• Apr 17 2026 - 18:43
  • 20
  • Okamak üçin wagt : 5 minute(s)

EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň Mejlisler zalynda Saady Şirazynyň şygryýet güni, gyzlar güni hem-de keramat ongünlüginiň geçirilmegi

EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň Mejlisler zalynda Saady Şirazynyň şygryýet güni, gyzlar güni hem-de keramat ongünlüginiň geçirilmegi

1405-nji ýylyň Färwärdin aýynyň 28-ine (2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde) anna güni sagat 16:00-18:00 aralygynda EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Saady Şirazynyň şygryýet güni, gyzlar güni hem-de keramat ongünlügi geçirildi.

Türkmenistanyň degişli edaralary bilen edilen hyzmatdaşluklar esasynda Saady Şirazynyň şygryýet güni hem-de goşgy okamak bäsleşigi Ordibeheşt aýynyň birine dürli ýokary okuw jaýlarynyň talyplary bilen bilelikde geçirilmek göz öňünde tutulýar.

Bu çärä EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani, EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisiniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Medeniýet merkeziniň mugallymlary, pars dili öwrenijiler we Türkmenistandaky eýranlylar gatnaşdylar.

Hezreti Mäsume we gyzlar güni, Saady Şirazynyň şygryýet güni we kerama ongünlügi, Minap şäheriniň şehit gyzlaryny hatyralamak we Ymam Reza (a) doglan güni mynasybetli (Medeniýet merkezi Ymam Reza (a) hatyrasyna Mary welaýatynda çäre geçirýär we Aşgabatda hiç meýilnama ýokdur) çäre aşakdaky görnüşde geçirildi:

  1. Türkmen mollasy tarapyndan Gurhan aýatlarynyň okalmagy
  2. Alypbaryjynyň salamlaşygy
  3. EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisiniň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi çärä gatnaşanlara minnetdarlygyny bildirdi. Ol öz çykyşynda bu gün Hezreti Mäsumäniň hatyrasynda gyzlar güni diýip yglan edilendigi belläp, ähli gyzlary gyzlar güni bilen gutlady. Ol Minap şäheriniň Şejereýi Taýýibe mekdebiniň şehit gyzlaryny hatyralap, Ymam Hameneýiniň sözlerini belläp geçdi: "Gyzlar kuwwatlylygyň, jemgyýetiň we keramatyň sütünidir." Yslam Ynkylabynyň şehit lideri keramat ongünlügine degişli çärelerde hem ylym we siwilizasiýaladyrmak ugurlarynda Hezreti Mäsumäniň häsiýetlerinden nusga alyp, maşgala gurmagyň hem ynsany we täze nesli terbiýelemekde örän möhümdigini belläp geçdi. Mundan başga-da "Saady Şirazynyň şygryýet güni, ahlagyň, hikmetiň we ylmyň güni we biz pars dili we edebiýatyna, onuň medeniýetine gyzyklanýanlar hökman Saady Şirazy bilen onuň eserleri we durmuşy bilen tanyşmalydyrys" diýip aýtdy. Saady Şirazy Yslam Ynkylabynyň Şehit Lideri Aýatolla Hameneýiniň garaýşynda hem uly orun eýeläpdir. Ol özüniň dürle eserlerinde we kitaplarynda Saady Şirazyny ýatlap geçipdir. Ymam Hameneýiniň garaýşynda Saady Şirazy barada esasy düşünjeler "Saadynyň Gurhan bilen aýrylmaz baglanşygy", "Saadynyň hikmet we ylymdann doly eserleri" we "Saadynyň pars dilini goramagy" diýen düşünjeler bolupdyr.
  4. EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani öz çykyşynda ähli gatnaşyjylara minnetdarlyk bildireninden soň, ähli gyzlary Hezreti Mäsumäniň güni mynasybetli gyzlar güni bilen gutlady we Ordibeheşt aýynyň 1-ne Saady Şirazynyň günidigini bellap geçdi. Bu gün pars dili bilen gyzyklanýanlara asyrlar boýy ýitmän saklanyp galan bu gadymy dili has gowy öwrenmäge mümkinçilikdir. Bu gün geografiki çäklerden geçip bütin dünýäde täsir galdyran keramat barada söhbet edýäris. Saady Şirazy çylşyrymlr yrfan we jemgyýetçilik düşünjelerini sada dilde beýan etmegi, çuň manylary saklaýan sada dilde eser döretmegi başaran beýik şahyrdyr. Saady birnäçe eserleri döretse-de onuň esasy iki kitaby, "Gülüstan" we "Bossan" eserleri has hem meşhurdyr. Saady Şirazynyň iň ajaýyp düşünjeleriň biri hem "Ýakynlaryň we hossarlaryň bilen gatnaşygy saklamakdyr". Bu goňşuçylygyň iň ajaýyp nusgasyny häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşuklarda aýdyň görýäris. Biz goňşumyz türkmen halky bilen diňe bir umumy çägimiz bolman, eýsem, umumy geljegimiz, umumy medeniýetimiz we umumy edebiýatymyz bardyr. Magtymguly Pyragy, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp ýaly beýik şahsyýetler iki milletiň arasynnda uly köpri guran şahsyýetlerdir. Häzirki wagtda medeni ugurda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň hormatly prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa uly minnetdarlygymyzy bildirýäris.
  5. EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdym
  6. Saady Şirazynyň goşgy okamak bäsleşiginiň birinji tapgyrynyň başlamagy. Bäsleşige jemi 20 sany pars dili öwrenijileri gatnaşdylar. Emin agzalar berilen tablisa esasynda gatnaşyjylara baha berdiler.
  7. EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileriniň ýerine ýetirmeginde goşgy okalmagy
  8. EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdym
  9. Goşgy okamak bäsleşiginiň ikinji tapgyrynyň başlamagy. 13 sany pars dili öwreniji gatnaşdy
  10. Pars dilinde ýaňyltmaç okamak bäsleşigi
  11. Ymam Hameneýiniň şehitligi barada we Aýatolla Seýed Mojteba Hameneýiniň saýlanylmagy barada wideoşekiliň görkezilmegi
  12. Goşgy okamak bäsleşiginiň üçünji tapgyrynyň başlamagy. 3 sany pars dili öwreniji gatnaşdy.
  13. Goşgy okamak bäsleşiginiň we diwar gazeti bäsleşiginiň ýeňijileriniň yglan edilmegi we sowgatlaryň gowşurylmagy
Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.