Page Number :1

Habarlar

EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi nakgaş Hojamuhammet Çüriýewiň şahsy sergisine gatnaşdy

EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi nakgaş Hojamuhammet Çüriýewiň şahsy sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Çeperçilik sergiler müdürliginde nakgaş Hojamuhammet Çüriýewiň şahsy sergisi 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda, anna güni, 10 mehr 1405-nji ýyla öz işine başlady. Nakgaşyň 60 ýaş ýubileý sergisi 125 sany nakgaşlyk we 20 sany grafik eserini öz içine alýar. Suratkeş Haj Muhammad Çüriýewiň şahsy sergisi 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda, anna güni, 10 mehr 1405-nji ýyla gabat gelýän, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sungat sergileri bölüminde açyldy. Suratkeşiň 60 ýyllygyna bagyşlanan sergide 125 surat we 20 grafika işi bar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkezinde Jebislik hepdesi hem-de Hezreti Muhammet Pygamberiň (s.a.w.) we Ymam Jäfär Sadegiň (a.s.) doglan gününe bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde 2026-njy ýylyň 29-njy awgustynda Jebislik hepdesi hem-de Hezreti Muhammet Pygamberiň (s.a.w.) we Ymam Jäfär Sadegiň (a.s.) doglan gününe bagyşlap Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtäbа Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Medeniýet merkeziniň mugallymlary, pars dili öwrenijileri we olaryň maşgala agzalary, Türkmenistanda ýaşaýan we zähmet çekýän eýranly hünärmenler we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem Eýrandan wagtlaýyn iş saparyna gelen işgärler gatnaşdylar.

Jebislik hepdeligi mynasybetli Yslam Ynkylabynyň şehit Ruhy Lideri Ymam Hameneýiniň “Beýik Pygamberiň (s.a.w) ömür beýany – ýolbaşçynyň sözi

Jebislik hepdeligi mynasybetli Yslam Ynkylabynyň şehit Ruhy Lideri Ymam Hameneýiniň “Beýik Pygamberiň (s.a.w) ömür beýany – ýolbaşçynyň sözi

   2026-njy ýylyň 27-nji awgusty, çarşenbe güni, Jebislik hepdesi hem-de Yslam Pygamberi Hezreti Muhammet Mustapanyň (s.a.w) we Ymam Jäfär Sadegiň (a.s) mübärek doglan günleri mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde 51 sany pars dili öwrenijiniň hasaba alynmagynda Yslam Ynkylabynyň şehit Ruhy Lideri Ymam Hameneýiniň «Beýik Pygamberiň (s.a.w) ömür beýany – ýolbaşçynyň sözi bilen» atly kitaby boýunça sorag-jogap bäsleşigi geçirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkeziniň işjeň gatnaşmagynda Türkmenistanda Kids Expo 2026 halkara sergisiniň açylyşy barada hasabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkeziniň işjeň gatnaşmagynda Türkmenistanda Kids Expo 2026 halkara sergisiniň açylyşy barada hasabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkezi “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly serginiň iki bölüminde hem-de kitap bölüminde medeniýet we sungat eserleri, şeýle-de çagalar üçin niýetlenen işler bilen gatnaşdy. Bu sergi  2026-njy ýylyň awgust aýynyň 19-22-si aralygynda Aşgabat şäherinde geçirildi. Bu sergi ýöriteleşdirilen çäre hökmünde çagalara we ýetginjeklere degişli önümleri, hyzmatlary, egin-eşikleri, oýunjaklary we mümkinçilikleri görkezdi. Çärä Eýran Yslam Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Hytaý, Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Ýaponiýa, ABŞ, BAE, Beýik Britaniýa, Polşa, Kanada, Awstraliýa, Singapur, Bahreýn, Portugaliýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan ýaly 20-den gowrak ýurtdan halkara kompaniýalar we ÝUNISEF ýaly guramalar gatnaşdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkezinde matanyň ýüzünde surat çekmeklik sapaklary başlandy

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet Merkezinde matanyň ýüzünde surat çekmeklik sapaklary başlandy

1405-nji ýylyň mordad aýynyň 2-sine (2026 njy ýylyň iýul aýynyň 24-ine) Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyñ Medeniýet merkezinde Eýranyň sungatyny tanatmak we öwretmek maksady bilen eýranly suratkeş hanym Zähra Sadat Hoseýnizadeniñ öwretmeginde matanyñ ýüzünde surat çekmek sapaklary başlandy. Bu okuw sapagyna “Art-bazar” galereýasynyň müdiri hem-de Türkmenistanyň halk suratkeşi hanym Täjigül Gurbanowa, uly göwrümli häzirki zaman eşikleriniň milli dizaýneri Ýelena Annaberdiýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň taryh professory hem-de lukman Maýa Babaýewa ýaly Türkmenistanyň sungat işgärleri, professorlar we sungat höwesjeňleri, Medeniýet merkeziniň käbir pars dili öwrenijileri we Eýranyň medeniýet we sungat söýüjileri gatnaşdy. Synp 12 sapakdan bolup 2,5 sagat dowam eder. Sapaga gatnaşyjylar dizaýn, kompozisiýa, reňkleri tanamak, mata nagyşlaryny eýran usulynda geçirmegi hem-de dürli matalary boýamak usullaryny öwrenerler.

Eýran we Yslam üçin janyny pida eden Şehit Ymam Hameneýini ýatlamak

Eýran we Yslam üçin janyny pida eden Şehit Ymam Hameneýini ýatlamak

EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Yslam Ynkylabynyň Şehit Lideriniň jaýlanmagynyň 7-si mynasybetli "Eýran we Yslam üçin janyny pida eden Şehit Ymam Hameneýini ýatlamak" çäresi geçirildi EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde 1405-nji ýylyň tir aýynyň 25-ine (2026-njy ýylyň iýul aýynyň 16-syna) penşenbe güni sagat 18:00-19:30 aralygynda Yslam Ynkylabynyň Şehit Lideriniň jaýlanmagynyň 7-si mynasybetli "Eýran we Yslam üçin janyny pida eden Şehit Ymam Hameneýini ýatlamak" çäresi geçirildi.

 Eýran we Yslam üçin janyny pida eden şehit Ymam Hameneýini hatyralamak çäresi Aşgabat ş.16-njy iýul 2026 ý

Eýran we Yslam üçin janyny pida eden şehit Ymam Hameneýini hatyralamak çäresi Aşgabat ş.16-njy iýul 2026 ý

Eýran we Yslam üçin janyny pida eden şehit Ymam Hameneýini hatyralamak çäresi. Eýran we Yslam üçin janyny pida eden şehit Ymam Hameneýini hatyralamak çäresi Ähli isleg bildirýänleri 2026-njy ýylyñ 16-njy iýulynda, sagat 18:00-da EYR-nyñ Türkmenistandaky ilçihanasynyñ Medeniýet Merkezinde geciriljek bu matam çäresine gatnaşmaga çagyrýarys. Aşgabat ş.16-njy iýul 2026 ý. مراسم گرامیداشت "جان فدای بزرگ ایران و اسلام" امام خامنه ای شهید

Horezminiň ýatlama güni we maglumat tehnologiýalary güni gutly bolsun.

Horezminiň ýatlama güni we maglumat tehnologiýalary güni gutly bolsun.

Horezminiň ýatlama güni we maglumat tehnologiýalary güni gutly bolsun.

Türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanyp geçirilen “Eýran bilen Türkmenistanyň dostlugy we garyndaşlygy, umumy taryhyň, medeniýetiň, sungatyň we mirasyň aýnasynda” atly suratkeşlik bäsleşigine gatnaşyjylary sylaglamak hem-de

Türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanyp geçirilen “Eýran bilen Türkmenistanyň dostlugy we garyndaşlygy, umumy taryhyň, medeniýetiň, sungatyň we mirasyň aýnasynda” atly suratkeşlik bäsleşigine gatnaşyjylary sylaglamak hem-de “Bereketli Eýran saçagy kitabyndan saýlanan tagamlar” eseriniň türkmen dilindäki terjimesiniň tanyşdyryş çäresiniň EYR-nyň T-ndaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde geçirilmegi 2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda EYR-nyň T-ndaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda Medeniýet diplomatiýasy we Bütindünýä bilen özaragatnaşyk güninde Türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanyp geçirilen “Eýran bilen Türkmenistanyň dostlugy we garyndaşlygy, umumy taryhyň, medeniýetiň, sungatyň we mirasyň aýnasynda” atly suratkeşlik bäsleşigine gatnaşyjylary sylaglamak hem-de “Bereketli Eýran saçagy kitabyndan saýlanan tagamlar” eseriniň türkmen dilindäki terjimesiniň tanyşdyryş çäresi geçirildi.