Aýna böleklerinden binalaryň içki bezegi

Aýna böleklerinden binalaryň içki bezegi

Aýna böleklerinden binalaryň içki bezegi

Aýna böleklerinden bezeg - kiçijik aýna böleklerini geometrik şekiller, dürli-dürli güller  we nagyşlar görnüşinde ýelmemek bilen binanyň içki bezeginiň bir görnüşidir.

Aýna böleklerinden nagyş ýasaýan ussat aýnany dürli şekilli böleklere bölýär we  olary nagyş görnüşde ýelmeýär. Bu nagyşlar binada ýagty we owadan atmosfera döredýär. Şeýle atmosfera aýnanyň sansyz bölejiklerinde ýagtylygyň, parlaklygyň we gözelliginiň şöhlelenmegi bilen döredilýär.  Bu aýna mozaikasy binanyň içki bölegi üçin ajaýyp bir bezeg bolup, uzak wagtlap  berk durýar we   abatlygyny saklaýar.

Bu sungat  Eýranyň  amaly-haşam  sungatynyň   şahalarynyň biri bolup, eýran nakgaşlary tarapyndan   döredilen sungat  diýilip hasaplanýar we Sasanylar döwründe giňden ýaýrapdyr. Eýranyň dürli şäherlerinde aýna nakgaşlary bardy, ýöne  Yspyhanyň, Şyrazyň we Tähranyň  aýna ussatlary has meşhurdy.

Wagtyň geçmegi bilen bu binagärlik däbi baýlaryň öýlerinden zyýarat edilýän ýerlere ýaýrady we bu gymmatly sungat henizem ýurduň köp mukaddes ýerlerinde duş gelýär. Ajaýyp aýna işini köp sanly binalarda we köşklerde görmek bolýar. Gülistan köşgindäki  Aýna zaly we  Şams ol-Emare  köşgi ýaly bu sungatyň ajaýyp nusgalary dünýäde meşhurlyk gazandy.

Häzirki wagtda  binagärlik dizaýnerleri  binalary bezemek üçin bu sungaty ulanmaýarlar.  Muňa garamazdan  aýna ussatlary  özboluşly, näzik we owadan sungaty gorap saklamak maksady bilen gap-gaçlary bezemek üçin sungatyň bu görnüşini ulanýarlar.

 

Ady Aýna böleklerinden binalaryň içki bezegi
Ýurt Eýran

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: