“Manyly mesnewiler” - “Mesnewi Manawi”
“Manyly mesnewiler” (“Mesnewi Manawi”) - Jelaleddin Muhammet Balhy Rumy (Möwlana) tarapyndan ýazylan mistiki poemadyr. Bu eser takmynan 26 000 beýtden ybarat bolup, özboluşly öwüt-nesihat üçin ulanylýan poeziýa stilinde ýazylan. Ol özara gürrüňleriň ýazgysyna çalymdaş dürli tymsallardan, hekaýalardan düzülen. Hekaýalaryň ahyrynda bolsa akyldar şahyr ondan paýhasly many çykarýar.
Möwlana hijri-şemsi senenamasy boýunça takmynan 640-650-nji ýyllarda (milady ýyl hasaby boýunça 1262-1272-nji ýyllar) okuwçysy Hisamiddin Çelebiniň haýyşy boýunça şygyrlar diwanyny döretmäge girişýär. Ilkibaşda bu diwan 18 beýtden ybaratdy. Bu eseri ýazmak işi Hisamiddiniň aýaly we Jelaleddin Ruminiň ogly Alauddin Muhammediň ölümi bilen togtadyldy, iki ýyldan soň şahyr diwanyny ýazmagy dowam etdirdi.
Ferdöwsiniň “Şanamasy” gadymy eýran halkynyň eposy bolsa, Ruminiň “Mesnewisi” Yslamdan soňky Eýranyň eposy diýip atlandyryp bolar.
Ruminiň bu eserde ulanan stili we kyssalaryň beýan ediş usuly “Kalila we Dimna” eseriniň we “Müň bir gije” ertekileriň stiline ýakyndyr.
Bu kitap dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Reýnold Nikolson “Mesnewiniň” hemmesini iňlis diline terjime etdi. Jelaleddin Ruminiň “Mesnewisine” köp sanly teswir ýazyldy, şol sanda Abdylbaky Golpynarlynyň türk dilinde we Badialzaman Foruzanfaryň pars dilinde ýazan teswirlerini agzap bolar.
Ady | “Manyly mesnewiler” - “Mesnewi Manawi” |
Ýurt | Eýran |
Awtor | Möwlana |
Önümçilik wagty | Möwlana hijri-şemsi senenamasy boýunça takmynan 640-650-nji ýyllarda (milady ýyl hasaby boýunça 1262-1272-nji ýyllar) |
Template | Organized |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: