Edebiýat/ Golestan

Edebiýat/ Golestan

Edebiýat/ Golestan

“Golestan”, miladydan öňki 636-njy ýylda / 1258-nji m.ýylda Saadi tarapyndan ýazylan pars dilindäki ritmiki edebi kyssanyň mysalydyr.

Saadi, gyzykly hekaýalar görnüşindäki ahlak, jemgyýetçilik we dini mazmuny öz içine alýan “Golestan” eserini, patyşalaryň terjimehaly, derwişleriň ahlagy, kanagatlylygyň we  dymmagyň artykmaçlygy, söýginiň we ýaşlygyň, ejizlik we garrylyk, bilimiň we gürlemek edebiniň  täsiri barada girişden we sekiz bapdan ybarat görnüşinde  ýazdy. Ol bu eseri şazada Saad bin Abu Bakr bin Saad Zanga (Fars Atabegler dinastiýasynyň iň görnükli hökümdary) sowgat edipdir.

“Golestanyň” kyssaasy garyşyk görnüşde ýazylyp we emeli we ýönekeý bölekleri öz içine alýar. Bu, Saadiniň sada kyssaasyny  ussatlyk bilen ýazyp, zerur hasaplaýan ýerinde mylaýym sözleri hem goşandygyny aňladýar. Emma “Golestany” ritmiki kyssanyň bir görnüşi hasaplamaly. Şeýle-de bolsa, bu kitapda Saadi arap dilini garyşdyrmakdan saklanypdyr.   Onuň“Golestany”, pars dilinde gürleýänleriň stiline doly uýgunlaşypdyr bul bolsa VII asyrda Saadi tarapyndan döredilen ajaýyp täzelik bolupdyr.

Goşgy goşmagyň hili taýdan “Golestan”, bu döwrüň beýleki emeli kyssa ​​eserleri bilen deňeşdirilende tapawutly we aýratyn usuly bar. Soňra birnäçe ýazyjy şol sanda Moin Aladin Jowini “Nagaristan” eserinde, Jami “Baharestan ” eserinde, Kaani “ Parişan” eserinde  we Kaim Makam Farahani öz eserlerinde onuň öýkünmesi ýazypdyrlar. Köp ýazyjylar bu barada arap, türk we pars dillerinde hem teswir ýazypdyrlar.

Saadiniň “Golestan” eseriniň iň gadymy terjimesi 1634-nji nilady ýylynda Parižde  çap   we neşir edilen Andre du Rýeriň terjimesine degişlidir.

Fransuz gündogary öwreniji alymy Henri Massé öz kitabynda “Golestanyň” latyn, fransuz, iňlis, nemes, rus, arap, türk we beýleki dillerde 55 terjimesini hödürledi.

 

 

Ady Edebiýat/ Golestan
Ýurt Eýran
AwtorSaadi
Önümçilik wagty

“Golestan”, miladydan öňki 636-njy ýylda / 1258-nji m.ýylda Saadi tarapyndan ýazylan pars dilindäki ritmiki edebi kyssanyň mysalydyr.

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: