• Mar 31 2026 - 17:25
  • 12
  • Okamak üçin wagt : 3 minute(s)

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet Merkezine türkmen suratkeşinden sowgat

1405 – nji ýylyň 11 – nji farwardininde (2026 – njy ýylyň 31 – nji martynda) Türkmenistanly suratkeş we dizaýner Aşyr Geldiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezine baryp gördi we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi bilen duşuşdy. Bu duşuşykda türkmen hünärmeni Amerikanyň we Ysraýylyň jenaýatçylykly hüjümleri sebäpli şehit bolan Yslam Ynkylabynyň lideriniň 14 aýlyk şehit agtygynyň suratyny Medeniýet merkezine sowgat berdi. Suraty Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasä gowşuranda, suratkeş bu gynançly habary alanda özüniň we tutuş maşgalasynyň gynanandygyny aýtdy. Şeýle hem, özüniň we maşgalasynyň adyndan Eýranyň ähli halkyna hem-de Minab mekdebinde şehit bolan okuwçylaryň ähli maşgalalaryna gynanç bildirdi we Eýranyň bu uruşda hökman ýeňjekdigine ynanýandygyny belledi.

 

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet Merkezine türkmen suratkeşinden sowgat

1405 – nji ýylyň 11 – nji farwardininde (2026 – njy ýylyň 31 – nji martynda) Türkmenistanly suratkeş we dizaýner Aşyr Geldiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezine baryp gördi we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi bilen duşuşdy. Bu duşuşykda türkmen hünärmeni Amerikanyň we Ysraýylyň jenaýatçylykly hüjümleri sebäpli şehit bolan Yslam Ynkylabynyň lideriniň 14 aýlyk şehit agtygynyň suratyny Medeniýet merkezine sowgat berdi.

Suraty Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasä gowşuranda, suratkeş bu gynançly habary alanda özüniň we tutuş maşgalasynyň gynanandygyny aýtdy. Şeýle hem, özüniň we maşgalasynyň adyndan Eýranyň ähli halkyna hem-de Minab mekdebinde şehit bolan okuwçylaryň ähli maşgalalaryna gynanç bildirdi we Eýranyň bu uruşda hökman ýeňjekdigine ynanýandygyny belledi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi hem suratkeş Aşyr Geldiýewe gymmatly sowgat üçin minnetdarlyk bildirdi we şeýle diýip belledi: Eýran Yslam Respublikasynyň bi günä we güýçli lideri, köp ýyllaryň dowamynda Eýranyň paýhasly halkyna ýolbaşçylyk etdi we mertebeli hem-de batyr musulman hökmünde dünýäniň hökmürowan güýçlerine hem-de basybalyjy Ysraýyla garşy durdy we iň soňunda, Allanyň ýolunda şehit bolmak baradaky köpden bäri arzuw edip ýören maksadyna ýetdi. Biziň şehit ymamymyz soňky çykyşlarynda Eýran halkynyň yslam duşmanlaryny ýok etmek üçin garşy durjakdygyny öňünden aýdypdy. Biz hem bu çaklamanyň amala aşandygyny, ýagny watany goramak we ýolbaşçylyga eýermek üçin matam tutýan hem-de ynkylapçy Eýran halkynyň güýçli we doly gatnaşmagy arkaly görýäris. Inşalla, bu ýagdaý tiz wagtda hakykatyň ýalňyşa garşy doly ýeňiş gazanmagyna getirer.

Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi sözüniň dowamynda şeýle diýdi: Siziň sungat ussady hökmünde bu mowzuga üns bermegiňiz we şeýle ajaýyp suraty taýýarlamagyňyz buýsanç döredýär. Biz örän şat we minnetdar, sebäbi dost we doganlyk ýurt bolan Türkmenistan, käbir sebit ýurtlarynyň tersine, öz Bitaraplygyny we Garaşsyzlygyny nygtap, yslam duşmanlarynyň öz çäginden peýdalanmagyna ýol bermedi.

Belläp geçsek, Aşyr Geldiýew öz TikTok sahypasynda 2109 sany yzarlaýja eýedir. Ol şehit Zahra Mohammadi Golpaýeganiniň ýagny, Yslam ynkylabynyň şehit lideriniň 14 aýlyk agtygynyň ýüz keşbiniň ajaýyp suratynyň ýerine ýetirişi barada 2 sany wideo paýlaşdy. Bu wideolar yzarlaýjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy: birinji wideo 3137 laýk, 317 teswir we 68 600 tomaşa gazandy, ikinji wideo bolsa 11 500 laýk, 1482 teswir we 242 000 tomaşa gazandy.

2014 – nji ýylyň 3 – nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhany we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewe Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň açylyş dabarasy mynasybetli gowşurylan altyn otlyny heýkeltaraş we suratkeş jenap Aşyr Geldiýew beýleki käbir hünärmenler bilen bilelikde ýasandygyny belläp geçmek gerek.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.