• Nov 7 2025 - 21:09
  • 8
  • Okamak üçin wagt : 2 minute(s)

Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Behmän Nuri pars dili öwrenijileri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Behmän Nuri Türkmenistana bolan saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň şol ýurtdaky Medeniýet merkezinde pars dilini öwretmekdäki alynylyp barylýan işler bilen tanyş boldy.  

Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Behmän Nuri pars dili öwrenijileri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Behmän Nuri Türkmenistana bolan saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň şol ýurtdaky Medeniýet merkezinde pars dilini öwretmekdäki alynylyp barylýan işler bilen tanyş boldy.  

Ilki bilen, ýurdumyzyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi we Saadi gaznasynyň wekili Abdolreza Abbasi Medeniýet merkeziniň işi we pars dilini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdi; Soňra Behmän Nuri pars dili sapaklaryna baryp, dürli derejedäki pars dili öwrenijileri we mugallymlar bilen söhbetdeş boldy, şeýle-de täze pars dilini öwrenmäge başlan pars dili öwrenijileriň el ýazuwy bilen tanyşyp, bir aýyň dowamynda pars diliniň elipbiýini şeýle owadan ýazan okuwçylara haýran galýanlygyny aýtdy.

Şeýle-de Abdolreza Abbasi  Medeniýet merkezinde alynylyp barylýan medeniýet we sungat işleri, miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungaty boýunça ussatlyk sapaklarynyň Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynda geçirilişi barada beýan edip, Demirgazyk Horasan welaýatynyň halk döredijilik toparlarynyň we sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramaklyk, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplarynyň alyş – çalyşyny guramaklyk, bilelikdäki sergi we ýarmarkalary guramaklykda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy aýtdy.

Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Behmän Nuri Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynda we ýurdumyzyň Medeniýet merkezinde miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatlary boýunça ussatlyk sapaklaryny geçirmek bilen Türkmenistanda saparda bolýan hünärmenler hanym Najmeh Hosseinian we SeýedehSahar Haşemi bilen söhbetdeş bolup, olara işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Belläp geçsek, Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Behmän Nuriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2025-nji ýylyň 5-noýabrynda Türkmenistanyň Daşary Işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we Söwda Senagat edarasynyň wekilleri bilen Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda söwda – senagat ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistana geldiler.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: