• Feb 26 2026 - 11:10
  • 6
  • Okamak üçin wagt : 5 minute(s)

Türkmenistanda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetinde Eýranly mugallymlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň bäş uniwersitetiniň pars dili mugallymlary we talyplary üçin guralan hünär kämilleşdiriş okuw sapaklarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetinde Eýranly mugallymlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň bäş uniwersitetiniň pars dili mugallymlary we talyplary üçin guralan hünär kämilleşdiriş okuw sapaklarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetinde on günlük hünär kämilleşdiriş okuw sapaklarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu okuwda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä Dilleri Institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk Institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika Institutynyň we Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary Institutynyň jemi 60 sany pars dili mugallymy we talyby gatnaşdy.

Türkmenistanda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetinde Eýranly mugallymlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň bäş uniwersitetiniň pars dili mugallymlary we talyplary üçin guralan hünär kämilleşdiriş okuw sapaklarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetinde on günlük hünär kämilleşdiriş okuw sapaklarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu okuwda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä Dilleri Institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk Institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika Institutynyň we Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary Institutynyň jemi 60 sany pars dili mugallymy we talyby gatnaşdy.

Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Ali Akbar Bazubändi, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, eýranly mugallymlar hanymlar doktor Şahnaz Ahmadigader we doktor Tahmine Şeýhi hem-de okuwa gatnaşyjylarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Ilki bilen, Ali Akbar Bazubendi uniwersitetiň ýolbaşçylygyna, Medeniýet merkeze we degişli işgärlere şeýle okuwlary gurandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda pars dili we beýleki ugurlar boýunça ylmy-uniwersitet hyzmatdaşlygyny ösdürmäge doly taýýardyklaryny aýtdy. Şeýle hyzmatdaşlygyň iki dost-dogan ýurduň mugallymlarynyň we talyplarynyň bilim hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga giň mümkinçilik döredýändigini belledi.

Soňra Orazgeldi Öwezsähedow çykyş edip, Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasyna, Medeniýet merkezine we eýranly mugallymlara hoşallyk bildirdi. Ol bu okuwlaryň örän ähmiýetli hem-de üstünlikli geçirilendigini, gatnaşyjylaryň doly kanagatlanandygyny aýtdy. Şeýle-de ol Türkmenistanda kabul edilen “Halkara tejribäni peýdalanmaga aýratyn üns berýän dürli ugurlar boýunça 20 ýyllyk hünär derejesini ýokarlandyryş maksatnamasyna” salgylanyp, geljekde dürli hünär ugurlarynda eýranly mugallymlaryň gatnaşmagynda täze okuwlary guramak hem-de türkmen talyplarynyň Eýranda geçirilýän himiýa, matematika ýaly halkara olimpiadalara gatnaşmagyna mümkinçilik döretmek boýunça haýyş bildirdi.

Rektor Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti bilen Maşadyň Firdöwsi Uniwersitetiniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygy täzelemek we dowam etdirmek zerurlygyny belläp, bu meseläni işjeň goldamaklaryny sorady. Şeýle-de indiki hünär ýokarlandyryş okuwlaryny uniwersitetleriň dynç alyş döwründe (25-nji ýanwar – 9-njy fewral aralygynda) meýilleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Ol bu gezekki okuwda gatnaşyjylaryň bilim derejesiniň dürli-dürlüdiginiň mugallymlar üçin kynçylyk döredendigini, şonuň üçin geljekde okuw başlamazdan öň takyk dereje kesgitleýiş barlagynyň geçirilmelidigini nygtady.

Abdolreza Abbasi bu okuwlaryň üstünlikli geçirilmegini iki ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky görkezmeleriniň hem-de medeniýet boýunça geňeşçiligiň bäş aýlyk taýýarlyk işleriniň netijesi hökmünde häsiýetlendirdi. Ol Saady gaznasyna, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisine, Bilim ministrligine hem-de türkmen uniwersitetleriniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, şeýle okuwlaryň dowamly häsiýete eýe boljakdygyna umyt bildirdi. Şeýle-de gatnaşyjylaryň başlangyç we jemleýji baha beriş netijeleriniň eýranly mugallymlaryň täze usullary ulanandygyny hem-de türkmen mugallymlarynyň we talyplarynyň ýokary gyzyklanma bilen gatnaşandygyny görkezýändigini aýtdy. Dabara gatnaşyjylara iki dilde taýýarlanan şahadatnamalar gowşurylyp, baha beriş netijeleri esasynda iň gowy gatnaşyjylaryň kesgitlenjekdigini mälim etdi.

Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Eýran bilen Türkmenistanyň umumy taryhy we medeni kökleriniň bardygyny belläp, geljekde talyplaryň iki ýurduň edebi we medeni mirasyny pars we türkmen dillerine terjime edip, giň jemgyýetçilige ýetirmelidigini belläp geçdi. Şeýle-de geljekde mugallymlary we talyplary Eýrana gaýtadan taýýarlyk, hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna ibermek, şeýle hem talyp hakly okuwlar we ylmy mümkinçilikleri döretmek boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny nygtady.

Soňra doktor Şahnaz Ahmadigader çykyş edip, okuw başlanmazdan öň dereje kesgitleýiş synagynyň geçirilendigini, gatnaşyjylaryň iki topara bölünendigini, emma bilim derejesiniň tapawutly bolmagy sebäpli köp derejeli okadyş usulynyň ulanylandygyny aýtdy. Birinji topara öňdebaryjy mugallymlar we talyplar, ikinji topara bolsa başlangyç, orta derejedäki gatnaşyjylar girizildi. Ol gatnaşyjylaryň pars diline bolan uly höwesine ýokary baha berdi.

Doktor Tahmine Şeýhi hem çykyş edip, bu wagtda özüni öýündäki ýaly duýandygyny, pars diliniň sözlük, grammatika we fonetika ugurlary boýunça bilimlerini paýlaşmaga mümkinçilik tapandygyna şatdygyny aýtdy. Ol çykyşynyň bir bölegini türkmen dilinde dowam etdirip, ähli gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdi.

Soňra pars we türkmen dillerinde taýýarlanan şahadatnamalar ähli gatnaşyjylara gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda, eýranly mugallymlar doktor Şahnaz Ahmadigadere hem-de  doktor Tahminä Şeýhi Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti hem-de Medeniýet merkezi tarapyndan tayyarlanan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: