• Aug 19 2026 - 09:31
  • 23
  • Okamak üçin wagt : 3 minute(s)

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkeziniň işjeň gatnaşmagynda Türkmenistanda Kids Expo 2026 halkara sergisiniň açylyşy barada hasabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkezi “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly serginiň iki bölüminde hem-de kitap bölüminde medeniýet we sungat eserleri, şeýle-de çagalar üçin niýetlenen işler bilen gatnaşdy. Bu sergi  2026-njy ýylyň awgust aýynyň 19-22-si aralygynda Aşgabat şäherinde geçirildi. Bu sergi ýöriteleşdirilen çäre hökmünde çagalara we ýetginjeklere degişli önümleri, hyzmatlary, egin-eşikleri, oýunjaklary we mümkinçilikleri görkezdi. Çärä Eýran Yslam Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Hytaý, Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Ýaponiýa, ABŞ, BAE, Beýik Britaniýa, Polşa, Kanada, Awstraliýa, Singapur, Bahreýn, Portugaliýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan ýaly 20-den gowrak ýurtdan halkara kompaniýalar we ÝUNISEF ýaly guramalar gatnaşdy.

4

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkeziniň işjeň gatnaşmagynda Türkmenistanda "Kids Expo 2026" halkara sergisiniň açylyşy barada hasabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkezi “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly serginiň iki bölüminde hem-de kitap bölüminde medeniýet we sungat eserleri, şeýle-de çagalar üçin niýetlenen işler bilen gatnaşdy.

Bu sergi  2026-njy ýylyň awgust aýynyň 19-22-si aralygynda Aşgabat şäherinde geçirildi. Bu sergi ýöriteleşdirilen çäre hökmünde çagalara we ýetginjeklere degişli önümleri, hyzmatlary, egin-eşikleri, oýunjaklary we mümkinçilikleri görkezdi. Çärä Eýran Yslam Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Hytaý, Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Ýaponiýa, ABŞ, BAE, Beýik Britaniýa, Polşa, Kanada, Awstraliýa, Singapur, Bahreýn, Portugaliýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan ýaly 20-den gowrak ýurtdan halkara kompaniýalar we ÝUNISEF ýaly guramalar gatnaşdy.

Medeniýet Merkeziniň bölüminde çagalar üçin oýunjaklar, amaly-haşam sungatynyň önümleri, şeýle-de intellektual we dynç alyş oýunlary bilen bir hatarda, Eýranyň dürli  welaýatlaryna degişli milli lybaslar hem-de ajaýyp el işleri köpçülige hödürlendi. Kitap bölüminde türkmen, rus we iňlis dillerine terjime edilen çagalar üçin niýetlenen Eýran kitaplary, şeýle hem "Saady" gaznasy tarapyndan neşir edilen pars dilini öwrenmek boýunça okuw kitaplary ýerleşdirildi. Mundan başga-da, gelýän myhmanlara Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet Merkezinde medeniýet, bilim we sungat ugrunda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berýän pars, rus we türkmen dillerindäki broşýuralar hem hödürlendi.

Medeniýet merkeziniň birnäçe pars dili öwrenijileri milli lybaslary geýip, myhmanlary Eýran süýjülikleri bilen garşyladylar hem-de lybaslar we Merkeziň işjeňligi baradaky soraglara türkmen, rus we pars dillerinde jogap berdiler.

Çäräniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasi Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen pikir alyşmalar geçirdi we döwlet telewideniýesi hem-de dürli habar agentlikleri bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Medeniýet merkeziniň ahli işgärleri Minab mekdebindäki 168 sany şehit bolan çagalary ýatlap, “168” belgisi ýazylan nyşanjygy dakdylar. Eýran-Türkmenistan bilelikdäki Söwda Palatasynyň utgaşdyrmasy we goldawy bilen Eýranyň birnäçe kompaniýalary hem çagalar üçin geýimleri we özleriniň dürli täjirçilik önümlerini görkezdiler. Ýeri gelende aytsak Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy hödür-kerem bölüminde myhmanlara Eýranyň milli naharlaryny hödürledi. Serginiň açylyş dabarasy awgust aýynyň 19-na sagat 10:00-dan 12:00 aralygynda geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, dürli edaralaryň we hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnasdylar. Bu sergi 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 22-ne çenli dowam etdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Medeniýet Merkeziniň bölümine baryp gören wagtynda oňa Eýranyň el işleri sowgat berildi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

3 1 2 6 7 5 9 8 11 10 15 16 17 19 18 WhatsApp Image 2026-08-19 at 3.19.38 PM (2) 13 WhatsApp Image 2026-08-19 at 3.19.40 PM (2) WhatsApp Image 2026-08-19 at 3.51.32 PM (1) WhatsApp Image 2026-08-19 at 3.53.31 PM (2) WhatsApp Image 2026-08-19 at 3.53.31 PM WhatsApp Image 2026-08-19 at 3.55.45 PM

Filmler.