Buşähr - Eýranyň möhüm we taryhy porty
Pars aýlagy häzirki wagtda dünýäniň iň möhüm nebit we gaz öndürilýän hem-de eksport edilýän sebitlerinden biridir. Bu owadan aýlag öňki döwürlerden bäri Eýranyň söwda we ykdysadyýeti üçin aýratyn orun eýeläpdir. Gadymy döwürlerden başlap, onuň kenarlarynda portlar döredilipdir. Buşähr hem şol portlaryň biridir we häzirki wagtda Eýranyň iň uly kenarýaka şäherleriniň hataryna girýär.
Buşähriň ilaty, ykdysadyýeti we geografik ýagdaýy
Buşähr şäheri şekil taýdan bir ýarymada meňzeýär. Şäherde 220 müňden gowrak ilat ýaşaýar we ol Buşähr welaýatynyň merkezidir. Bu welaýat demirgazykdan, günbatardan we günortadan Pars aýlagy bilen çäklenýär. Balykçylyk, gämi gurluşygy we söwda welaýatda iň esasy kärleriň hataryna girýär. Buşähriň strategik ähmiýetini artdyrýan esasy faktorlaryň biri hem Günorta we Demirgazyk Pars gaz ýataklarynyň bu ýerde ýerleşýändigidir. Mundan başga-da welaýatda atom elektrik stansiýasy gurlandyr. Şonuň üçin bu welaýaty “Eýranyň energiýa paýtagty” diýip atlandyrýarlar. Buşährde iki sany aýratyn ykdysady zolak bar: Buşähr portunyň aýratyn ykdysady zolagy we Pars energiýa zolagy. Şäher deňiz derejesinden 18 metre golaý beýiklikde ýerleşýär. Buşähr ýyly we ýarym çöl klimaty bilen tanalýar. Hemişe nemli we ýyly howanyň bolmagy ýylyň dowamynda gyzgynlygyň örän ýokarlanmagy ýa-da peselmegi seýrek bolýar. Şäheriň ykdysady ähmiýeti onuň infrastrukturasynyň hem ösmegine getirdi. Buşähr halkara howa menzili Eýranyň iň gadymy üç aeroportynyň biridir. Ol 1919-njy ýylda (1298-nji hijri-şemsi ýylynda) gurlup, Pars aýlagynyň kenarýaka ýurtlaryna yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Tährandan Buşähre uçuş takmynan 90 minut dowam edýär. Buşähr portunda häzirki wagtda jemi 1100 metre golaý uzynlygy bolan ýedi gämi duralgasy bar. Bu duralgalarda dürli görnüşli söwda, dynç alyş we ýolagçy gämileri kabul edilýär. Port 15 müň tonna çenli agramly gämileri kabul edip bilýär we ýylda 3 million tonnadan gowrak harydy geçirýär. Portuň “Walfäjr” duralgasy ýörite ýolagçy gatnawy üçin niýetlenendir.
Buşähriň taryhy
Buşähriň taryhy 5000 ýyl diýip çaklanylýar. Şol döwürleriň hemmesinde hem Buşähr möhüm we strategik şäher bolup galypdyr. Arheologik gazuw-agtaryşlarda tapylan iň gadymy galalar Elam döwletiniň döwrüne (b.e. öňki III müňýyllyk) degişlidir. Şeýle-de, şäheriň Ärdäşir Babäkan döwründe (b.e. 224-242 ýý.) giňeldilendigi aýdylýar. Şonuň üçin käbir taryhy çeşmelerde Buşähr “Ram-e Ärdäşir” ýa-da “Boht-e Ärdäşir” ady bilen hem ýatlanýar. Häzirki zaman Buşähriň esaslandyrylmagy bolsa 1735-nji ýyla (1114-nji hijri şemsi ýylyna) degişli hasaplanýar. Şol döwürde şähere al-Mazkur maşgalasyndan bolan Abu Mähiri ýolbaşçylyk edipdir. Gajarlar döwründe (XIX asyr) Buşähr Eýranyň iň möhüm porty bolupdyr. Şol döwürde bu ýerde 20 ýurduň konsullygy bolan diýip aýdylýar.
Buşähriň medeniýeti we taryhy ýerleri
Buşähriň gadymy taryhy onuň baý medeni mirasynyň hem-de köp sanly meşhur ýerleriniň döremegine sebäp bolupdyr. Buşähr Eýranda ilkinji bolup daş tipografiýasy, elektrik senagaty, buz ýasamak we telegraf ulgamy girizilen şäherleriň biridir. Buşähriň taryhy we medeni desgalarynyň arasynda şäheriň iň gadymy etraby bolan Riýşehr, Gowwam suw ambarlaryndan Mälek taryhy öýleri we köşkleri, Golşän, Kuti, Gazi, Amiriýe we Dähdäşti ýaly taryhy kwartallary, Saadat mekdebi, taryhy bazar, Kolah-Färängi köşgi bar. Buşähriň milli miras hökmünde hasaba alnan taryhy gurluşygy Owşarlaryň döwrüne degişli bolup, şäheriň demirgazygynda ýerleşýär. Duzly gümmez, Siraf, Gyz we Şogab aramgähleri, Bärazjan we Hurmuj galalary, ermeni ybadathanasy, “Dört öý” gowagy we Jefre duralgasy bu sebitde ýerleşýän ajaýyp ýerlerdir.
Şäherde birnäçe muzeý hem bar bolup, olaryň iň ulusy Pars aýlagy sebitiniň muzeýidir. Bu muzeý Günorta Eýranyň iň uly muzeýi hasaplanýar. Meýdany 2500 inedördül metre barabar bolan Räisäli Delwari muzeýinde Buşähriň taryhy we britanlaryň bu şäherdäki basybalyjylygynyň resminamalary barada maglumatlar görkezilýär. Pars aýlagynyň deňiz ýolagçylygy muzeýinde bolsa gämiler, deňiz kartalary, enjamlary we deňiz senagaty bilen baglanyşykly maglumatlar görkezilýär. Buşähriň kenarlarynda köp sanly dynç alyş we hyzmat ediş nokatlary bar. Pars aýlagynyň owadan görnüşlerini synlamak üçin şäheriň kenarýaka kafeleri iň amatly ýerler hasaplanýar.
| Ady | Buşähr - Eýranyň möhüm we taryhy porty |
| Ýurt | Eýran |
| Welaýat | Bushehr |
| Şäher | Bushehr |
| Görnüşi | Taryhy,Natural |


Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: