallymlarynyň we talyplaryň gatnaşmagynda Abulgasym Ferdöwsini ýatlama we pars dilini goramaklyk güni mynasybetli çäre geçirildi.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: