Habarlar
Nowruz baýramy mynasybetli Yslam Medeniýeti we Aragatnaşyk Guramasynyň ýolbaşçysynyň beýanaty we gutlaglary
Beýik Allanyň ady bilen Nowruz baýramynyň gelmegi tebigatyň täzeden galkynmagynyň belent dabarasy bolup, ol ýer ýüzüniň täze örtüge beslenýän, ynsanyň bolsa öz ömür ýoluna çuňňur nazar aýlaýan pursadydyr. Nowruz - adamy wagtyň geçişi barada oýlanmaga, öz ruhy dünýäsine täzeden garamaga we Beýik Biribardan iň haýyrly özgerişleri dilemäge çagyrýan ylahy peşgeşdir. Bu özgeriş täze ýyl başlananda okalýan dogadaky «Ähsenul-hal» (iň gowy ýagdaýa gowuşmak) ynanjy bilen baglanyşyklydyr. Nowruzyň asylly däp-dessurlary ynsanyň kämilleşmäge we ylahy hikmetlere ýugrulan aýdyň ýolda täzelenmäge bolan gadymy isleginiň beýanydyr. Bu galkynyş we täzeleniş Allatagalanyň barlykdaky ebedi kanunydyr, Nowruz bolsa bu kanunyň tebigatdaky iň aýdyň görnüşidir.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine aýlanmagy
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şu ýylky sergä milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň ýüzlerçesi gatnaşýar. Sergi monitor arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 18 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary barada giňişleýin maglumat berilýär.
Pärwin Etesamini, Nyzamy Genjewini we Hoja Nasreddin Tusyny ýatlamak mynasybetli edebiýat we şygyr agşamy geçirildi
1404 – nji ýylyň 25 – nji esfändinde (2026 – njy ýylyň 16 – njy martynda) Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Pärwin Etesamini, Nyzamy Genjewini we Hoja Nasreddin Tusyny ýatlamak mynasybetli edebiýat we şygyr agşamy geçirildi. Çakylyklar esasynda we mugallymlar bilen bilelikde bu agşamda Pärwin Etesaminiň, Nyzamy Genjewiniň we Hoja Nasreddin Tusynyň goşgularyny okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi öz çykyşynda pars dili we edebiýatynda pars şahyrlaryň, goşgydyr gazallaryň örän ähmiýetlidigini belläp şeýle diýdi: "Bu şygyr agşamyny, goşgy bäsleşigini geçirmek, ökde okuwçylara ýadygärlik sowgatlary gowşurmakdan biziň maksadymyz pars dili öwrenijileriniň pars şahyrlary bilen tanyşmagy hem – de olarda pars goşgylaryna bolan gyzyklanma döretmekdir".
Medeniýet we Yslam Aragatnaşyklar Guramasynyň Yslam ynkylabynyň üçünji ýolbaşçysyny ähli taraplaýyn goldamak we ykrar etmek baradaky beýannamasy
Beýik Biribaryň peşgeşi we Hezreti Weliýul-Asryň aýratyn merhemeti ýene-de bir gezek Eýran Yslam ýurdunyň merdana halkyna nesip edendigi üçin Hudaýa şükür edýäris. Ýolbaşçylary saýlaýjy Mejlisiň karary bilen adalatly, batyrgaý, başarjaň hem-de paýhasly din wekilleriniň biri Yslam ynkylabynyň üçünji ýolbaşçysy hökmünde saýlanyldy. Medeniýet we Yslam Aragatnaşyklar Guramasy Yslam ynkylabynyň Beýik Lideri Ymam Hameneýiniň zalym duşmanlaryň elinden pajygaly ýagdaýda şehit edilmegi mynasybetli çuňňur gynanç bildirýär, şeýle-de Gurama Ynkylabyň hormatly we beýik ýolbaşçysy Aýatolla Mojtaba Hameneýä öz wepalylygyny bildirýär.
Hebregan mejlisi Aýatollah Seýed Mojtaba Hameneýini Eýran Yslam Respublikasynyň Ynkylabynyň ýolbaşçysy ýagny ruhy lideri hökmünde saýlady
Hebregan mejlisi Aýatollah Seýed Mojtaba Hameneýini Eýran Yslam Respublikasynyň Ynkylabynyň ýolbaşçysy ýagny ruhy lideri hökmünde saýlady Совет Хебреган избрал аятоллу Сейеда Моджтабу Хаменеи лидером Революции Исламской Республики Иран
8-nji mart Halkara Zenanlar güni
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky İlçihanasynyň Medeniýet Merkezi ähli aýal-gyzlary 8-nji mart - Halkara zenanlar güni bilen tűýs ýürekden gutlaýar we Siziň her biriňíze berk jan saglyk, bagtyýar durmuş we maşgala abadançylygyny arzuw edýär.
Türkmen halkynyň gynanç bildirmek üçin galdyran ýazgylary
Türkmen halkynyň gynanç bildirmek üçin galdyran ýazgylary Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri hem-de Türkmenistanyň halky, Yslam ynkylabynyň beýik ruhy lideriniň we “Minab”şäheriniň okuwçylarynyň şehit bolmagy sebäpli gynanç bildirmek üçin galdyran ýazgylary
Beýik Allanyň ady bilen Mübärek Remezan aýy we Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam ynkylabynyň Beýik Lideri, şehit Aýatolla al-Uzma Ymam Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlap on günlük Gurhan sergisiniň geçirilmegi
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde mübärek Remezan aýy mynasybetli we Eýran Yslam ynkylabynyň Beýik Lideri, şehit Aýatolla al-Uzma Ymam Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlanyp Gurhan sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergi 2026-njy ýylyň 6-njy martynda (1404-nji ýylyň esfänd aýynyň 15-ne) Medeniýet merkezinde açylyp, 10 gün, ýagny 2026-njy ýylyň 15-nji martyna (1404-nji ýylyň esfänd aýynyň 24-ne) çenli dowam eder. Serginiň açylyş dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Türkmenistanyň müftisi Ýalkap Hojagulyýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili, Aşgabat şäherindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, TRT teleýaýlymynyň Aşgabatdaky resmi wekili Ugur Sami Gezer, Medeniýet merkeziniň mugallymlary, pars dili öwrenijileri we olaryň maşgala agzalary, Türkmenistanda ýaşaýan hem-d
Türkmen halkynyň milli lideri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Eýranyň prezidentine gynanç bildirdi
Türkmeniň milli lideri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadag, Türkmenistanyň halkynyň adyndan, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkiana we tutuş Eýran halkyna Beýik Lideri Aýatolla Seýýid Ali Hameneýiniň wagtsyz aradan çykmagy sebäpli gynanç bildirdi. Gahryman Arkadag bu kyn pursatda merhumyň maşgalasyna we dost-ýarlaryna gynanç bildirdi we merhumyň ruhuna gökde parahatçylyk, topragyň ýumşak bolmagyny arzuw etdi.