Ferdöwsiniň  “Şanamasy”

Ferdöwsiniň “Şanamasy”

Ferdöwsiniň “Şanamasy”

Bu kitapda  Kaýumars  döwründen başlap  tä  Ýezdigert Sasany üçünjiniň hökümdarlygynyň ahyryna çenli (milady ýyl hasaby boýunça 632-651-nji ýyllar) Eýranyň mifologiki, gahrymançylykly we taryhy rowaýatlary  jemlenen.

Ferdöwsi hijri-şemsi senenamasy boýunça 319-njy ýylda eneden bolupdyr we  404-nji  ýylda aradan çykypdyr (milady ýyl hasaby boýunça  940-1025-nji ýyl). Ferdöwsi takmynan 359-njy ýylda  Abu Mansuriniň “Şanamasynyň” (336-njy ýylda düzülen) nusgasyny aldy we üstünde işläp başlady.  373-nji ýylda (994-nji ý.) Şanamanyň  birinji wersiýasyny tamamlapdyr we 390-njy ýylda (1010-njy ý.)  iň soňky dördünji  wersiýasyny düzdi.  

Ferdöwsi bu eseri  Soltan Mahmyt Gaznawynyň  weziri    Abu al-Abbas Fazl ibn Ahmad Esfaraýeniniň üsti bilen  Soltana hödürländigi  barada aýdylýar, ýöne özüne laýyk sylag almansoň, ony masgaralap, Gaznadan  Horasana ugraýar. Abu Mansuriniň “Şanama” eserinden başga-da Awesta, Bandehşan ýaly eserler  “Şanamanyň” çeşmeleri bolup durýar.

“Şanama” pars diliniň sözleriniň we sözleýiş sungatynyň hazynasy hasaplanýar, onuň  aňlatmalary  ýönekeý we düşnüklidir. Ferdöwsiniň “Şanama”  eserini üç döwre bölmek bolar: 1-nii bölegi mifiki patyşalaryň ömür beýanydyr. Bular Kaýumars, Huşang, Tehmuras, Jemşit,  Zahhak, ýagny Feridunyň gelmezinden ozalky döwür.  2-nji  bölegi  gahrymançylyk döwri diýip atlandyrylýar, ýagny  Kaweniň gozgalaňyndan Rüstemiň öldürilmegine we Esfandiaryň ogly Bahmanyň hökümdarlygy.  3-nji bölek taryhy bölek bolup, onda   Isgenderden başlap  Yslam dinine çenli taryhy döwür beýan edilýär.

Pars edebiýatynyň iň ýokary medeni gymmatlyklarynyň  biri bolan bu  eser dünýä edebiýatynyň ajaýyp eserleriniň arasynda berk we ajaýyp orny eýeleýär. Başga sözler bilen aýdylanda, Ferdöwsi Eýran halkynyň beýik mertebesiniň jarçysydyr, “Şanama”  bolsa Eýranyň taryhynyň  we Eýran halkynyň milli  buýsanjynyň iň abraýly resminamasy we subutnamasydyr. 

“Şanamanyň” iň ýaýran dört wersiýasy  degişlilikde 48,000 we 61,000 beýtden   ybarat.

“Şanamyň”  beýleki dillere meşhur terjimelerden şu aşakdakylary agzap bolar: Bendari Yspyhaniniň   arap diline terjimesi, Fridrih fon Şokyň  nemes diline we Žýul Molliniň  fransuz diline terjimeleridir.  Karl German  Ette, Teodor Noldeke we Nikolas Trubner Ferdöwsi we onuň  “Şanamasy”  barada  gymmatly ylmy gözlegleri  geçirdiler.

 

Ady Ferdöwsiniň “Şanamasy”
Ýurt Eýran
AwtorFerdöwsiniň
Önümçilik wagty

(milady ýyl hasaby boýunça 632-651-nji ýyllar)

TemplateOrganized

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: