Habarlar
دهم تیرماه روز دیپلماسی فرهنگی و تعامل با جهان گرامی باد 1-nji iýul (10-njy Tir) - Medeni diplomatiýa we bütin dünýä bilen özara gatnaşyklar güni gutly bolsun!
1-nji iýul (10-njy Tir) - Medeni diplomatiýa we bütin dünýä bilen özara gatnaşyklar güni gutly bolsun!
Eýranyň şehit ýolbaşçysy hem-de onuň maşgala agzalary bilen hoşlaşmak çäreleri
Eýranyň şehit ýolbaşçysy hem-de onuň maşgala agzalary bilen hoşlaşmak çäreleri مراسم وداع و تدفین رهبر شهید ایران و اعضای خانواده امام خامنه ای شهید
Türkmenistanda pars dili boýunça 2026-nji ýylyň ýazky okuw möwsüminiň jemleýji synaglary geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda - 1405-nji ýylyň 28-nji hordadynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda Aşgabat şäherindäki Medeniýet merkezinde pars dili öwrenijileriň ýazky okuw möwsüminiň jemleýji synaglary geçirildi. Synaglara dürli ýaşdaky pars dili öwrenijileri gatnaşdylar. Jemleýji synaglarda, pars dili öwrenijiler 5 dereje ýagny başlangyç, orta, ýokary, iň ýokary derejeler boýunça berlen soraglara ýazuw görnüşinde jogap berdiler. Pars diliniň ýokary derejelerine kabul edilmek üçin synagdan üstünlikli geçmek şertdir. Ähli derejede okaýan pats dili öwrenijileri maý - ordibeheşt aýynda ýarym okuw synaglary ýazuw we dilden tabşyrdylar.
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde pars dilini gorap saklamak, Hekim Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak hem-de “Şanama” okamak bäsleşigi geçirildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň 2026-njy ýylyň ýylyň maý aýynyň başynda üstünlikli geçiren Saady Şirazyny hatyralamak dabarasyna Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň pars dili we edebiýaty mugallymlarynyň we talyplarynyň uly gyzyklanma bilen gatnaşmagy netijesinde, şu ýylyň maý aýynyň 15-ne Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde pars dilini gorap saklamak, Hekim Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak hem-de “Şanama” okamak bäsleşigi geçirildi Bu bäsleşik Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlykda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň Geografiýa fakultetiniň 400 orunlyk mejlisler zalynda guraldy. Bäsleşigiň ýeňijileri bolan ilkinji üç orna mynasyp gatnaşyjylara Medeniýet merkeziniň adyndan pul baýraklary, kitaplar we Hormat hatlary gowşuryldy. Çäräniň maksady talyplary beýik şahyr Ferdöwsi hem-de onuň dünýä edebiýatynyň gymmatly hazynasy hasa
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde pars dilini gorap saklamak, Hekim Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak hem-de Mugallymlaryň ornuny hormatlamak hepdeligine bagyşlanan dabaranyň geçirilmegi
Medeni we edebi seneleriň birnäçesi mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda 2026-njy ýylyň 12-nji maýynda (1405-nji ýylyň 21-nji ordibeheştinde) sagat 18:00-dan 20:00-a çenli pars dilini gorap saklamak, beýik şahyr Hekim Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak hem-de Ferdöwsiniň goşgularyny ýatdan aýtmak we “Şanama” okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Medeniýet merkeziniň 1405-nji ýylyň 12-nji ordibeheştinde Mugallymlar güni bilen utgaşykly Mary şäherinde Ymam Reza (a.s.) festiwalyny geçirmegini nazara alyp, pars dilini gorap saklamak dabarasynyň bir bölegi mugallymyň belent mertebesine bagyşlanan goşgy okaýyşlaryna, döredijilik ýazgylaryna we Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileriniň mugallymlary hormatlamak çykyşlaryna bagyşlandy. Gurhany Kerimden aýatlaryň okalmagyndan we Eýran Yslam Ynkylabynyň şehit lideri Ymam Hameneýiniň mugallymyň mertebesi baradaky çykyşlarynyň görkezilmeginden soň, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky
Ymam Ryza (a) doglan gününe bagyşlanyp Türkmenistanda Baýramaly şäherinde dabaraly çäre gurnaldy
2026-njy ýylyň 2-nji maýynda, şenbe güni (1405-nji ýylyň 12-nji ordybeheşti) Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň tagallalary bilen hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Mary şäherindäki Baş konsullygy bilen hyzmatdaşlykda, Ymam Ryza (a.s.) mübärek doglan güni mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu çäre Horasan-e Razawi welaýatynyň Bilermenler mejlisiniň wekili we Sebzewar şäheriniň ymamy Aýatolla Mogise, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Rozbehani, EYR-nyň Mary şäherindäki Baş konsuly jenap Kamju, EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasi, Astan-e Gods-e Razawiniň mütewelliliginiň hormatly wekili Hüjjetülislam we’l-Muslimin Faraziniýa hem-de bu welaýatdan gelen wekiliýet, Horasan-e Razawi welaýatyndaky Yslam Medeniýeti we Aragatnaşyk Guramasynyň wekilhanasynyň müdiri Hüjjetülislam we’l-Muslimin Gafurinežad,
EYR-nyň T-ndaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasiniň Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Syýahatçylyk hepdiginiň dabaraly açylyşyna gatnaşmagy
Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Syýahatçylyk hepdiginiň dabaraly açylyşy boldy. Adat boýunça her ýylyň 15-22-nji apreli aralygynda geçirilýän bu taslama medeni gepleşikleri berkitmäge we ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir. Maksatnamany Türkiýäniň diplomatik wekilhanasy, ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hem-de Syýahatçylygy ösdürmek we tanatmak agentligi (TGA) bilen bilelikde gurady. Dabara diplomatlar, jemgyýetçilik işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şeýle – hem EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi gatnaşdylar.
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetinde Saady Şirazynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuwa jaýlarynyň we EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileriniň arasynda Saady Şirazynyň goşgysyny ýat tutmak bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi hem-de Bilim Ministrligi bilen hyzmatdaşlyk esasynda EYR-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi Türkmenistanyň 5 sany ýokary okuw jaýlary, ýagny, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä Dilleri Instituty, Türkmen Döwlet Energetika Instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet Mugallymçylyk Instituty hem-de Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara gatnaşuklary instituty bilen bilelikde Saady Şirazynyň şygryýet günini Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň 400 adamlyk zalynda ýokary okuw jaýlarynyň talyplary bilen Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileriniň arasynda goşgy okamak bäsleşigi geçirilip, ilkinji 3 adam nagt, kitap we hormat hatlary bilen sylaglandy. Bu medeni çäre ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynda pars edebiýatyny we goşgylaryny öwrenmäge gyzyklama döretmek maksady bilen geçirildi.
EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň Mejlisler zalynda Saady Şirazynyň şygryýet güni, gyzlar güni hem-de keramat ongünlüginiň geçirilmegi