Eýranyň däp bolan gulp ýasalyşy — ýönekeý, emma syrly sungat

Eýranyň däp bolan gulp ýasalyşy — ýönekeý, emma syrly sungat

Eýranyň däp bolan gulp ýasalyşy — ýönekeý, emma syrly sungat

Adamzat taryhynyň dowamynda gymmat bahaly zatlary gorap saklamak zerurlygy adamlary oýlanmaga we döredijilige iteripdir. Bu oýlanmalaryň netijesinde gymmatly zatlara el ýetirmegi çäklendirýän gorag çäreleri döredilipdir. Şonuň üçin gulp ýasalyş sungatynyň taryhyny adamzadyň aň-düşünjesi we jemgyýetçilik durmuşy ýaly örän gadymy hasaplamak bolar.

Eýranda gulp ýasalyşynyň taryhy

Käbir hünärmenleriň pikirine görä, adamlar tarapyndan döredilen ilkinji gulplar, her kimiň aňsat açyp bilmeýän çylşyrymly düwünler bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen has ygtybarly gulplary ýasamak üçin agaç ulanylyp başlanypdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki ikinji müňýyllykda Günorta-Günbatar Aziýada agaç gulplar ýasalan.
Eýranda gulp ulanylyşynyň taryhy hem takmynan b.e.ö. 1800-nji ýyllara degişlidir. Kaşanyň Silik depesinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde dört aýry bölekden ybarat we olary biri-biri bilen baglaýan baglaýjysy bolan daş bilezik tapylypdyr. Şeýle hem Şuşdaky Çoga Zanbilde b.e.ö. 1300-nji ýyla degişli gulp tapylypdyr. Persepolis muzeýinde saklanýan Ardaşir III-niň mazarynyň daş gapysynda diametri alty santimetr bolan deşik bar, bu deşik ähtimal açaryň girizilýän we klon gulpunyň herekete getirilýän ýeri bolupdyr.

Eýranda uly gapylary gulpamak üçin “klon” atly enjam ulanylypdyr, emma sandyklar we sandykjalar ýaly kiçi gap-gaçlar metal bilen ýasalan durnukly gulplar bilen üpjün edilipdir. Eýranda tapylan iň gadymy durnukly gulp Sasaniler döwrüne (III–VII asyrlara) degişlidir. Şeýle hem I–III asyrlarda ýasalan bürünç açar Eýranyň arheologik gazuwlarynda tapylypdyr. Bu açaryň grek we rim açarlaryna meňzeşligi Eýranda we Ýewropada gulp ýasalyş sungatynyň bir wagtda kemala gelendigini görkezýär.

Yslamyň Eýrana girmeginden birnäçe asyr soň şekilli gulplar giňden ýaýrapdyr. Bu gulplarda köplenç haýwan şekilleri ullanylypdyr. Seljuklar döwründe (1037–1194) şeýle gulplaryň sany ep-esli artypdyr. Soňraky asyrlarda bolsa däp bolan gulp ýasalyşyna täsir eden birnäçe özgerişlik ýüze çykypdyr:
birinjisi, Sefewiler döwründe sungatyň ösmegi we şonuň bilen gulp ýasalyşynyň hem giňelmegi;
ikinjisi, ýewropaly syýahatçylaryň Eýrana gelmegi we ýerli ussatlaryň Ýewropa sungaty bilen tanyşmagy;
üçünjisi bolsa poladyň ulanylmagy bolup, bu has köp nagyşlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik beripdir.

Däp bolan gulplaryň aýratynlyklary we görnüşleri

Gulp ýasaýan ussalar iň ýokary howpsuzlygy üpjün etmek üçin hemişe täze usullary we tehnikalary ulanyp gelipdirler. Şol sebäpli gulp ýasalyşy taryh boýunça çylşyrymly we ösýän bir sungata öwrülipdir we onuň ähli syrlaryny diňe az sanly ussatlar doly öwrenip bilipdir. Käbir däp bolan gulplar diňe gulp ýasaýjy tarapyndan ýörite taýýarlanan açar bilen açylýar we şol açarsyz asla açylmaýar.

Umuman alanyňda, Eýranda däp bolan gulplary iki esasy topara bölmek bolýar: gapylaryň gulplary we demir gulplar. Elbet – de, demir gulplar beýleki metallardan hem ýagny, bürünçden, bronzadan ýa-da misden hem ýasalýar, emma köplenç polat ulanylýar. Demir gulplar gapy gulplaryna garanyňda has çylşyrymly we dürli görnüşlidir. Olar açarly ýa-da syrly (kodly) görnüşde ýasalýar. Şeýle hem olaryň daşky görnüşinde ýolbars, sygyr, at, keýik, doňuz, dag geçisi ýaly haýwanlaryň ýa-da mifologik jandarlaryň şekilleri ulanylyp bilner.

Häzirki wagtda-da däp bolan gulplary ýasamakda gysgyç, ige, çekiç we buraw ýaly el bilen ulanylýan ýönekeý gurallar peýdalanylýar. Eýranda däp bolan gulp ýasalyşynyň gyzykly aýratynlyklaryndan biri demir ussahanalarynyň galyndylarynyň we çykdajylarynyň ulanylmagydyr. Ilki bilen demir listler we simler zerur ölçeglere görä kesilýär we gulpuň korpusy hem-de içki bölekleri ýasalýar. Soňra list egilýär, jaýryklary ýapylýar we içki bölekler ige bilen işlenip, gulpuň görnüşine görä korpusa ýerleşdirilýär.

Eýranda däp bolan gulp ýasalyşy haýsy şäherlerde ýaýrandyr?

Häzirki döwürde senagat gulplary giňden ulanylsa-da, Eýranda däp bolan gulp ýasalyşy henizem sungat we bezeg eseri hökmünde dürli şäherlerde dowam edýär. Bu gulplar özboluşly täzeçillikleri sebäpli aýratyn gyzyklanma döredýär we gymmatly zatlary goramakdaky işjeňligini hem saklap gelýär.

Häzirki wagtda däp bolan gulp ýasalyş sungaty Abrkuh (Ýäzd welaýaty), Gazwin, Hemedan, Borujerd (Lorestan), Talegan (Alborz welaýaty), Sawjbolag (Alborz welaýaty) we Najafabad (Yspyhan welaýaty) şäherlerinde Eýranyň milli mirasynyň sanawyna girizilendir. Şeýle-de Eýranyň köp welaýatlarynda, şol sanda Çaharmahal we Bahtiýari welaýatynda hem däp bolan gulplary ýasaýan we bejerýän ussalar bar. Bu sungatyň belli ussatlaryndan biri bolan Hasan Kokebi Gazwin şäherinde däp bolan usulda gulp ýasamak bilen meşgullanýar we onuň ady 2019-njy ýylda (1398 hijri-şemsi) Eýranyň maddy däl medeni mirasynyň “Diri miras” sanawyna girizildi.

Ady Eýranyň däp bolan gulp ýasalyşy — ýönekeý, emma syrly sungat
Ýurt Eýran
Şäherler
EserlerMetal and ornaments
RegistrationMilli

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: