Çalus ýoly - Eýranyň demirgazyk welaýatlaryna barýan ajaýyp ýol

Çalus ýoly - Eýranyň demirgazyk welaýatlaryna barýan ajaýyp ýol

Çalus ýoly - Eýranyň demirgazyk welaýatlaryna barýan ajaýyp ýol

Eýranyň demirgazyk sebiti syýahatçylaryň iň köp gelim-gidimli ýerleriniň biri hasaplanýar. Hazar deňziniň kenary, Alborz daglarynyň belentlikleri we gür tokaýlary bu sebitiň esasy tebigy gözellikleridir. Çalus ýoly Käräj şäherinden başlap, Çalus şäherine çenli dowam edýär. “59-njy ýol” ýa-da “Ýörite ýol” diýlip hem tanalýan bu ýol, daglyk we tokaýlyk görnüşleri bilen Eýranyň iň owadan ýollarynyň biri hökmünde tanalýar.

Çalus ýolunyň gurulmagynyň taryhy

Çalus ýolunyň gurluşygy 1931-nji ýylda (1310-njy hijri şemsi ýylynda) patyşa Reza Pehlewiniň hökümdarlyk eden döwründe başlandy. Bu taslama Eýranyň demirgazygyny Tähran şäheri hem-de ýurduň merkezi sebitleri bilen birleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Oňa çenli bu sebitlere barjak amatly ýol ýokdy, diňe käbir toprak ýollar bardy. Olar hem köplenç ýagyş ýagmagy we gaýalaryň ýykylyp gaçmagy ýaly sebäpler bilen ýapylýardy.

Iki ýyldan soň ýol taýýar bolup, patyşa Reza Pehlewiniň hut özi tarapyndan açylyp ulanylmaga berildi. Ýoluň möhüm ähmiýeti sebäpli oňa “Ýörite ýol” ady berildi. Ýol ulanylyşa berlenden soň, onuň töwereginde restoranlar, dynç alyş jaýlary we syýahatçylyk desgalary kem-kemden köpeldi.1961-nji ýylda (1340-njy hijri şemsi ýylynda) Emir Käbir (Käräj) bendiniň gurulmagy bilen ýoluň ugrunda uly köl emele geldi. Bu köl Tähranyň golaýynda ýerleşýän örän ajaýyp dynç alyş ýerine öwrüldi we Çalus ýolunyň meşhurlygyny has-da artdyrdy. Umuman aýdylanda, ýol gurmak agyr dag şertleri we köp bolan suw akymlary sebäpli örän agyr işdi. Tährandan Çalus ýoluna gitmek üçin Hemmät ýolundan baryp, “Tähran–Demirgazyk” awtomagistralyna girmezden öň Çalus ýoluna öwrülmelidir.

Çalus ýolunyň ajaýyp ýerleri

Bu ýol şeýle bir owadan welin, diňe geçip gitmek üçin peýdalanmak bolmaýar! Eýranlylaryň köpüsi Çalus ýolunyň öz owadanlygy üçin bu ugury saýlap, ýol ugrunda birnäçe ýerde dynç alýarlar. Ine, ýol ugrunda ýerleşýän käbir meşhur ýerler:

Emir Käbir (Käräj) bendiniň köli

Käräjiň demirgazygyndan 25 km uzaklykda, Käräj derýasynyň üstünde gurlan bu bent Tähranyň suwy we elektrik energiýasy üçin möhüm çeşme bolup durýar. Bentdäki uly köl hem tebigy gözellik, hem-de balykçylyk üçin amatly ýer bolup hyzmat edýär.

 

Kändowan tuneli

Uzynlygy 886 metr, ini 5–7 metr, beýikligi bolsa 6 metre golaý bolan bu tunel Eýranyň iň meşhur şäherara tunelleriniň biridir. Bu tunel 1935-1938-nji ýyllar (1314-1317-nji hijri şemsi ýyllary) aralygynda gurluşykçylar tarapyndan ýörite enjamlar bolmazdan, el bilen gazylypdyr. Bu tuneliň gurluşygy öň ulanylýan ugruň uzynlygyny 13 km gysgaldypdyr. Tunel gurulmazdan ozal, ýol ýylda bäş aýlap gar we gaýalaryň ýykylyp gaçmagy sebäpli ýapylýardy. Tuneliň gurulmagy örän gymmat düşse-de, ýol hereketini ep-esli gowulandyrdy.

 

Dizin lyža merkezi

Çalus ýoly Dizin lyža merkezine barýan esasy ýoldur. Bu merkez Tährandan 13 km, Käräjden 74 km uzaklykda ýerleşýär.

 

Gäçsär çigildem bagy

Dizin lyža merkeziniň golaýynda ýerleşýän bu bagda dürli görnüşli çigildem gülleri ösýarler we olar her ýylda Ordibeheşt aýynda (aprel aýynyň ortasyndan maý aýynyň ortasyna çenli) gülleýär we örän täsin görnüş döredýär.

 

Çalus ýolunyň başga meşhur ýerleri

Çalus ýolunyň ugrunda restoranlar köp bolup, olarda aş-e reşte, aş-e dug ýaly ýerli tagamlar satylýar. Bu ýolda Tuçal daglaryna golaýlygy sebäpli dagçylar arasynda meşhur bolan Şährestanäk obasy, üzüm, armyt we ülje baglary bilen tanalýan Kändär obasy hem-de Emir Käbir bendine iň ýakyn ýerleşýän we syýahatçylaryň ünsüni çekýän Warýan obasy ýaly birnäçe owadan obalar hem ýerleşýär

Ady Çalus ýoly - Eýranyň demirgazyk welaýatlaryna barýan ajaýyp ýol
Ýurt Eýran
WelaýatMazandaran
ŞäherÇalus
GörnüşiTaryhy,Natural

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: