• Oct 23 2025 - 09:08
  • 16
  • Okamak üçin wagt : 3 minute(s)

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasyna baryp gördi

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkmenistanyň «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasyna baryp gördi. Bu jemgyýetiň müdiri Gulýa Çorçkliýewa Berdýýewa, Eýranyň medeniýet geňeşçisine hoşallyk bildirip, hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Bu gurama 2012-nji ýylda hasaba alynyp döredilen we ýarym-döwlet häsiýetli jemgyýet bolup, maýyplara kömek etmek, bejergi çärelerini we Türkmenistanda ýa-da daşary ýurtlarda operasiýalary geçirmeklik üçin hemaýat etmek işleri bilen meşgullanýar. Ýeňme jemgyýetiniň taslamalarynyň hatarynda bolsa garrylar öýlerine zyýarat, ýeke ýaşaýan ýaşulylaryň öýlerine baryp, olara ýardam bermek ýaly işlere gatnaşmak bar. Bu saparlary esasan meýletinçiler amala aşyrýar. Meýletinçileriň aglaba bölegi mugallym we okuwçy ýaşlar bolup durýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasyna baryp gördi

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkmenistanyň «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasyna baryp gördi. Bu jemgyýetiň müdiri Gulýa Çorçkliýewa Berdýýewa, Eýranyň medeniýet geňeşçisine hoşallyk bildirip, hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Bu gurama 2012-nji ýylda hasaba alynyp döredilen we ýarym-döwlet häsiýetli jemgyýet bolup, maýyplara kömek etmek, bejergi çärelerini we Türkmenistanda ýa-da daşary ýurtlarda operasiýalary geçirmeklik üçin hemaýat etmek işleri bilen meşgullanýar.

Ýeňme jemgyýetiniň taslamalarynyň hatarynda bolsa garrylar öýlerine zyýarat, ýeke ýaşaýan ýaşulylaryň öýlerine baryp, olara ýardam bermek ýaly işlere gatnaşmak bar. Bu saparlary esasan meýletinçiler amala aşyrýar. Meýletinçileriň aglaba bölegi mugallym we okuwçy ýaşlar bolup durýar.

«Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň dürli bölümlerine baryp görmek:

  • Merkeze giren badyna jenap Abbasi, garaşylýan otagda maýyp çagalaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy we olaryň maýyp çagalary bilen ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynda sabyr we çydamlylygy, şeýle hem, ene-atalara we olaryň çagalaryna jan - saglyk we üstünlik arzuw etdi.
  • Ýeňme jemgyýetiniň kabul ediş bölüminiň ýolbaşçysy Inga bilen tanyşlyk we söhbetdeşlik. Ol fiziki çäklendirmesi bolan, şonuň ýaly-da uniwersitet bilimini alandygy bilen tanalýar.
  • Maýyp çagalar bilen iş otagy: Bu otagda meýletin okuwçylar we bir mugallym (psiholog) bilen bilelikde çagalar bilen hereket, reňkleri öwrenmek we el işlerini öwretmek boýunça işler alyp barýarlar.
  • Kompýuter otagy: Bu saparda 6-10 sany maýyp çaga kompýuter bilen işlemek we dizaýn etmegi öwrenýärler.
  • Tikinçilik bölümi: Bu ýerde Gulnar mugallym dürli ýaşdaky gyzlara we zenanlara geýim tikmek we el işleri boýunça sapak berýär. Taýýar bolan önümler bolsa satylýar.
  • Aşhana otagy: Bu otagda maýyp çagalar häzirki dürli tort we süýjilikleri bişirmegi öwrenýärler. Şeýle hem, olar «Umyt Dünýäsi» atly sosial sahypa arkaly sargyt kabul edip, süýjilikleri taýýarlamak bilen meşgullanýarlar.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi we Ýme jemgyýetçilik guramasynyň kärdeşleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Gulýa Berdiýewa Ýme jemgyýetçilik guramasynyň meýilnamalary barada gürrüň berip, olara sapary üçin minnetdarlyk bildirenden soň, psiholog, ene-atalar we maýyp çagalar bilen işleýän hünärmen hanym Sultan Ataýewa maýyplar we meýletinçiler bilen işlemek boýunça käbir gürrüňleri berdi. Medeniýet boýunça geňeşçi aşakdakylary aýtdy: 

- Dürli meseleler boýunça gurama bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy

- Bilelikde hyzmatdaşlyk etmek, toparlaryň alyş-çalyşy we taraplaryň arasynda tejribe we mümkinçilikleri geçirmek üçin guramany Eýranyň meňzeş edaralary we guramalary bilen tanyşdyrmak we aragatnaşyk gurmak mümkinçiligi

- Guramanyň direktoryny, kärdeşlerini we agzalaryny Zenanlar we eneler güni çäresine (Hz. Zehranyň doglan güni) Medeniýet merkezine çagyrmak we şol dabarada maýyplar tarapyndan çykyşlary ýerine ýetirmek teklibi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: