Pars dili öwrenijileri - mugallymlary üçin gyşky okuw sapaklary (18.01.2026 - 03.02.2026)
Pars dili öwrenijileri / mugallymlary üçin gyşky okuw sapaklary (18.01.2026 - 03.02.2026) "Saady" gaznasy 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary - 3-nji fewraly aralygynda pars dili boýunça gyşky okuw sapaklaryny geçirýär. Okuw sapaklaryna dil bilimi ýokary we orta derejede bolan hemme pars dili öwrenijileri gatnaşyp bilerler. Bu okuw sapaklary 2 hepdeläp Tähran şäherinde dowam eder we gatnaşyjylar hem özleriniň pars dili ukyplaryny kämilleşdirip bilerler hem-de Tähranyň gözel künjeklerinde gezmek bilen Eýran we onuň häzirkizaman medeniyeti bilen tanyşarlar.
فارسی آموزان
Pars dili öwrenijileri / mugallymlary üçin gyşky okuw sapaklary (18.01.2026 - 03.02.2026)
"Saady" gaznasy 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary - 3-nji fewraly aralygynda pars dili boýunça gyşky okuw sapaklaryny geçirýär. Okuw sapaklaryna dil bilimi ýokary we orta derejede bolan hemme pars dili öwrenijileri gatnaşyp bilerler. Bu okuw sapaklary 2 hepdeläp Tähran şäherinde dowam eder we gatnaşyjylar hem özleriniň pars dili ukyplaryny kämilleşdirip bilerler hem-de Tähranyň gözel künjeklerinde gezmek bilen Eýran we onuň häzirkizaman medeniyeti bilen tanyşarlar.
Okuw sapaklary hakynda gysgaça maglumat
Pars dili sapaklary: 2 hepde, şenbe-çarşenbe günleri aralygynda, 8:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.
Goşmaça çäreler: Tähranyň gözel künjeklerine baryp görmek.
Gatnaşyjylar: Pars dilini yokary we orta derejede bilýän pars dili öwrenijileri
Okuw kursunyň tölegi: 300 ýewro (okuw sapaklary, 3 wagtyna naharlanma, ýerleşiş, ätiýaçlandyrma we güwänama gowşurylmagy)
Tölegiň görnüşi: Tährana gelnen güni (nagt görnüşinde)
Okuw sapaklaryna ýazylmak üçin aşakdaky salgylanmada ýerleşdirilen formany dolduryň:
https://s1f.ir/winterschool2026
Möhüm seneler:
Hasaba alyş: 2025-nji ýylyň 26-njy noýabryndan 9-njy dekabryna çenli
Bilim derejesiniň barlagy: 16-njy dekabr, 2025ý.
Okuw sapaklary: 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary – 3-nji fewraly aralygy
معلمین
Pars dili mugallymlary üçin gyşky okuw sapaklary (18.01.2026 - 03.02.2026)
"Saady" gaznasy 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary - 3-nji fewraly aralygynda pars dili dili mugallymlary üçin gyşky okuw sapaklaryny geçirýär. Okuw sapaklaryna bütin dünýädäki pars dili mugallymlary gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylar pars dilini okatmakdaky bilimlerini kämilleşdirerler hem-de Tähranyň gözel künjeklerinde gezmek bilen Eýran we onuň häzirkizaman medeniyeti bilen tanyşarlar.
Okuw sapaklary hakynda gysgaça maglumat
Pars dili sapaklary: 2 hepde, şenbe-çarşenbe günleri aralygynda, 8:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.
Goşmaça çäreler: Tähranyň gözel künjeklerine baryp görmek.
Gatnaşyjylar: Pars dili mugallymlary

Filmler.