Habarlar
Eýran Yslam Respublikasynyň Ynkylabynyň ýeňişiniň 47 ýyllygy gutly bolsun
Eýran Yslam Respublikasynyň Ynkylabynyň ýeňişiniň 47 ýyllygy gutly bolsun
Türkmenistanda Eýran Yslam ynkylabynyň Ýeňşiniň 47 ýyllygy bellendi
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Eýranda Yslam ynkylabynyň Ýeňşiniň 47 ýyllygy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Milli güni mynasybetli resmi kabul edişlik gurady. Çärä Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, şeýle hem diplomatik korpusyň wekilleri we resmi adamlar gatnaşdylar.
12-nji Bahman aýy (fewralyň 1) — Eýran Yslam Respublikasynyň esaslandyryjysynyň ýurda dolanyp gelmeginiň ýyllygy we Fäjr ongünlüginiň başlanmagy gutly bolsun.
12-nji Bahman aýy (fewralyň 1) — Eýran Yslam Respublikasynyň esaslandyryjysynyň ýurda dolanyp gelmeginiň ýyllygy we Fäjr ongünlüginiň başlanmagy gutly bolsun.
Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Magraj gijesi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
2026-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Magraj gijesi mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Ali Akbar Bazubändi, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dili öwrenijileri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň başlygy Dawut Orazsähedow bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň başlygy jenap Dawut Orazsähedow bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda jenap Dawut Orazsähedow medeniýet geňeşçisini mähirli garşy alyp, institutynyň ýolbaşçy düzümi bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de, institut başlygynyň orunbasary jenap Hezretguly Durdyýew we pars dili boýunça ylmy işgär-terjimeçi jenap Güýçmyrat Çangliýew tanyşdyryldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, ilçihananyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi we medeniýet boýunça hünärmen Morteza Bageri Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow bilen şol uniwersitetde bilelikdäki medeni çäreler barada pikir alyşmak üçin duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri hanym Gülnabat Gurdowa arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasynyň başlygy Nurmuhammedowa Laçyn bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 13-ine Türkmenistanyň Döwlet Kitaphanasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehaniniň, ilçihananyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasiniň hem-de ilçihananyň medeniýet işleri boýunça hünärmeni Bageriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasynyň başlygy Nurmuhammedowa Laçyn Şamyradowna bilen tanyşlyk hem-de bilelikdäki medeni çäreleri gurnamak barada pikir alyşmak üçin duşuşyk geçirildi. Myhmanlar golýazmalar bölümi, pars we daşary ýurt dilleri bölümi, gadymy çeşmeler, gadymy gazet we neşirýat bölümi ýaly kitaphananyň dürli bölümleri bilen tanyşdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň beýik ruhy lideri: Eýranyň beýik milleti özüni, gaýratyny we kimligini duşmanlaryna görkezdi.
رهبر معظم جمهوری اسلامی ایران: ملّت بزرگ ایران، خود را و همّت و هویت خود را به رخ دشمنان کشید. Eýran Yslam Respublikasynyň beýik ruhy lideri: Eýranyň beýik milleti özüni, gaýratyny we kimligini duşmanlaryna görkezdi. Верховный руководитель Исламской Республики Иран: Великий иранский народ продемонстрировал врагам себя, свою решимость и свою идентичность