• Oct 14 2025 - 19:16
  • 14
  • Okamak üçin wagt : 4 minute(s)

Aşgabatda Hafyz Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi

Aşgabatda Hafyz Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda ýurdumyzyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gollamagynda bu merkeziň mejlisler zalynda görnükli şahyr Hafyz Şiraza bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä Eýranyň hormatly ilçisi, Russiýanyň Aşgabatdaky medeniýet öýüniň ýolbaşçysy we onuň ýanýoldaşy, ilçihananyň işgärleri we olaryň maşgalalary, pars dili öwrenijiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Medeniýet merkezinde geçirilen öňki çärelere gatnaşanlaryň hemmesine aýtmagyna görä, bu baýramçylyk öňkilerden has tapawutly we özüne çekiji boldy. Janly sesde aýdym-saz, gyzykly ýaryşlar türkmen we eýranly gatnaşyjylar üçin çäräniň uzak dowam edendigine garamazdan tomaşaçylary çäräniň soňuna çenli galmaklaryna sebäp boldy.

Aşgabatda Hafyz Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda ýurdumyzyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gollamagynda bu merkeziň mejlisler zalynda görnükli şahyr Hafyz Şiraza bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä Eýranyň hormatly ilçisi, Russiýanyň Aşgabatdaky medeniýet öýüniň ýolbaşçysy we onuň ýanýoldaşy, ilçihananyň işgärleri we olaryň maşgalalary, pars dili öwrenijiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Medeniýet merkezinde geçirilen öňki çärelere gatnaşanlaryň hemmesine aýtmagyna görä, bu baýramçylyk öňkilerden has tapawutly we özüne çekiji boldy. Janly sesde aýdym-saz, gyzykly ýaryşlar türkmen we eýranly gatnaşyjylar üçin çäräniň uzak dowam edendigine garamazdan tomaşaçylary çäräniň soňuna çenli galmaklaryna sebäp boldy.

Çäre alyp baryjylaryň (Näjmeh Rezaýewa we Dünýägözel Berdigylyjowa) tomaşaçylaryň arasyndan pianinayň owazy bilen utgaşyp, Hafyzyň goşgusyny pars we türkmen dillerinde  mylaýym ses bilen okap, sahna tarap gelmekleri bilen başlandy.

Çäräniň meýilnamasy aşakdakylardan ybarat:

  • Gurhandan aýat – türkmen karysy
  • Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasiniň çykyşynda Hafyzyň beýleki ýurtlaryň ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň we şahsyýetleriniň öňünde edebi we gymmatly orny barada gysgaça maglumaty
  • Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň mekdebiniň okuwçylarynyň bilelikde Hafyzyň gazalyny ýerine ýetirmekleri
  • Eýran Yslam Respublikasynyň hormatly ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahaniniň çykyşy
  • Lisan al-Gaýbyň terjimehaly we bu beýik eýran şahyrynyň gazallarynyň we goşgularynyň manysy we habarlary (goşundy)
  • Pars dili öwrenijileri Jahan Kulbaýewa we Arslan Berdiýew Hafyz Şiraziniň pars dilinde we türkmen diline terjime edilen goşgysy
  • Maýa Kuliýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Meýlis Myratgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde türkmen dilinde aýdym, pianinada sazy ýerine ýetiren ady agzalan okuw jaýynyň uly sazandasy Maýa Bimanowa
  • Pars dili öwrenijileri Kuwwat Baýramgeldiýew we Güljemile Alimuhammedowa Hafyz Şiraziniň pars dilinde goşgysy
  • Ýaryşlar:
  • 10 ýaşdan kiçi eýranly çagalar we 1-2 başlangyç kurslaryň pars dili öwrenijileri: söz ýaryşy
  • Orta 1-2 kurslar: HAFYZ ŞIRAZI harplar bilen başlaýan goşgulary ýatdan aýtmak
  • Ýokary 1 kursdan başlap soňky kurslara çenli we başga – da isleg bildirýänler Hafyzyň gazalyny dogry we labyzly ýatdan aýtmak
  • -Hafyzyň gazallarynda pal atmagyň pelsepesi we ony nädip almalydygy barada gözlegleriň Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň mekdebiniň mugallymy jenap doktor Muhammedi tarapyndan görkezilmegi
  • Ýuliýa Zaýsewanyň çykyşy: Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisine çärä çagyranlygy sagbolsun aýtdy we bilelikde medeniýetleri açyp görkezmek maksady bilen bilelikdäki çäreleri geçirmekligi teklip etdi
  • Maýa Kuliýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Meýlis Myratgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde rus we azerbeýjan dillerinde aýdym, pianinada sazy ýerine ýetiren ady agzalan okuw jaýynyň uly sazandasy Maýa Bimanowa
  • Pars dili öwrenijileriň arasynda we mugallymlaryň arasynda  TikTokdaky sahypamyzda bäsleşigiň netijelerini beýan etmek (Sagdy gaznasynyň Hafyzyň hatyrasyna geçiren halkara konferensiýasy mynasybetli Hafyzyň 429-njy Gazalyny audio we wideoşekil taýýarlamak baradaky haýyşyna jogap edip, bu merkez pars dili mugallymlary, eýranlylar we pars okuwçylary tarapyndan taýýarlanan 14 wideoşekil iberdi. Bu wideoşekilleri TikTok we Instagram sahypalaryna ýerleşdirmek bilen, Medeniýet merkezi iň köp görlen wideoşekiliň eýesine hormatlanjakdygyny we baýrak aljakdygyny mälim etdi.)
  • Ýaryşlaryň ýeňijilerine sowgat we gatnaşanlara hormat hatyny bermek, çärä gatnaşanlara, Meýlis Myratgeldiýewe, Maýa Bimanowa we Ýuliýa Zaýsewa ýadygärlik sowgatlary gowşurmak
  • Leýli Berdiýewa pars dili kursynyň Ýokary 4 kursyna çenli derejäni gazanyp synaglary üstünlikli geçenligi baradaky güwanamany gowşurmak

Hödür – kerem etmek

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: