Ymam Ryza (a) doglan gününe bagyşlanyp Türkmenistanda Baýramaly şäherinde dabaraly çäre gurnaldy
2026-njy ýylyň 2-nji maýynda, şenbe güni (1405-nji ýylyň 12-nji ordybeheşti) Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň tagallalary bilen hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Mary şäherindäki Baş konsullygy bilen hyzmatdaşlykda, Ymam Ryza (a.s.) mübärek doglan güni mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu çäre Horasan-e Razawi welaýatynyň Bilermenler mejlisiniň wekili we Sebzewar şäheriniň ymamy Aýatolla Mogise, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Rozbehani, EYR-nyň Mary şäherindäki Baş konsuly jenap Kamju, EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasi, Astan-e Gods-e Razawiniň mütewelliliginiň hormatly wekili Hüjjetülislam we’l-Muslimin Faraziniýa hem-de bu welaýatdan gelen wekiliýet, Horasan-e Razawi welaýatyndaky Yslam Medeniýeti we Aragatnaşyk Guramasynyň wekilhanasynyň müdiri Hüjjetülislam we’l-Muslimin Gafurinežad,
Ymam Ryza (a) doglan gününe bagyşlanyp Türkmenistanda Baýramaly şäherinde dabaraly çäre gurnaldy
02/05/2026 – 12/02/1405
2026-njy ýylyň 2-nji maýynda, şenbe güni (1405-nji ýylyň 12-nji ordybeheşti) Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň tagallalary bilen hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Mary şäherindäki Baş konsullygy bilen hyzmatdaşlykda, Ymam Ryza (a.s.) mübärek doglan güni mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Bu çäre Horasan-e Razawi welaýatynyň Bilermenler mejlisiniň wekili we Sebzewar şäheriniň ymamy Aýatolla Mogise, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Rozbehani, EYR-nyň Mary şäherindäki Baş konsuly jenap Kamju, EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasi, Astan-e Gods-e Razawiniň mütewelliliginiň hormatly wekili Hüjjetülislam we’l-Muslimin Faraziniýa hem-de bu welaýatdan gelen wekiliýet, Horasan-e Razawi welaýatyndaky Yslam Medeniýeti we Aragatnaşyk Guramasynyň wekilhanasynyň müdiri Hüjjetülislam we’l-Muslimin Gafurinežad, Aşgabatdaky “Saderat” bankynyň şahamçasynyň müdiri jenap Hasani, şeýle hem Türkmenistanyň eziz halkynyň 1000-den gowrak wekili we Ymam Ryza (a.s.) hormat goýýan raýatlaryň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirildi.
Baýramçylyk çäresi Mary şäherinden 40 kilometr uzaklykda ýerleşýän Baýramaly şäherindäki Ymam Ryza (a.s.) taryhy öýüniň we gadamgähiniň ýanynda guraldy. Bu dabarada, Ymam Ryza (a.s.) muşdaklarynyň uly höwes bilen gatnaşmagy üçin ähli şertler döredildi.
Ilki bilen dabaranyň alyp baryjysynyň çagyrmagy esasynda Astan-e Gods-e Razawiden gelen meddaḥ jenap Safdari mukaddes Gurhanyň aýatlaryny täsirli we joşgunly görnüşde okady. Soňra Ymam Ryza (a.s.) «Ýörite Salawatyna» degişli wideoşekil hem-de Yslam Ynkylabynyň şehit lideriniň Maşat şäheri we Ymam Ryza (a.s.) baradaky parasatly sözlerini öz içine alýan wideoýazgy, dabara gatnaşyjylarynyň uly hormat goýup, ýerlerinden turmaklary bilen görkezildi.
Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Hormatly Baş konsuly jenap Kamju myhmanlary mähirli garşy alyp, Ymam Ali ibn Musa ar-Ryza (a.s.) mukaddes ruhuna hormatyny beýan etdi. Şeýle hem ol Maryda jaýlanan Yslam pygamberiniň (s.a.w.) iki hormatly sahabasyny we Hoja Ýusup Hemedani hezretleriniň ruhy mertebesini ýatlap geçdi.
Jenap Kamju çykyşynda şeýle diýdi: «Yslam ymmatynyň şehit lideri, beýik ýolbaşçy Aýatolla Hameneýiniň (r.a.) mukaddes ýadygärligini, şeýle hem Ysraýylyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýran halkyna garşy alyp baran agressiw hüjümlerinde şehit bolan beýleki şehitleriň ýagty ýatlamalaryny hormat bilen ýatlaýaryn. Şeýle-de olaryň beýik ýoluny dowam etdirmekde Allatagaladan ýardam dileýärin».
Jenap Kamju çykyşynyň dowamynda Türkmenistan Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Olaryň Ymam Ryza (a.s.) hezretleriniň doglan güni mynasybetli geçirilýän dabaralara hemişe goldaw berýändiklerini, şeýle-de soňky amerikan-sionist basybalyjylykly uruşlary döwründe Eýran döwleti we halky bilen raýdaşlyk görkezendiklerini aýratyn nygtady. Ol şeýle hem şu dabara gatnaşýan hormatly eýranly myhmanlara, hususan-da Aýatolla Mogisä we ýanyndaky wekiliýete, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Rozbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi doktor Abbasi, Aşgabatdaky Saderat bankynyň müdiri jenap Hasani hem-de uzak ýoldan gelip, şu ýylky dabaranyň ruhy täsirini we şatlykly ýagdaýyny has-da baýlaşdyran ähli türkmenistanly myhmanlara hoş geldiňiz diýdi.
Jenap Kamju çykyşynyň ahyrynda şeýle diýdi: «Beýik Biribaryň çäksiz merhemetine we Gyzyl Ymamyň (a.s.) mübärek adynyň berekedine bil baglap, şol beýik şahsyýetiň galdyryp giden ruhy we medeni mirasynyň, taglymatlarynyň hem-de öwüt-ündewleriniň saýasynda Türkmenistan bilen Eýranyň halklarynyň arasynda dostlugyň, agzybirligiň, parahatçylygyň we berekediň hemişelik bolmagyny dileg edýäris».
Soňra dabaranyň alyp baryjysy Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abbasyny çykyş etmek üçin sahna çagyrdy. Jenap Abbasi myhmanlara hoş geldiňiz sözlerini aýdyp, olaryň dabaraly çärä işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol bu dabaranyň üstünlikli geçirilmegine goldaw beren iki dostlukly ýurduň hormatly ýolbaşçylaryna we degişli edaralaryna sagbolsun aýdyp, öz çykyşynda şeýle diýdi:
Şu gün biz Hezreti Ymam Ryzanyň (a) mübärek aýak yzlary galan, türkmen halkynyň arasynda mukaddes bolan bu keramatly ýerde Ymamymyzyň doglan gününi bellemek bagtyna miýesser boldyk. Şunuň ýaly mukaddes ýerde, şol mähriban Ymamyň ýaşan öýüniň galyndylarynyň ýanynda bolmak, köp sanly musulman doganlarymyzyň arzuwydyr.
Jenap Abbasi öehit lideriň sözlerine salgylanyp, çykyşyny dowam etdi:
Yslam Ynkylabynyň şehit ruhy lideri Aýatollah Hameneýi şeýle diýýär: “Aly ibn Musa ar-Ryzanyň (a) aramgähi gökdäki melekleriň ýeridir, Allanyň nazar salan mekanydyr. Päk kalplar we bu mukaddes ojaga ynananlar, ol ýerde Alla bilen syrdaş bolýarlar. Bu ýer zikr, üns we töwhid merkezidir. Şeýle-de ol: Ymam Ryza (a) hyzmatynda bolmak meniň üçin hormatdyr we «Eýran – Ymam Ryzanyň Eýranydyr» diýmek bilen, ol hezretiň bereketleriniň bütin halkymyza ýar bolýandygyny belleýär. Inşallah, bu ylahy nazar we goldaw arkaly yslam dünýäsi ähli duşmanlaryň hem-de zulum ediji güýçleriň garşysynda ýeňiş gazanar.
Soňra ýurdumyzyň T-ndaky ilçisi jenap Ruzbehani çykyş etdi : Bize bu ýyl hem Ymam Ryza aleýhyssalama bagyşlanan ruhy we medeni çäräni onuň muşdaklarynyň we oňa uýýanlaryň gatnaşmagynda geçirmäge mümkinçiligiň dörändigi üçin Hudaýtagala şükür edýäris. Pursatdan peýdalanyp, sebitimiziň siwilizasiýasynyň we medeniýetiniň taryhynda parlak bir bap açan ýagşylyklaryň ymamy bolan hezreti Aly ibn Musa er-Ryza aleýhyssalamyň doglan güni bilen gutlaýaryn.
Ol sözüni dowam etdi: Ymam Ryzanyň (a.s.) gelmegi bilen bu sebitiň taryhynda şugla saçýan täze bir bap açyldy diýip hasaplaýaryn, çünki bu uly sebitiň her biri ýaşaýjysy Gündogaryň güneşi bolan Ymam Ryzany öz dilinde çagyryp, ondan medet dileýärler. Biz her niçik ony türkmen dilinde Gyzyl Ymam, täjik dilinde Şahe Welaýät (Weliligiň şasy), Gazagystanda we Gyrgyzystanda oňa uýýanlaryň diýişi ýaly Ryza ata ýa-da owgan we özbek dostlarymyzyňky ýaly Horasanyň soltany ýa Aly Ryza Soltan diýip atlandyrsak hem, biziň göz öňünde tutýanymyz şol bir adamdyr. Bu şahsyýetiň sebitimizde bolmagy Yslam dünýäsiniň ruhy geografiýasyny üýtgetdi we Eýranyň halky bilen Merkezi Aziýanyň halklarynyň, ylaýta-da dogan we goňşy ýurt bolan Türkmenistanyň halkynyň köňüllerini aýrylmaz derejede biri-birine baglady. Sözüniň soňunda ilçi ili ýurduň ýolbaşçylaryna we ähli gurnaýjylara çäräni geçirmekde eden ýardamlary we çeken zähmetleri üçin sagbolsun aýtdy.
“Keramat derýasy” atly wideoşekil görkezilenden soň, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Nurgözel Saparowa çykyş etdi: Hezreti Ymam Ryza beýik ymam, akyldar, alym şahsyýetdir. Ol ylym dünýäsini, ylmyň dürli pudaklaryny çuňňur bilen danadyr. Onuň many-mazmunly dana sözleri, çuňňur akyl-parasaty Gündogar halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha berkidýän mizemez köpri bolup durýar.
Ol sözüniň soňunda şeýle diýdi: Türkmen halky Abul Hasan Aly ibn Musa Ryzanyň aramgähine zyýarat edýär. Nusgawy türkmen şahyrlary Hezreti Ala we onuň neberelerine uly hormat goýup, özleriniň eserlerinde bu beýik şahsyýetleri hormat bilen ýatlaýarlar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy “Bagyşla bizni” goşgusynda:
Deň-duşlar ýanynda bir bikemalam,
Aşygy-Mejnunam, şikeste halam,
Synaýy-Horasan, zuwwary-älem,
Ýa, Ymam Ryzaýa bagyşla bizni.
diýip, hezreti Ymam Ryzanyň aramgähini “Horasanda ýerleşýän älemiň zuwwary (zyýarat edilýän ýeri)” diýip atlandyrýar we beýik akyldara uly sarpa goýýar.
Şeýle-de Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Oguljeren Amanowa hem çykyş taýýarlapdy ýöne wagtyň çäkligi sebäpli çykyş etmedi.
«Enäniň dogasy» atly wideoşekiliň görkezilmeginden soň, Astan-e Gods-e Razawiniň mütewelliliginiň hormatly wekili Hüjjetülislam we’l-Muslimin Faraziniýa çykyş edip, bu dabaraly çäräniň geçirilmegine ýardam eden eýranly we türkmenistanly ýolbaşçylara hem-de ähli guramaçylara tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy. Ol öz çykyşynda: «Ymam Ryza (a.s.) muşdaklary bilen birlikde, şol hormatly şahsyýetiň ruhy nurdan doly öýüniň we gadamgähiniň ýanynda jemlenmek bagtynyň bize nesip edendigine örän şatdyryn» diýip belledi. Şeýle hem ol Ymam Ryza (a.s.) hezretleriniň merhemetleri we keramatlary barada täsirli gürrüň edip, şeýle diýdi: «Biz şu gün özüňiz ýaly muşdaklaryň zyýarat etmegi üçin ençeme ýyllap Ymam Ryza (a.s.) hezretleriniň gümmeziniň üstünde pasyrdap duran mübärek baýdagy getirdik».
Soňra dabaranyň alyp baryjysy Sebzewar şäheriniň ymamy hem-de Horasan-e Rezawi welaýatynyň Bilermenler mejlisiniň wekili Aýatollah Mogisäni çykyş etmek üçin sahna çagyrdy. Aýatollah Mogise ilki bilen bu ajaýyp dabaranyň geçirilmegine gatnaşan ähli guramaçylara we her ýyl bu baýramçylygyň geçirilmegine goldaw berýän Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Ol çykyşynda şeýle diýdi: «Şehit beýik ruhy lider Ymam Hameneýiniň hem-de onuň mynasyp dowamçysy Aýatollah Mojteba Huseýni Hameneýiniň ýagty ýadygärligini hormat bilen ýatlap, olaryň hemişelik çagyryşynyň yslam agzybirligi, yslam doganlygy we Eýran Yslam Respublikasynyň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklarynyň aýratyn ähmiýeti bolandygyny bellemek isleýärin. Häzirki döwürde ähli musulmanlar bir bitewi güýje öwrülmelidirler. Bu mesele Eýran Yslam Respublikasynyň hormatly Prezidenti doktor Pezeşkiýan tarapyndan hem yzygiderli nygtalýar».
Aýatolla Mogise çykyşynyň dowamynda şeýle diýdi: «Merkezi Aziýanyň döwletlerinde ýaşaýan ähli musulman doganlarymyza we uýalarymyza Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan hiç hili haýyş edilmezden, öz islegleri bilen Eýrana dürli kömekleri iberendikleri üçin, bu ýere gelen wekiliýetiň hem-de Eýran döwletiniň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmekligi, öz borjum hasap edýärin».
Sebzewar şäheriniň ymamy, Ymam Ryza (a.s.) ýokary ahlak sypatlary we onuň Merwde ýaşan döwrüniň bereketleri barada durup geçip, şeýle diýdi: «Biziň her ýyl ýygnanýan şu mukaddes mekanymyzda belli bir döwürde Ymam, ýolbaşçy, ýokary derejä ýeten beýik ynsan we ähli ýokary ylahy sypatlary özünde jemlän şahsyýet ýaşapdyr. Şonuň üçin bu çäräniň we şu ýerde bolmagymyzyň gadyr-gymmatyna gowy düşünmelidiris».
Ol çykyşynda Süleýman pygamber (a.s.) bilen Seba melikesiniň wakasyna ýüzlenip, Süleýman pygamberiň ýaranlarynyň biriniň Beýik Allatagallanyň Ismi-Agzamynyň bir adyny bilýändigi sebäpli Seba şäherinden tagty göçürip getirendigini ýatlatdy hem-de şeýle diýdi: «Ymam Ryza (a.s.) özüniň Hudaý tarapyndan berlen ylmy esasynda: “Biz Allanyň Ismi-Agzamynyň ýetmiş iki adynyň ählisini bilýäris” diýip belleýär». «Biz rehim-şepagat ymamy bolan, jereniň penakäri hökmünde tanalýan, köp sanly hassalara şypa berýän hem-de dileg edýänleriň arzuwlaryny hasyl edýän Ymam Reza (a.s.) hezretleriniň öz söýüjilerine we muşdaklaryna aýratyn nazar salýandygyna berk ynanýarys».
Ol çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň ähli eziz halky üçin doga edip, olara berk jan saglyk, abadançylyk we uly üstünlikler arzuw etdi.
Bu dabaranyň dowamynda Ymam Ryza (a.s.) «Ýörite Salawaty», dini öwüt-ündewlere (tawasyhlara) degişli wideoşekiller, şeýle hem Medeniýet merkezinde taýýarlanan dürli medeni we dini mazmunly wideolar çäräniň dowamynda görkezildi.
Soňra jenap Safdariniň maddahlyk etmegi bilen, Astan-e Gods-e Razawiniň mütewelliliginiň hormatly wekili Hüjjetülislam we’l-Muslimin Faraziniýa, şeýle hem jenaplar Roşendel we Hasani tarapyndan Ymam Ryza (a.s.) mübärek aramgähiniň baýdagy dabara gatnaşyjylaryň arasynda aýlap görkezildi. Bu pursat örän täsirli, ruhy we joşgunly ýagdaýy emele getirdi. Ymamyň söýüjileriniň we muşdaklarynyň şatlyk gözýaşlary bilen utgaşan bu ruhy atmosfera ähli gatnaşyjylaryň kalbynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda halkyň uly islegi boýunça jenap Safdari «Ymam Ryza, biz sizi söýýäris» atly aýdym birnäçe gezek ýerine ýetirdi. Dabara gatnaşyjylar hem onuň bilen bilelikde uly ruhubelentlik bilen bu aýdymy ýerine ýetirdiler. Şeýle hem Ymam Ryza (a.s.) köp sanly söýüjileri eýranly wekiliýet bilen ýadygärlik surata düşmek islegini bildirip, eýranly ýolbaşçylara we guramaçylara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler hem-de Eýranynyň ösüşi, abraýy we ýeňişleri üçin doga etdiler. Soňra türkmen ylmy işgärlerine, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiline, şeýle hem jenaplar Hasani we Serparande ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Dabaranyň alyp baryjysynyň yglan etmegi bilen, çärä gatnaşan myhmanlar, ýolbaşçylar we beýleki resmi wekiliýet Hoja Ýusup Hemedani aramgähinde hudaý ýoly dabarasyna çagyryldylar. Şeýle hem uzak we ýakyn ýerlerden awtobuslar bilen gelen myhmanlara hudaý ýoly naharlary olaryň awtobuslarynda paýlanylyp berildi.
Filmler.