• Oct 12 2025 - 16:40
  • 15
  • Okamak üçin wagt : 3 minute(s)

Aşgabatda saglygy goraýşa, bilime we sporta bagyşlanan sergi geçirildi

10-njy oktýabrda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahaty geçirildi. 12-nji oktýabra çenli dowam eden bu çäre däp boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýar. Sergä Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary we telekeçiler gatnaşýarlar.

Aşgabatda saglygy goraýşa, bilime we sporta bagyşlanan sergi geçirildi

10-njy oktýabrda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahaty geçirildi. 12-nji oktýabra çenli dowam eden bu çäre däp boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýar.

Sergä Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary we telekeçiler gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde guralan dabaraly açylyş çäresine Hökümet agzalary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

 Serginiň ekspozisiýasy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depginlerini, lukmançylyk ylmynyň we senagatynyň gazananlaryny, ilatyň saglygyny goramakdaky mümkinçilikleri hem-de bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň artýan gyzyklanmasyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.

Sergä gatnaşýan daşary ýurtly kompaniýalaryň arasynda Russiýadan, Belarusdan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan, Koreýadan we beýleki ýurtlardan derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, sarp edilýän serişdeleri hödürleýän firmalar bar. Olar dürli lukmançylyk hyzmatlaryny, tebigy kosmetika önümleriniň giň görnüşini we çagalar üçin iýmitleri görkezýärler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem sergide öz üstünliklerini görkezýär. Wideoşekiller, diwarlyklar we ekspozisiýalar myhmanlary sanly bilimiň yzygiderli ösdürilişi bilen tanyşdyrýar. Bu ugur innowasiýalaryň, täze bilimleriň, ylmyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we bäsdeşlige ukyplylygyň güýçli itergisi hökmünde çykyş edýär.

Bu sergä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi hem bardy. Ol sergidäki Russiýa Federasiýasynyň bölüminde Arhangelsk döwlet uniwersitetiniň wekilleri, Aşgabat şäherindäki Russiýanyň medeniýet öýüniň ýolbaşçysy Ýuliýa Staneslawowna Zaýsewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň pars dili mugallymy Arzuw hanym bilen duşuşdy.

Ýuliýa Zaýsewa jenap Abbasi bilen tanyşanlygy begenýänligini we Russiýa bilen Eýranyň iki dost – dogan ýurtlugyny belläp, medeniýet ugrunda Türkmenistanda hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda işleri alyp barmaklygy taýýarlygyny mälim etdi.

Jenap Abbasi hem sergide hanym Zaýsewa bilen tanyşanyna begenýänligini beýan edip, pursatdan peýdalanyp, 14- nji oktýabrda Medeniýet merkezinde gurnalan Hafyz Şiraza bagyşlanan çärä çagyrdy. Üç ýurduň medeniýet pudagynda işleri alyp barmaklyga hem taýýarlygyny beýän etdi.

Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň bölüminde bu okuw jaýynyň mugallymy pars dili edebiýatynyň talyplara öwredilýänligi barada jenap Abbasä gürrüň berdi. Şeýle – de talyplaryň has-da bu dile bolan höwesiniň artmasy üçin beilelikde çäreleri geçirmekligiň we okuw işleri boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmaklygynyň täsir etjekligi barada aýdyp geçdi.

Jenap Abbasi bu bölümde talyplaryň pars dilini has-da gowy öwrenmeleri üçin Medeniýet merkeziniň bu okuw jaýy bilen medeni çäreleri geçirmeklik we beýleki hyzmatdaşlyklary alyp barmaklyga taýýarlygyny aýtdy.   

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: