Saad al - Saltaneh kerwensaraýy, Eýranyň iň uly şäher kerwensaraýy

Saad al - Saltaneh kerwensaraýy, Eýranyň iň uly şäher kerwensaraýy

Saad al - Saltaneh kerwensaraýy, Eýranyň iň uly şäher kerwensaraýy

Eýrandaky kerwensaraýlar söwda kerwenlerine hyzmat etmek üçin, adatça, şäherara gatnaşykdaky ýollarda gurulýardylar. Eýranyň taryhynyň bir döwründe, kerwansaraýlar söwda ýolyny gurmakda we ýollary goramakda möhüm orun eýeläpdirler we eýranly täjirleriň uly peýdalar görmegine sebäp bolupdyr. Elbetde, Eýrandaky hemme kerwensaraýlar gatnaw ýollarynda ýa – da şäherlerden uzaklarda gurulmandyr, eýsem, olaryň käbirlerini şäheriň içinden hem gözlemek bolar. Köplenç bazarlaryň ýanynda gurulýan bu kerwensaraýlar bellibir wagt şol ýerde ýaşamaklary we öz harytlaryny goýmaklary üçin täjirlere ýaşaýyş jaýy hökmünde hyzmat edipdirler. Gäzwiniň "Saad al - Saltaneh kerwensaraýy" Eýranyň Äher kerwensaraýlaryndan bolup, "Sädiýe saraýy", "Saad al - Saltaneh bazary" we "Seýidiýe saraýy" atlary bilen tanalypdyr.

Saad al - Saltaneh kerwensaraýynyň wezipesi we taryhy

Saad al - Saltaneh kerwensaraýynyň gurluşygy Nasreddin şa gajar döwründe başlaýar. Ol 1848 – nji ýyldan 1896 – njy ýyla çenli döwleti dolandyrýar we Eýranyň taryhynda hökümetiň iň uzaga çeken döwürleriniň biriniň eýesi bolýar. Bu binanyň gurluşygy döwründe hökümete baştutanlyk eden "Bagerhana Saad al - Saltaneh" atly adam ony şeýle atlandyrýar. Gäzwin gadymdan bäri gündogar bilen günbataryň  ýolynyň baglaşýan ýeri we Eýranyň Türkiýe we Ýewropa bilen gatnaşyk ýoly hasaplanylýardy. Mundan başga – da, Gäzwin Tährana girýän derweze hasaplanylýardy we syýahatçylar hem – de täjirler paýtagta gitmek üçin şondan geçmegi saýlaýardylar. Şol sebäpden hem Saad al - Saltaneh bu kerwensaraýy söwda gatnaşyklary döretmek maksady bilen Gäzwin bazarynyň ýanynda gurdurdy. Kerwensaraýyň gurluşygy 1892 – nji ýylda başlady we iki ýyldan soň gurlup boldy. Iki sany Yspyhanly we iki sany Gäzwinli binagärler kerwensaraýyň gurluşygynda bile işlediler. II Jahan urşy başlaýança bu bina täjirleriň we syýahatçylaryň dynç alýan ýeri bolup hyzmat edýär, emma uruşdan soň ykdysady ýagdaýyň pese gaçmagy sebäpli Saad al - Saltaneh kerwensaraýynyň hüjreleri önümçilik iş ýerlerine öwrülýär. 1998 – nji ýyla çenli kerwensaraý ýuwaşlyk bilen ýykylyp başlaýar, emma şol ýylda abatlaýyş işleriniň geçirilmegi netijesinde ýene – de täzeden janlanýar.

Saad al - Saltaneh kerwensaraýynyň gurluşygy we aýratynlyklary

Kerwensaraý 2,7 gektar ýerde gurlupdyr we onuň 400 – e golaý hüjreleri bar. Bu aýratynlyklar Saad al - Saltaneh kerwensaraýynyň Eýranyň iň uly şäher kerwensaraýy hasaplanmagyna sebäp boldy. Bina  eýwanly görnüşde gurlandyr. Eýwanlaryň arkalary kerpiç bilen bezelendir we onuň potologynda muukarnaslary (Eýranda arhitekturada bir bezeg) görmek bolýar. Saad al - Saltaneh kerwensaraýynyň esasy girelgesi Gäzwindäki Ymam Homeýni köçesindedir. Bu girelge esasy howla alyp gidýär. Mundan başga – da binada jemi 7 sany howly bar:

1. Saad al - Saltaneh howlysy: bu howlynyň meýdany 3 müň inedördül metr bolup, onuň ýarysyny açyk ýerlar tutýar. Howlynyň 4 tarapynda we ýerden 1 metr beýiklikde bolan platformalaryň üstünde 32 sany hüjre ýerleşýär.

2. Saad al - Saltaneh howlysynyň günbatarynda ýerleşýän Negarsältäneh howlysynda örän uly 2 sany hüjre bilen 2 sany ammar ýerleşýär. Howly günbatarlygyna "Raste Wäzire" tarap gidýär. Bu howlyda ýaşamaga rugsat berilmeýärdi we kerwenler hökmany suratda ýüklerini goýanyndan soňra ol howlyny terk etmelidiler. Negarsältäneh howlysy 1500 inedördül metre golaý meýdany bolup, onuň 244 inedördül metri açyk ýerdir.

3.Gahryman howlysy: bu howlynyň meýdany 1860 inedördül metr bolup, onuň 706 inedördül metri açyk ýerdir. Onuň hüjreleri howly bilen deňdir. Gahryman howlysy daşyna göni çykalgasy bolmadyk ýeke – täk howlydyr.

4.Hyzmat ediş howlysy: bu howluda hüjre gurulan däldir.  

 5.Sädiýeh howlysy: Saad al - Saltaneh howlysynyň günbatarynda ýerleşendir we beýleki howlularyň arasynda iň owadan hasaplanylýar. Howlynyň meýdany 2900 inedördül metrdyr we onda kerpiç we kafel bezegleri göze ilýär.

6.Şotorhan howlysy: bu howlynyň meýdany 4378 inedördül metre ýetýär. Kerwenler şu howludan kerwensaraýa girýärdiler we öz ýüklerini howluda goýýardylar. Howlynyň demirgazygynda "100 sütün" diýlip atlandyrylýan açyk ýer bar. Kerwensaraýyň esasy ýük düşürilýän bölegi hem şol ýeridir.

7.Beheştiýan howlusy: bu howly kerwensaraýyň günbatar-demirgazygynda ýerleşýär we onda iki sany uly zal, iki sany eýwan we sekiz sany hüjre gurlandyr. Mundan başga – da bir suw howdany hem bar.

Kerwensaraýyň iň owadan bölegi üstünde kafel bilen bezelen uly bir gümmez bolan "Çarsugdyr". Sary we pöwrize reňkdäki reňbe – reň kafellar "Çarsuga" wasp edip bolmajak owadanlyk berendir. Bu "Çarsug" köçäni esasy (Seýitsältäneh) howla birikdirýär. Gümmeziň dört tarapynda binanyň bezegini has kämilleşdirmek üçin dört sany ýarym gümmez hem gurlandyr. Binanyň gurluşygynyň tamamlanan wagtyny we binagärleriň atlary ýazylan üç sany hat hem bar.

1800 inedördül metr meýdany tutýan Räzäwi hammamy hem kerwensaraýyň ýene bir bölegidir. Bu hammam hiç bir kynçylyksyz Eýranyň milli sanawyna girizildi. Sädiýe howlysynyň güdogar-demirgazygynda ýerleşýän Sädiýeh hammamy we kerwensaraýyň günbatarynda ýerleşýän 2000 inedördül metre golaý ýerzeminli Raste Wäzir onuň beýleki bölekleri hasaplanylýar. Raste Wäzirde 44 sany dükan ýerleşýär. Saad al - Saltaneh kerwensaraýynda diňe bir ýerli harytlar bilen üpjün edilen dükanlar bolman, eýsem syýahatçylara hödür – kerem etmek üçin kafe - restoranlar hem bar. Bu binada Şanama, rowaýat we etnografiýa muzeýleri we doktor Salehiniň muzeýi ýaly birnäçe muzeýler hem bar.  
Saad al - Saltaneh kerwensaraýynyň milli we halkara hasaba alynmagy

1937 – nji ýylda Saad al - Saltaneh kerwensaraýy Gäzwin bazarynyň bir şahamçasy hökmünde hasaba alyndy. Binanyň işinde üýtgeşmeler girizilenden soň, täzeden 1998 – nji ýylda "Saad al - Saltaneh kerwensaraýy" ady bilen Eýranyň milli eserleriniň sanawyna girizildi. Saad al - Saltaneh kerwensaraýy Eýranyň 2023 – nji ýylda ÝUNESKO – nyň bütindünýä sanawyna girizilen 54 sany muzeýiniň biridir.

Ady Saad al - Saltaneh kerwensaraýy, Eýranyň iň uly şäher kerwensaraýy
Ýurt Eýran
WelaýatKazwin
ŞäherKazwin
GörnüşiTaryhy
RegistrationUnesco,Milli

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: