Habarlar
Bildiriş! Pars dilinden terjimeçileriň dykgatyna
Bildiriş! Pars dilinden terjimeçileriň dykgatyna: Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi Türkmenistanyň çäginde geçiriljek sergilerde we ýarmarkalarda pars dilinden türkmen we rus dillerine hem-de tersine terjime etmegi başarýan ukyply terjimeçileri gysga we uzak wagtlaýyn möhletde hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar. Rezýumeler iranculturalconsulate@gmail.com salgysyna ugratmalydyr. Goşmaça maglumatlar üçin: 93-42-11
Etyud eserleriniñ sergisi Wepa Gurdowyñ we Rustam Abdullayewiñ
2025-nji ýylyñ 10-njy dekabrynda Türkmenistanyñ suratkeşler birleşiginiñ sergiler zalynda Türkmenistanyñ Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyñ mugallymy, suratkeşler birleşiginiñ agzasy Wepa Gurdowyñwe Türkmenistanyñ suratkeşler birleşiginiñ Lebap welayat şahamçasynyñ ýolbaşçysy Rustam Abdullayewiñ Özbegistanda yerine ýetiren etyud eserleriniñ sergisi geçirildi. Bu sergä Eýran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geñeşçisi Abdolreza Abbasi hem gatnaşdy.
Aşgabatda Medeniýet merkezinde Hezreti Fateme Zähranyň(s) doglan güni hem-de zenanlar we eneler güni mynasybetli çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Hezreti Fateme Zähranyň(s) doglan güni hem-de zenanlar we eneler güni, şeýle-de Türkmenistyanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň press sekretary hanym Fateme Mohajerani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Päkistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Adnan Zapur, Türkiýäniň ilçihanasyndan hanymlar Aýşa we Aýjemal, Eşretli syýahat hususy kärhanasynyň baş müdiri hanym Amanowa Sähra, telekeçi zenan Dawydowa Ýazgül, türkmen habarçysy Hojamuhammedowa Bahar, Ýeňme jemgyýetçilik guramasynyň müdiri Çörekliýewa Gulýa, pars dili öwrenijiler, eýranlylar we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türk kofesiniň güni Aşgabat bellendi
Türk kofesiniň güni Aşgabat bellendi
Hezreti Fatemäniñ doglan güni, zenanlar we ejeler güni, şeýle-de Türkmenistanyñ Bitaraplygynyñ şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirilýär.
Baýramçylyk çäresi 2025-nji ýylyñ 9-njy dekabrynda Eýran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky ilçihanasynyñ Medeniýet Merkeziniň binasynda Hezreti Fatemäniñ doglan güni, zenanlar we ejeler güni, şeýle-de Türkmenistanyñ Bitaraplygynyñ şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirilýär.
Salam halkara medeniýet we çeperçilik festiwaly
"Salam" halkara medeniýet we çeperçilik festiwaly Surata düşürmek | Poster | Şekillendiriş sungaty | Miniatýura | Kalligrafiýa | Karikatura | Häzirkizaman sungaty Maksadymyz ●Medeniýet, parahatçylyk, adalat we bagtyýarlyk ●Ynsan mertebesi we bütindünýä adalaty ●Adam daýanjy, umydy we borçlary ●Medeniýet gurşawy we döwrebap hünärler ●Jemgyýetleri birleşdirýän nyşan hökmünde "Salam" Jogapkär edaranyň salgysy: Tähran şäheri, Demirgazyk Mofätteh köçesi, 2-nji geçelge, jaý №5, "Fekrät" binasy, 1- nji gat Gatnaşyjylar öz işlerini 2025-nji ýylyň 21-nji dekabryna çenli edara ugradyp bilerler. Festiwalyň geçirilýän wagty: 2026-njy ýylyň ýanwar aýy +982188538248
Makala ýazmak boýunça ýaryş
Pars dili öwrenijileri - mugallymlary üçin gyşky okuw sapaklary (18.01.2026 - 03.02.2026)
Pars dili öwrenijileri / mugallymlary üçin gyşky okuw sapaklary (18.01.2026 - 03.02.2026) "Saady" gaznasy 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary - 3-nji fewraly aralygynda pars dili boýunça gyşky okuw sapaklaryny geçirýär. Okuw sapaklaryna dil bilimi ýokary we orta derejede bolan hemme pars dili öwrenijileri gatnaşyp bilerler. Bu okuw sapaklary 2 hepdeläp Tähran şäherinde dowam eder we gatnaşyjylar hem özleriniň pars dili ukyplaryny kämilleşdirip bilerler hem-de Tähranyň gözel künjeklerinde gezmek bilen Eýran we onuň häzirkizaman medeniyeti bilen tanyşarlar.
Pars dilinden terjimeçileri hyzmatdaşlyga çagyrýarys
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi Türkmenistanyň çäginde geçiriljek sergilerde we ýarmarkalarda pars dilinden türkmen we rus dillerine hem-de tersine terjime etmegi başarýan ukyply terjimeçileri gysga we uzak wagtlaýyn möhletde hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.