• May 15 2026 - 09:28
  • 23
  • Okamak üçin wagt : 5 minute(s)

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde pars dilini gorap saklamak, Hekim Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak hem-de “Şanama” okamak bäsleşigi geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň 2026-njy ýylyň ýylyň maý aýynyň başynda üstünlikli geçiren Saady Şirazyny hatyralamak dabarasyna Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň pars dili we edebiýaty mugallymlarynyň we talyplarynyň uly gyzyklanma bilen gatnaşmagy netijesinde, şu ýylyň maý aýynyň 15-ne Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde pars dilini gorap saklamak, Hekim Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak hem-de “Şanama” okamak bäsleşigi geçirildi    Bu bäsleşik Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlykda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň Geografiýa fakultetiniň 400 orunlyk mejlisler zalynda guraldy. Bäsleşigiň ýeňijileri bolan ilkinji üç orna mynasyp gatnaşyjylara Medeniýet merkeziniň adyndan pul baýraklary, kitaplar we Hormat hatlary gowşuryldy.    Çäräniň maksady talyplary beýik şahyr Ferdöwsi hem-de onuň dünýä edebiýatynyň gymmatly hazynasy hasa

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde pars dilini gorap saklamak, Hekim Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak hem-de “Şanama” okamak bäsleşigi geçirildi

   Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň 2026-njy ýylyň ýylyň maý aýynyň başynda üstünlikli geçiren Saady Şirazyny hatyralamak dabarasyna Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň pars dili we edebiýaty mugallymlarynyň we talyplarynyň uly gyzyklanma bilen gatnaşmagy netijesinde, şu ýylyň maý aýynyň 15-ne Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde pars dilini gorap saklamak, Hekim Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak hem-de “Şanama” okamak bäsleşigi geçirildi

   Bu bäsleşik Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlykda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň Geografiýa fakultetiniň 400 orunlyk mejlisler zalynda guraldy. Bäsleşigiň ýeňijileri bolan ilkinji üç orna mynasyp gatnaşyjylara Medeniýet merkeziniň adyndan pul baýraklary, kitaplar we Hormat hatlary gowşuryldy.

   Çäräniň maksady talyplary beýik şahyr Ferdöwsi hem-de onuň dünýä edebiýatynyň gymmatly hazynasy hasaplanýan “Şanama” eseri bilen has ýakyndan tanyşdyrmak, şeýle hem olarda pars edebiýatyny öwrenmäge bolan gyzyklanmany artdyrmakdan ybarat boldy.

   Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Orazsähedow we onuň orunbasarlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň wekilleri Guwançmyrat Çangliýew we Rahmanberdi Godarow, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet habar agentlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we döwlet telewideniýesiniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri hem-de Türkmenistanda işleýän eýranly hünärmenler gatnaşdylar.

   Çäräniň başlamagyndan öň eýran wekiliýeti uniwersitetiň mejlisler zalynyň daşynda guralan türkmen halylarynyň hem-de kitap sergisine we Medeniýet merkeziniň sungat eserleri sergisine baryp gördüler. Mundan başga-da, “Türkmenistan habarlar portaly” Eýranyň Ilçisi we Medeniýet geňeşçisi bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Dabaranyň dowamynda aşakdaky medeni maksatnama ýerine ýetirildi:

  1.  Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşy.
  2.  Çäräni alyp baryjylaryň gutlag sözleri.
  3.  Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Orazsähedowyň çykyşyndan gysgaça mazmun.Ol hormatly myhmanlary, alymlary, mugallymlary we talyplary mübärekläp, pars dilini gorap saklamak we Hekim Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak güni mynasybetli geçirilýän “Şanama” okamak bäsleşiginiň ähmiýeti belläp geçdi. Şeýle hem döwletara dostluk, medeni hyzmatdaşlyk we gündogar halklarynyň beýik akyldarlarynyň adamzadyň ösüşine goşan goşandy barada aýratyn nygtady. Ferdöwsiniň dünýä edebiýatyndaky orny we Magtymguly Pyragynyň onuň döredijiligine bolan hormaty barada belläp geçdi.
  4.  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň çykyşyndan gysgaça mazmun.Ilçi öz çykyşynda bu çärä gatnaşýandygyna şatdygyny aýdyp, pars dilini gorap saklamak gününiň hem-de pars diliniň beýik goragçysy hasaplanýan Hekim Ferdöwsiniň ýadygärliginiň ähmiýetini belledi. Şeýle hem Ferdöwsiniň ömür ýoluna, “Şanama” eseriniň dörediliş taryhyna we onuň dünýä medeniýetindäki ornuna giňişleýin degip geçdi. Mundan başga-da, Eýran bilen Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň iki halkyň medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän uly goldawlaryny aýratyn nygtady.
  5.  Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet geňeşçisi Abdolreza Abbasiniň çykyşyndan gysgaça mazmun.Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Bilim ministrligine we ýokary okuw jaýlaryna hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, pars dilini gorap saklamak hem-de Ferdöwsini hatyralamak çäreleriniň ýaşlaryň arasynda edebi mirasy wagyz etmekdäki ähmiýetini belläp geçdi. Şeýle hem “Şanama” eseriniň pars diliniň we medeniýetiniň beýikligi hem-de şöhraty bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtady.
  6.  “Şanama” okamak bäsleşiginiň eminler toparynyň tanyşdyrylmagy.
  7.  Bäsleşige gatnaşyjylaryň tanyşdyrylmagy.
  8.  Bäsleşigiň I tapgyrynyň düşündirilmegi we başlanmagy - gatnaşyjylar tarapyndan “Şanama” eserinden azyndan 10 beýtiň (ikileme) ýatdan aýdylmagy.
  9.  Medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan Ferdöwsi baradaky wideoşekiliň görkezilmegi.
  10.  Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Zarina Babajanowa we Muhammetmyrat Meňliýew tarapyndan Ferdöwsiniň goşgularyna döredilen aýdymyň ýerine ýetirilmegi.
  11.  Medeniýet merkezi tarapyndan çykyşlaryň mazmuny boýunça sorag-jogap bäsleşiginiň geçirilmegi we ýeňijilere baýraklaryň gowşurylmagy.
  12.  Eminler toparynyň wekili tarapyndan I tapgyryň ýeňijileriniň yglan edilmegi.
  13.  II tapgyryň başlanmagy - saýlanan 6 gatnaşyjy tarapyndan okalan beýtleriň (ikilemeleriň) düşündirilmegi we olaryň degişli wakalarynyň beýan edilmegi.
  14.  Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijisi Arslan Berdiýew tarapyndan Möwlana Jelaleddin Rumynyň goşgusyna döredilen aýdymyň ýerine ýetirilmegi.
  15.  Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Şemşat Azadowa tarapyndan Ferdöwsiniň ömri baradaky çykyşy.
  16.  Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň talyplary tarapyndan dutar sazynyň ýerine ýetirilmegi.
  17.  II tapgyryň ýeňijileriniň yglan edilmegi.
  18.  III tapgyryň başlanmagy - 5 gatnaşyja ýeňil, orta we çylşyrymly derejeli soraglaryň berilmegi.
  19.  “Şanama” okamak bäsleşiginiň ýeňijileriniň yglan edilmegi, ähli gatnaşyjylara şahadatnamalaryň, ilkinji 3 orna mynasyp bolanlara bolsa kitaplaryň we pul baýraklarynyň gowşurylmagy.
  20.  Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň talyplary tarapyndan jemleýji aýdym-sazly çykyşyň ýerine ýetirilmegi.

   Bu çäre Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, pars dili we edebiýatyna bolan gyzyklanmany artdyrmak, şeýle hem iki halkyň umumy medeni mirasyny wagyz etmek ugrunda möhüm ädim boldy.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.