Yslamdan soňky döwürde Eýran  edebiýaty  (proza)

Yslamdan soňky döwürde Eýran edebiýaty (proza)

Yslamdan soňky döwürde Eýran edebiýaty (proza)

Yslamdan soň resmi pars prozasy ilkibaşdaky  görnüşinden aýrylyp, Samaniler döwründe “pars-däri”  görnüşe  öwrüldi. Bu döwürden galan  ilkinji proza ​​teksti  Abu Mansuriniň  “Şanama” atly esere ýazan sözbaşydyr. Bu eser Abu Mansur Muhammet ibn Abd al-Razzagyň buýrugy bilen  Horasanyň  we Mawerennahryň taryhçylarynyň  topary  tarapyndan  Yslamdan öňki  Eýranyň taryhy we  epiki  taryhy barada düzüldi.

Pars prozasyny,  ilkinji proza ​​tekstlerinden başlap şu güne çenli dürli mowzuklar boýunça  seljerip  bolar:

1. Milli we gahrymançylykly  mowzukly eserler: mysal üçin Abolmoýed Balhiniň  “Şanama”  eseri  we Abu Taher Tarsusiniň / Tartusiniň “Darabname” eseri.

2. Romanlar:  iň gadymy pars romany “Müň bir gije” diýlip atlandyrylýar we ilki pählawiden arap diline, soňra bolsa arap dilinden pars diline terjime edildi. “Samak-e  Aýar”  -  Faramarz ibn Hodadad tarapyndan düzülen başga bir gadymy pars romanydyr.

3. Ertekiler we hekaýalar: “Kalila we Dimna” eseri.

4. Sopy şyhlar we  şahyrlar  hakda gürrüň berýän kitaplar: sopy şyhlar  hakda - Attar Nişapuriniň  “Tazkerat al-Awliýa” eseri  we  Abdyrahman Jamynyň “Nafhat Al-Ans” eseri, şahyrlar hakda - Muhammet Oufiniň “Tazkerat Labab al-Albab” eseri.

5. Taryhy hronika:  Pars edebiýatynda taryhyň ýazgysy “Şanamalardan”   başlandy. Mysal üçin, “Halklaryň we patyşalaryň taryhy” ýa-da “Tarih-e Balami”   (Balaminiň taryhy) atly eseri,  Ibn Jarir Tabariniň bu eseri Abu Ali Muhammet Balami tarapyndan arap dilinden pars diline terjime edilipdir.  “Raşid ad-Din Fazlullah Hamedaniniň giňişleýin taryhy”  ýa-da “Tarih-e Beýhaki” (Beýhakiniň taryhy)  atly eseri.

6. Dini mowzuklar: bu mowzuk boýunça iň gadymy eserleriň biri - Muhammet ibn Jarir Tabariniň “Tabariniň  Tafsiri” atly eseriň pars dilindäki terjimesidir. Bu eser Samaniler döwründe Mawerannahryň alymlary tarapyndan taýýarlandy. Dini düşündirişli beýleki eserleriň arasynda Meýbadiniň “Kaşf Al-Asrar”  we Nasyr Hosrow Kubadiýaniniň  “Zad Al-mosaferin”  eserlerini ýatlap bolar.

7. Syýasat, ahlak we paýhas mowzuklary: Ibn Sinanyň  “Zafarname” eseri,  Keý Kawusyň “Kabusnama” eseri, Nyzam-ul-Mülk tarapyndan ýazylan “Syýasatnama”,  Ymam Muhammet Gazaliniň “Nasihe-Al-Muluk” eseri we   Nasreddin  Tusiniň  “Ahlaklylyk boýunça öwüt-nesihat” eseri.

8. Edebi we ritoriki eserler: şeýle görnüşindäki tekstler Muhammet ibn Omar Radwianiniň  “Tarjoman Al-Balage”  atly eseri bilen başlaýar we soňra Raşyt Watwat tarapyndan “Hadaýeg  al-Sahra” atly eseri  bilen dowam etdirilýär.

9. Satira we tankyt:  geçen döwrüň iň meşhur satirik ýazyjylarynyň biri Obeýd Zakani. Ol  "Ahlak al-Aşraf"  eseri bilen meşhurlyk gazandy. Gajarlar  döwründe  Kaany  “Perişan”  atly  kitabynda tankydy mowzuklary satirik usuly bilen beýan etdi. Emma satira edebiýaty  konstitusion rewolýusiýa döwründe gazet žurnalistika stiliniň  ýaýbaňlanmagy  bilen  kämillik derejesine ýetdi.

Ady Yslamdan soňky döwürde Eýran edebiýaty (proza)
Ýurt Eýran
TemplateProza

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: