• Jan 12 2026 - 18:30
  • 4
  • Okamak üçin wagt : 4 minute(s)

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Çaryýew bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Ilçihananyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi we Ilçihananyň medeniýet bölüminiň hünärmeni Morteza Bageri bilen bilelikde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Çaryýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we onuň Medeniýet merkezi tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen geçirildi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Çaryýew bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Ilçihananyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi we Ilçihananyň medeniýet bölüminiň hünärmeni Morteza Bageri bilen bilelikde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Çaryýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we onuň Medeniýet merkezi tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda institutyň rektory Maksat Çaryýew myhmanlary mähirli garşy alyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçisi bilen ilkinji resmi duşuşygyň geçirilýändigini belledi hem-de jenap Ruzbehanini Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan berlen hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşanyny almagy bilen gutlady. Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynda daşary ýurtlar, hususan-da goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýandygyny nygtady. 2025-nji ýylda Eýranyň Medeniýet merkezi bilen bilelikde geçirilen şahyrlary we edebi şahsyýetleri hormatlamak çäreleri, Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk we 2026-njy ýylyň fewral aýynda pars dili boýunça par dili hünäriniň mugallymlary we talyplary üçin meýilleşdirilen 10 günlük okuwlaryň guralmagy mynasybetli minnetdarlyk bildirildi hem-de bu hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň zerurdygy bellenildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirip, täze ýylyň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany»  diýlip atlandyrylmagy bilen gutlady. Ol Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk we dostluk häsiýetine eýedigini, iki halky çuň taryhy we medeni umumylyklaryň birleşdirýändigini belläp geçdi. Medeni hyzmatdaşlygyň iki ýurduň gatnaşyklarynda aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, medeniýet we ylym-bilim ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň Ilçihananyň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Ferdöwsi hem-de Bojnurd uniwersitetleriniň arasynda bar bolan hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklaryň esasynda bilelikdäki çäreleri geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Abdolreza Abbasi çykyşynda Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de täze ýyl bilen gutlady. Ol Eýran bilen Türkmenistanyň umumy taryhy-medeni mirasynyň bardygyny, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň döwlet ýolbaşçylary tarapyndan goldanylýandygyny nygtady. Şeýle hem iki ýurduň arasynda baglaşylan medeni we ylmy hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklaryna laýyklykda pars dili, edebiýat, bilim we ylym ugurlarynda bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmäge doly taýýarlyk bildirildi. Hususan-da, uniwersitetde eýranşynaslyk otagyny döretmek, pars dili boýunça okuw maslahatlaryny geçirmek, edebi çäreleri guramak, talyp we mugallym alyş-çalşygyny ýola goýmak, pars dili boýunça olimpiada ýa-da pars dili hepdeligini geçirmek ýaly teklipler öňe sürüldi.

Duşuşygyň ahyrynda rektor Maksat Çaryýew teklip edilen başlangyçlar üçin hoşallyk bildirip, 2026-njy ýylda bilelikdäki çäreleriň işjeň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem pars dili hünäriniň talyplarynyň sözleýiş endiklerini ösdürmek üçin Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezindäki okuwlara gatnaşmagyna, onlaýn görnüşindäki ylmy maslahatlary geçirmäge we Muhammet Pygamberiň doglan gününiň 1500 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri guramaga taýýardygyny aýtdy.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň wekiliýeti uniwersitetiň pars dili hünäriniň mugallymlary we talyplary bilen duşuşyp, olar bilen pikir alyşdy. Şeýle hem Eýran Medeniýet merkezi tarapyndan bu instituta pars dilindäki edebiýat wekilleriniň kitaplary we okuw gollanmalary sowgat berildi.

 

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: