Aşgabat şäherinde Abaý Kunanbaýewyň 180 ýyllygy hem-de Gazagystan Respublikasynyň güni mynasybetli Gazagystanyň Dina Nurpeýisowa atly orkestriniň konserti geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň güni we gazak filosofy, akyldary we şahyry Abaý Kunanbaýewiň 180 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Dina Nurpeýisowa adyndaky Akademiki gazak halk saz gurallary orkestriniň konserti geçirildi. Konserte Gazagystan Respublikasynyň ilçisi, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň meşhur suratkeşleri, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik edaralarynyň işgärleri, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi we medeniýet we sungat muşdaklarynyň uly topary gatnaşdylar. Bu konsertde Abaýyň mirasy bilen baglanyşykly dürli we owadan eserler, şeýle hem nusgawy we häzirki zaman gazak kompozitorlarynyň meşhur eserleri 70 sazanda tarapyndan sazlaşykly ýerine ýetirildi we belli sazandalaryň ýekelikde çykyşlary boldy.
Aşgabat şäherinde Abaý Kunanbaýewyň 180 ýyllygy hem-de Gazagystan Respublikasynyň güni mynasybetli Gazagystanyň Dina Nurpeýisowa atly orkestriniň konserti geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň güni we gazak filosofy, akyldary we şahyry Abaý Kunanbaýewiň 180 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Dina Nurpeýisowa adyndaky Akademiki gazak halk saz gurallary orkestriniň konserti geçirildi.
Konserte Gazagystan Respublikasynyň ilçisi, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň meşhur suratkeşleri, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik edaralarynyň işgärleri, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi we medeniýet we sungat muşdaklarynyň uly topary gatnaşdylar. Bu konsertde Abaýyň mirasy bilen baglanyşykly dürli we owadan eserler, şeýle hem nusgawy we häzirki zaman gazak kompozitorlarynyň meşhur eserleri 70 sazanda tarapyndan sazlaşykly ýerine ýetirildi we belli sazandalaryň ýekelikde çykyşlary boldy.
Şeýle hem Dina Nurpeýisowa adyndaky Akademiki gazak halk saz gurallary orkestri türkmen halkynyň meşhur sazlary bolan “Bibijan”, “Görogly” hem-de Röwşen Nepesowyň (türkmen kompozitory, dirižýory we pianinoçysy, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri) “Sungatyň fantaziýasy” atly eserleri ýerine ýetirdiler.
Konserdiň başynda Gazagystan Respublikasynyň ilçisi Nurlan Nogaýew we Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Gurban Myradaliýew Abaý Kunanbaýewiň 180 ýyllygy, iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk we dostluk barada çykyş etdiler we bu konsertiň geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň beýanydygyny aýtdylar.
Filmler.